Maryda karantin çäklendirmeleri sebäpli ýapylan welaýatyň Merkezi bazarynyň, şäheriň ‘Gök bazarynyň’, şeýle-de ‘Ak bazarynyň’ söwdagärleri üýşüp häkimlige bildiren arz-şikaýatlaryndan soňra, söwda nokatlarynyň gaýtadan açylmagyny gazandylar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary maglumat berýärler.
Ýatlatsak, koronawirusyň ýeke ýagdaýy hem resmi taýdan hasaba alynmadyk Türkmenistanda COVID-19 bilen bagly girizilen çäklendirmeleriň arasynda, sebitlerdäki esasy bazarlar hem ýapylypdy. Şol bir wagtda, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan söwdagärler häkimiýetleriň muny birtaraplaýyn görnüşde amala aşyrandyklaryny, telekeçileriň çekjek zyýanynyň öwezini dolmak boýunça hiç hili goldaw çärelerini görmändiklerini hem belläpdiler.
Munuň netijesinde, köp sanly telekeçi aýlanyş pullaryndan mahrum galyp, bankroda duçar boldy, ýagny olaryň söwdasy syndy.
Degişli maglumat Oba dükanyna gijikdirilen, 'gurçukly' un geldi, Aşgabatda sygyr we goýun etini 'garyp' satýarlar“Bazarlaryň ýapyk saklanan döwri söwdagärleriň köpüsi girdeji çeşmesinden mahrum bolup, häzir 2 müň – 3 müň manat aralygyndaky arenda tölegini töläp bilmän, söwda nokatlaryny taşlamaga mejbur boldular. Mundan başga-da, telekeçileriň käbiri daşary ýurtlara ýollaryň açyljakdygyna umyt bildirip, töwekgelçilik edip, şahsy adamlardan, banklardan kredit alyp, uly bergä girdiler. Tekeçiler bergilerini wagtynda töläp bilmedik söwdagärleriň käbiriniň alaçsyzlykdan öz janyna kast edendigini hem gürrüň berýärler” diýip, Azatlygyň habarçysy 16-njy oktýabrda maglumat berdi.
Türkmenistanyň dünýäniň iň bir ýapyk ýurdy bolmak bilen bir hatarda ýurtda maglumat elýeterliliginiň hem berk çäklendirilýändigi sebäpli, telekeçileriň öz janyna kast edendigi baradaky ýagdaýlary häzirlikçe beýleki garaşsyz çeşmelere tassyklatmak başartmady.
Bu ýagdaýlaryň fonunda, mundan birnäçe gün öň maryly söwdagärler üýşüp welaýat häkimligine barýarlar we arz-şikaýatlaryny bildirip, bazarlaryň gaýtadan açylmagyny talap edýärler.
“Netijede, 14-nji oktýabrda bazarlaryň ýaňadandan açylmagyna rugsat berildi. Ýöne bazarlaryň merkezi derwezeleri ýapyk saklanýar. Diňe arka tarapdaky gapylary açdylar. Satyjylar eýýäm harytlaryny ýerleşdirip başladylar. Emma telekeçileriň köpüsiniň işiniň synandygy sebäpli, dükanlaryň aglabasy açylman, tozap dur. Häkimiýetler bazarlaryň anyk haýsy möhlete çenli açyk saklanjakdygy barada hiç zat aýtmandyrlar” diýip, ýerli bazarlara aýlanyp gören habarçymyz gürrüň berdi.
Degişli maglumat Türkmenabatlylar polisiýa garşylyk bildirip, emeli söwda nokadyny saklap galdylarŞeýle-de, Azatlygyň habarçysy ýurtdaky dowam edýän ýiti ykdysady kynçylygyň we maliýe ýetmezçiliginiň arasynda, açylan bazarlara gelýän alyjylaryň sanynyň hem juda azdygyny belleýär.
Azatlyk Radiosy ýokarda beýan edilen ýagdaýlar we bazarlaryň geljekki ykbaly barada, edilen ençeme synanyşyklara garamazdan, Marynyň welaýat we şäher häkimliklerinden hiç hili maglumat alyp bilmedi. Ýurduň döwlet mediasynda hem bular barada hiç zat aýdylmaýar.
Galyberse-de, şu aýyň dowamynda Lebabyň administratiw merkezi Türkmenabatda we Marynyň Baýramly şäherinde söwdagärler bazar administrasiýasyna we polisiýa işgärlerlerine garşylyk bildirip, söwda nokatlarynyň ýapylmazlygyny gazanmagy başarypdylar.
Degişli maglumat COVID-19 we Türkmenistan: Bazar söwdagärleri çäklendirmeler döwründe nädip gün görýärler?Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.