“Merkezdäki bir otaglyk jaýy [bir guty çilime] çalyşýaryn”

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanda ençeme aýlap dowam eden çilim gytçylygyndan soň, çarşenbe güni, ýagny 14-nji oktýabrda ýurduň dürli künjeklerindäki döwlet dükanlarynda temmäki önümleri gaýtadan satuwa çykaryldy. Çilimiň bahasynyň adatdakysyndan has ýokary bolmagyna hem garamazdan, dükanlaryň öňünde uly nobatlar döräp, adamlaryň arasynda dawa-jenjeller hem ýüze çykdy.