COVID-19 Internet azatlygyny basyp ýatyrmak üçin 'gowy bahana' bolýar

Rus protestçileri. Moskwa, 10-njy mart, 2019.

2019-njy ýylyň iýun aýyndan 2020-nji ýylyň maý aýyna çenli geçirilen gözegçilik döwründe Mýanma, Gyrgyzystan, Hindistan, Ekwador we Nigeriýa ýaly ýurtlarda iň uly pese gaçyş hasaba alyndy, ABŞ-da bolsa internet azatlygynyň derejesi yzly-yzyna dördünji ýyl pese gaçdy.

"Freedom House" guramasynyň täze hasabatynda internet azatlygynyň derejesiniň tapgyr 10 ýyl bäri pese gaçýandygy aýdylýar. Şeýle-de, täze hasabatyň tassyklamagyna görä, dünýäniň çar künjegindäki hökümetler koronawirus pandemiýasyny onlaýn gözegçiligini giňeltmek, başgaça pikirlenýänlere garşy göreşmek we jemgyýeti tabynlykda saklamak üçin täze tehnologiki ulgamlary gurmak işinde "ýapynja" hökmünde ulanýarlar.

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän adam hukuklary guramasynyň 14-nji oktýabrda çap eden ýyllyk "Internet azatlygy" hasabatynda onlarça ýurduň häkimiýetleriniň giňeldilen gözegçilik ygtyýarlyklaryny we bir wagtlar aşa içesümer hasaplanan täze tehnologiýalaryň ornaşdyrmagyny tasa getirmek üçin COVID-19-y bahana edinendigi aýdylýar.

Degişli maglumat Türkmenistan VPN-i bloklaýar, ygtybarly internete bolan isleg artýar

Şeýlelikde, hasabata giren 65 ýurduň 26-synda internet azatlygy ýaramazlaşdy, diňe 22 ýurtda gowulaşma göründi.

Demokratiýa gözleg toparynyň maglumatyna görä, interneti ulanýan takmynan 3,8 milliard adamyň diňe 20 göterimi erkin internetli ýurtlarda ýaşaýar.

2019-njy ýylyň iýun aýyndan 2020-nji ýylyň maý aýyna çenli geçirilen gözegçilik döwründe Mýanma, Gyrgyzystan, Hindistan, Ekwador we Nigeriýa ýaly ýurtlarda iň uly pese gaçyş hasaba alyndy, ABŞ-da bolsa internet azatlygynyň derejesi yzly-yzyna dördünji ýyl pese gaçdy.

"Pandemiýa internet azatlygynyň barha we barha peselýän döwründe jemgyýetiň sanly tehnologiýalara has kän garaşlylygyny çaltlaşdyrýar" diýip, "Azatlyk öýi" guramasynyň prezidenti Maýkl Abramowitz aýtdy.

Şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi we kanunyň hökmürowanlygy üçin ýeterlik kepillikler bolmasa, bu tehnologiýalar ap-aňsat ýerden syýasy repressiýalaryň guralyna öwrülip biler" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

65 ýurdy öz içine alan hasabat internet azatlygynyň derejesine, girişdäki päsgelçiliklere, mazmuna girizilýän çäklendirmelere we ulanyjy hukuklarynyň bozulmagyna degişli 21 görkezijä esaslanýar.

Barlag netijesinde, her bir ýurt 100-den 0-a çenli san balyny alýar, bu "erkin", "bölekleýin erkin" ýa-da "erkin däl" internet-erkinlik statusy üçin esas bolup hyzmat edýär.

Degişli maglumat Okuw jaýlarynda distansiýaly sapak: leksiýalar poçta bilen iberilýär, Internetiň tizligi pes

Hytaý tapgyr alty ýylda iň ýaramaz dereje alan ýurt boldy.

Hasabatda häkimiýetleriň "pes we ýokary tehnologiýaly gurallary diňe bir koronawirusyň ýaýramagyna gözegçilik üçin däl-de, eýsem internet ulanyjylarynyň garaşsyz çeşmelerden maglumat paýlaşmagynyň we resmi syýasata garşy çykmagynyň garşysyna hem ulanandyklary" aýdylýar.

Bu ýagdaýlar hytaý görnüşindäki "sanly awtoritarizmiň" global derejedäki ösüş tendensiýasyny we her hökümetiň öz düzgünlerini girizmegi sebäpli internetiň "böleklere bölünýändigini" görkezýär.

Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Russiýa, Özbegistan, Pakistan we Eýran hem "erkin däl" ýurtlaryň sanawyna girizildi.

"Freedom House" guramasynyň maglumatyna görä, rus häkimiýetleri onlaýn ulanyjylary internet işjeňlikleri üçin yzarlamagy dowam etdirdiler we gizlin aragatnaşyklary çäklendirmek üçin kodlanan e-poçta hyzmatlarynyň birnäçesini petiklediler.

Eýran hökümeti bolsa, 2019-njy ýylyň noýabr aýynda tutuş ýurdy gaplap alan protestlerden soň, interneti tasdan tutuşlygyna ýapmagy buýurdy diýip, hasabatda aýdylýar.

Häkimiýetler internet infrastrukturasyna edýän gözegçilikleriniň kömegi bilen onlaýn žurnalistlerini, aktiwistleri we raýatlary onlaýnda beýan edilen pikirleri üçin tussag etmek we jogapkärçilige çekmek, garaşsyz habar saýtlaryna, sosial media we aragatnaşyk platformalaryna girişi petiklemek, dartgynly syýasy wakalar wagtynda internete girmegi bökdemek ýaly çäreleri dowam etdirdiler.

"Bölekleýin erkin" diýlip yglan edilen Gyrgyzystanda öňki prezident Almazbek Atambaýewiň zor bilen tussag edilmegi internetiň ýerli ýagdaýda ýapylmagyna sebäp boldy we Gyrgyzystanyň birnäçe žurnalistine ýokary derejeli korrupsiýa derňewi sebäpli "haýbat atyldy ýa-da hüjüm edildi".

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň häkimiýetleri ulanyjylary sosial-media platformalarynda alyp barýan işleri, şol sanda ýigrenji öjükdirmek ýaly "toslama" aýyplamalar esasynda yzarlamagy dowam etdirdiler.