Türkmenistan koronawirus pandemiýasy sebäpli Ýewropa Bileleşiginde galan raýatlarynyň ýene bir tapgyryny yzyna gaýtardy diýip, türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan turkmenportal neşiri habar berdi.
Maglumata görä, 12-nji oktýabrda ir bilen uçar Türkmenabadyň aeroportyna gonupdyr. Türkmenistana gaýtarlan raýatlaryň sany barada maglumat berilmeýär.
Bu adamlaryň 2 hepde möhlet bilen hökmany karantin zonasynda saklanjakdygy hem aýdylýar.
Türkmen hökümeti pandemiýanyň ilki ýaýrap başlan döwri daşary ýurtlarda galan raýatlaryny bada-bat yzyna gaýtarmak, olary goldamak üçin ýeterlik çäre görmändigi, şeýle-de ýurtdaky COVID-19 ýagdaýlarynyň asyl gerimi barada maglumat bermeýändigi üçin tankytlanýar. Ýurtda koronawirusyň ýeke ýagdaýy hem resmi taýdan hasaba alynmady.