Täjigistanly saýlawçylar ses berýär, awtokrat lider Rahmon dolandyryş möhletini uzaldýar

Emomali Rahmon ses berýär. 11-nji oktýabr, 2020

Täjigistanda saýlawçylar 11-nji oktýabrda geçirilýän prezident saýlawynda ses berýärler, awtoritar prezident Emomali Rahmonyň Merkezi Aziýanyň garyp ýurdundaky dolandyryşyny ýene bir ýedi ýyl uzaltmagyna garaşylýar.

Resmiler hasaba alnan saýlawçylaryň 20 prosentden gowragynyň saýlaw uçastoklary açylandan soň ilkinji üç sagatda ses berendiklerini aýtdylar.

1992-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda bolan Rahmon dört gezek geçirilen prezident saýlawlarynda yzly-yzyna ýeňiş gazandy, olaryň hiç biri-de günbatar gözegçileri tarapyndan erkin ýa-da adalatly hasaplanmady.

Rahmon häkimiýet başynda Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkadan hem uzak saklanan ýeke-täk post-sowet awtokraty bolup durýar.

Saýlaw, COVID-19 pandemiýasy bilen baglylykda, Täjigistanyň ykdysady kynçylyklarynyň has agralan wagtynda geçirilýär. Pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli ýüzlerçe müň migrant işçi ýurt içinde tapylmaýan iş, gazanç şertlerini tapmak üçin Russiýa gidip bilmeýär we ýerli ykdysadyýeti güýçlendirmek üçin zerur pul geçirilmän galýar.

68 ýaşly Rahmon ýurduň “jübi” parlamentinde hökümete tarapdar partiýalara wekilçilik edýän we gaty tanalmaýan dört dalaşgär bilen bäsleşýär.

Olara ses berişlige bäsdeşlik görnüşini bermek üçin tapylan fasad hökmünde garalýar.

Bu saýlaw Rahmonyň iň täsirli syýasy bäsdeşi, Yslam Galkynyş partiýasy bikanun diýlip yglan edileli bäri geçirilýän ilkinji bäsleşik bolar.

Ýokary sud YGP-ny 2015-nji ýylda "terrorçy" gurama hökmünde gadagan etdi. Partiýanyň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň köpüsi tussag edildi, beýlekileri basyş ýatyryşlar wagtynda ýurtdan gaçdy.