Owganystan, Türkmenistan we ABŞ üç taraply duşuşyk geçirip, hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy

Maslahata ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisiniň orunbasary Deýwid Heýl, Owganystanyň daşary işler ministri Muhammet Hanef Atmar we Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow dagy ýolbaşçylyk etdi.

Owganystan, Türkmenistan we Birleşen Ştatlar üç taraply duşuşyk geçirdi diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamenti 9-njy oktýabrda habar berdi. Bu habar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda hem iňlis dilinde çap edildi.

Resmi maglumata görä, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň hökümetleriniň wekilleri 2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda üç taraplaýyn wideomaslahat geçirdi.

Maslahata ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisiniň orunbasary Deýwid Heýl, Owganystanyň daşary işler ministri Muhammet Hanef Atmar we Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow dagy ýolbaşçylyk etdi.

Wideomaslahata gatnaşanlar özara alada döredýän syýasy, howpsuzlyk we ykdysady meseleler boýunça üç taraplaýyn maslahatyň möhüm bolmagynda galýandygyny ýene bir gezek tassyklap, sebitdäki howpsuzlygy, ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin bilelikde has giň hyzmatdaşlygyň gurulmagyna ygrarly bolmaga, regionyň ýurtlaryny we halkara jemgyýetçiligini Owganystandaky parahatçylyk gepleşiklerine goldaw bermäge çagyrýan beýanat çap etdiler.

Onda, durnukly parahatçylyk üçin zerur şert hökmünde, owganlaryň soňky 19 ýylda jemgyýeti demokratiýalaşdyrmakda we adam hukuklaryny goramakda gazananlaryny gorap saklamagyň we ösdürmegi wajypdygy bellenýär.

Şeýle-de beýanatda gümrük amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, söwda baradaky kanuny çäklendirmeleri gaýtadan gözden geçirmek bilen, bu üç ýurduň arasynda guralan söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, Lapis Lazuli koridorynyň ulanylyşyny gowulandyrmak, sebitdäki söwdany ösdürmek üçin bilelikde amala aşyryp boljak transport taslamalaryny kesgitlemek, Merkezi Aziýany Günorta Aziýa we Owganystana baglaýan ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygyny artdyrmak barada çagyryş edilýär.

Beýanatda infrastruktura taslamasyny durmuşa geçirmek, şol sanda TOPH geçirijisini gurmak, bu sebitiň ýurtlarynyň adamlarynyň arasyndaky gatnaşyklary gowulandyrmak, häzirki pandemiýa, geljekki saglyk krizislerine we tebigy betbagtçylyklara garşy bilelikde göreşmek barada hem çagyryş edilýär.