Bütindünýä banky: Ýewropada we Merkezi Aziýada pandemiýadan soňky ykdysady dikeldiş üçin saglyk we bilim pudagy wajyp

Bütindünýä bankynyň nyşany

Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň ösüp barýan ýurtlarynda pandemiýadan soňky ykdysady dikeldiş üçin saglyk we bilim harajatlaryny ýokarlandyrmak wajyp diýip, Bütindünýä banky Ýewropa we Merkezi Aziýanyň ykdysady ýagdaýy boýunça 7-nji oktýabrda çap eden täze hasabatynda aýtdy.

Guramanyň hasabatyna görä, 2020-nji ýylda Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň ösüp barýan ýurtlarynda Jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 4,4 prosent pese gaçmagyna garaşylýar.

Pandemiýanyň saglyk we bilim pudagyna ýetirýän oňaýsyz täsirini nazarda tutup, hasabat ykdysady dikeldiş bilen bir hatarda regionda adam kapitalynyň ösdürilmegini hem üns merkezine alýar.

Hasabata görä, ykdysady ösüşiň 2021-nji ýylda gaýtadan janlanmagyna garaşylýar, ýöne bu ösüşiň depgini iňňän gümürtik. “Ösüş depgini pandemiýanyň dowamlylygyna, waksinanyň elýeterliligine we onuň paýlanylmagyna hem-de söwda we maýa goýum ugurlarynda ösüşiň derejesine bagly bolar” diýip, hasabat aýdýar. Ýöne eger-de pandemiýa çäklendirme çäreleriniň uzaldylmagyna zerurlyk döredip, we/ýa-da geopolitiki dartgynlylyklary möwjedip, has erbetleşse dikeldiş gowşak bolar diýip, hasabat aýdýar.

“Şeýle kyn döwürlerde, Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary krizisiň häzirki ýagdaýynyň has aňyrsyna seretmeli we pandemiýadan soňky durnukly dikeldişe taýýarlanmaly” diýip, Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça wise-prezidenti Anna Bjerde aýtdy.

“Bu maýa goýum klimatyny ösdürmegi, innowasiýany we sanly ösüşi ileri tutmagy, hem-de dolandyryşy güýçlendirmegi aňladýar. Hilli bilim we saglygy saklaýyş üçin möhüm we dowamly maýa goýum aýratyn ähmiýetlidir” diýip, ol belledi.

Hasabata görä, COVID-19 pandemiýasy Ýewropada we Merkezi Aziýada adam kapitalyna gönüden-göni zarba urdy hem-de bilim we saglyk pudagynyň ikisine-de oňaýsyz täsir ýetirdi.

Hasabat regionda iş bazarlarynyň indi adam kapitalynyň has ýokary derejesini talap edýändigi, şonuň üçin esasy bilimiň mundan beýläk ýeterlik däldigini, ýokary bilim edaralarynyň studentleri geljegiň iş dünýäsiniň kynçylyklaryna taýýarlamalydygyny aýdýar.

“Saglyk pudagy barada aýdylanda, diri galmak ýeterlik däl” diýip, hasabat belleýär. “Kämillik ýaşyna ýeten adamlar diňe başlangyç ýyllarda däl, tutuş ömrüniň dowamynda hünär öwrenmäge we bilim almaga dowam etmek üçin işjeň hem-de sagdyn galmaly. Semizligiň, temmäki önümlerini sarp etmegiň hem-de spirtli içgileri köp içmegiň saglyk töwekgelçiligini azaltmak işjeň hem-de önjeýli kämilleşmek üçin aýratyn möhüm” diýip, hasabat aýdýar.

Pandemiýa wagtynda, hasabata görä, 9-njy aprele çenli Belarus, Türkmenistan, Täjigistan, Şwesiýa we Türkiýeden başga sebitiň ähli ýurtlary dolulygyna petikleme girizdi. Soňy bilen Belarus, Şwesiýa we Türkmenistandan başga sebitdäki ýurtlaryň 90 prosenti dolulygyna petikleme çärelerini durmuşa geçirdi, hereketi çäklendirdi, zerur däl iş ýerlerini ýapdy.