Okuw jaýlarynda distansiýaly sapak: leksiýalar poçta bilen iberilýär, Internetiň tizligi pes

Türkistan oblastynyň Ulgili obasyndan bolan student Bakbergen Sapaş öý işlerini bitirjek bolýar, ýöne obada internetiň tizligi örän pes. Surat Bakbergen tarapyndan iberildi.

Gazagystanda koronawirus pandemiýasynyň dowam edýändigi üçin, studentler mart aýyndan bäri distansiýaly okuwa geçdiler. Bu aýratyn-da uzak obalarda ýaşaýanlara agyr düşýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy onlaýn usulyndan bilim almaga çalyşýan studentleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

ELEKTRIK TOGY ÝOK – INTERNETEM ÝOK

20 ýaşly Bakbergen Sapaş Almaty şäherindäki Süleýman Demirel Uniwersitetiniň 3-nji kursunyň studenti. Ol žurnalistika hünärini öwrenýär. Onuň okuwy her ýylda 800 müň tengä durýar. Onlaýn okuwy wagtynda sapaklaryna ýetişmek üçin, Bakbergen kredite noutbok satyn alyp, özüniň Ulgili obasyna gelipdir. Sebäbi Almatyda ýaşamak köp çykdajy talap edýär, onuň obasy bolsa Türkistandan 40 kilometrlikde ýerleşýär.

Ulgili obasynyň başlanýan ýeri. Ol Türkistandan 40 kilometrlikde ýerleşýär.

Hakykat ýüzünde olaryň obasyndaky Internetiň tizligi bilen kadaly bilim almak mümkin däl.

Bakbergen Sapaş

— Bu ýerden [onlaýn] sapaklaryny alsaň, programmadan yza galýaň. Sapagyň ýazgysyna seredeniňde-de, Internetiň tizligi ýetmeýär. Ol käte sekundda 1 megabite deň bolýar (deňeşdirmek üçin aýdylsa, Gazagystanda Internetiň tizligi sekundda 18,85 megabit). Men okuw ýylynyň başyndan bäri tölegleri dört gezek çalyşdym, onuň üçin on müň tengä çenli gitdi, ýöne hiç zat alyp bolanok – diýip, student düşündirýär.

Ýokary tehnologiýa arkaly bilim bermek işi käbir obalarda hatda elektrik togunyň bolmazlygy sebäpli öz ähmiýetini ýitirýär. Bakbergeniň obasynda bolsa elektrik häli-şindi öçüp dur.

«ÖÝ IŞIMI ETMÄGE ÝARY GIJEDEN SOŇ BAŞLAÝAN»

Bakbergeniň kursdaşy Akdidar Abdimaulen Almatynyň golaýyndaky Karasaý raýonynyň Koksaý obasynda ýaşaýar. Obanyň uly şähere golaýlygy Internetiň tizligine kepil geçmeýär.

Akdidar Abdimaulen, Süleýman Demirel Uniwersitetiniň 3-nji kursunyň studentkasy, obada Internetiň ýaramazlygy sebäpli, olam maksada laýyk okap bilmeýär.

— Men mobil Internetiň tölegini üýtgetmeli bolýan, şu okuw ýylynyň başyndan bäri alty müň tenge harçladym, aslynda bolsa meniň okuwym üçin her aýda iki müň tenge ýeterlikdi. Biz her gün bäş sagatlap Zoom’da oturmaly bolýas. Gowy Internet üçin platforma ulanýas. Şonda-da gije sagat 12-ä çenli Internet kadaly alanok. Diňe ýary gijeden soň, men öý işlerimi etmäge girişýän – diýip, Akdidar gürrüň berýär.

Akdidar öňki okuw usulyna dolanmagyň tarapynda, bu diňe bir Internetiň haýallygy üçienem däl.

— Meniň göz bilen baglanyşykly kemçiligim bar, häzir kompýuteriň öňünde has köp oturýandygym üçin, görşüm haýallaýar. Her gün okuw ir dokuzdan, öýlän 5-e çenli, men bolsa ýerimden galman diýen ýaly okaýan. Men oflaýn usulynda okamak isleýän. Mugallymyň alnynda oturanyňda, aýdylýan sapak düşnükli bolýar – diýip, Akdidar aýdýar.

ŞÄHERDÄKI TANYŞLARYŇA ÝÜZLENMEK

Studentleriň Internet bilen baglanyşykly kynçylyklary beýleki sebitlerde hem bar. Kimiň şäherde garyndaşy bolsa, onuňky gowy, obaly studentler wagtlaýynça olaryň öýünde ýaşap hem Internetden peýdalanyp bilýärler. Meselem, Aýbolat (onuň haýyşy bilen ady üýtgedildi) 1-nji sentýabrdan bäri Aktöbedäki garyndaşynyň öýünde ýaşaýar. Onuň özi bolsa oblast merkezinden 450 km. uzaklykda bolan Irgiz raýonynyň Žanysbi obasyndan.

– Bu mejbury çäre. Obamyzda Internet bolsa, elbetde, şol ýerde okardym. Ýagdaý şeýle bolansoň, şäherde ýa raýon merkezlerinde garyndaşlary bolanlar ol ýere gidýärler. Bize Internet geçireli diýip, geçen ýylyň güýzünde aýtdylar, munuň üçin pul toplap aldylar, gynasak-da, ol entegem ýok – diýip, Aýbolat aýdýar.

Toraýgyrow Uniwersitetiniň ýokary kollejiniň studenti Rinat Ahtaržanow Pawlodar oblastynyň Žabagaly obasynda ýaşaýandygy üçin, okuwyny poçta arkaly dowam etdirmeli bolýar.

Kollejiň studenti Rinat Ahtaržanow sapakda geçilmeli leksiýalary hem tabşyryklary poçta arkaly almaly bolýar. Oňa gelen bukjalar.

— Telefon işlänok, bar ýer ýapyk, Internet bolmansoň, öý işlerimi edip bilemok. Leksiýalary goýberseň, soň sapagyň yzyndan ýetip, ony özleşdirmek kyn. Maňa sapagyň leksiýalaryny poçta arkaly almak mümkin diýdiler. Olar maňa birnäçe bukja iberdiler, materiallarda köp ýalňyşlar hem bulaşyklyk bar. Häzir muňa näçe wagt sarp edenimi bilemok, ýöne öý işlerimi çalt edip gutardym öýdýän – diýip, Renat düşündirýär.

«KORONAWIRUS SEBÄPLI, UMUMY ÝATAK JAÝLARYNY AÇYP BOLMAÝAR»

Gazagystanyň Bilim we ylym ministri Askat Aýmagambetow Internet bolmadyk obalarda ýaşaýan studentler umumy ýatak jaýlaryna ýerleşip bilerler diýdi. Ýöne Bakbergen, Aýbolat hem beýleki studentler köp studentiň şäherde diňe öz garyndaşynyň ýa-da kireýine alnan jaýlarda ýaşap bilýändigini aýdýarlar. Sentýabr aýynyň başynda geçirilen brifingleriň birinde bilim we ylym ministriniň orunbasary Şolpan Karinowa täze okuw ýyly başlaly bäri takmynan kollejleriň 9,5 müň studentiniň hem ýokary okuw jaýlarynyň 15 müň studentiniň umumy ýatak jaýlarynda ýaşap, distansiýaly görnüşde bilim alýandygyny aýtdy.

— Bu uzaga çekjek ýagdaý, eger studentlerde umumy ýatak jaýynda ýaşap okamaga höwes bolsa, olar gelip bilerler. Ähli kollejlerde hem ýoj-larda studentlere ýaşamaga, distansiýaly okuwy özleşdirmäge şert döredildi. Ähli ýatak jaýlarynda kompýuter hem giň ekranly Internet meselesi çözüldi – diýip, Karinowa mälim etdi.

Şol wagtyň özünde Süleýman Demirel Uniwersitetiniň administrasiýasynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, hökümetiň edaralar arasyndaky komissiýasy koronawirus infeksiýasy ýaýramazlyk üçin, umumy ýatak jaýlarynyň berilmegine gadaganlyk girizipdir.

«Dünýäde pandemiýa bar wagtynda, okuw jaýynyň administrasiýasy güýzki semestri döwründe okuwçylaryň saglygyny hem howpsuzlygyny nazarda tutup, studentlere umumy ýatak jaýyny bermezligi resmi taýdan karar etdi. SDU häzirki wagtda şol talaby berjaý edýär» diýlip, Uniwersitetiň ýazmaça jogabynda aýdylýar.

Internetiň ýok ýerinde bu paltformadan studentleriň peýdalanyp bilmejekdigini ol Uniwersitetiň akademiki işler we ylmy barlaglar boýunça prorektory Dawronžon Gaipow aýdýar.

— Eger distansiýaly okuwa şert bolmasa, onda studentler akademiki rugsada çykyp, adatdan daşary ýagdaý (gürrüň karantin hakda – Red.) gutarandan soň okuwyny dowam etdirip bilerler – diýdi.

DISTANSIÝALY OKUW MAŞGALA GIRDEJISINE AGRAM SALÝAR

Distansiýaly okuwda diňe studentlere däl, olaryň hossarlaryna-da kynçylyk döredýär. Almatynyň golaýyndaky Kaskelen şäherçesiniň ýaşaýjysy Zemfira Tatarowa turizm bilen iş salyşýardy, ýöne häzir ol pudak pandemiýa sebäpli ýatyp galdy. Aýtmagyna görä, onuň gyzy şu okuw ýylyndan bäri köp çykdajy edýär. Onuň uly gyzy Peterburgda okaýar, ol ertirden agşama çenli öýde onlaýn okuwy bilen başagaý.

— Onuň okuwyna üns berýän, Internet işlemedik ýa-da doňan wagty onuň nähili kösenýändigini görýärin. Şonda ol mobil Internete baglanyşýar. Eger olam bolmasa, noutbokyny alyp, howla çykýar. Bagtymyza, biziň howlymyz bar. Biziň syrgynymyza kadaly işleýän Internet ýok, Internetiň işi biz üçin her aýda 15 müň tengä durýar. Aýdaly, maşgalada biri kesel bolsa ýa işsiz galsa, pul hiç zada ýetmeýär. Ýagdaýyň örän kyndygyny men aýdýan, jaýy, biznes işi hem maşyny bolan adam şeýle diýse, beýle mümkinçiligi bolmadyklar näme diýer? – diýip, Zemfira Tatarowa düşündirýär.

GAZAGYSTANDA ENTEGEM INTERNETSIZ OBALAR BAR

Gazagystanyň Öýjükli tehnologiýanyň ösüşi, innowasiýa hem aerokosmiki senagaty ministri Bagdat Musiniň mälim etmegine görä, ilatly ýerlerde Internet aragatnaşygyny ýola goýmak üçin, milliardlarça tenge goýlupdyr. Gazagystanda bar bolan 6 459 ilatly ýerlerden, şu ýylyň sentýabr aýyna çenli 4 646 obada Internet ýola goýlupdyr.

Bagdat Musiniň sözüne görä, müňden gowrak oba ýokary hilli Internet geçirilip, indi Internetiň ýok ýeri hasaplanýan 1813 oba galypdyr. Olaryň köpüsine 2020-nji ýylyň ahyryna çenli Internetiň geçiriljekdigini, galan ýerleriň bolsa garaşmaly boljagyny mälim etdi.

«STUDENTLERIŇ PSIHIKI ÝAGDAÝYNY UNUTMAŇ»

Distansiýaly okuw boýunça bilermen Aýnur Satekowa (Almaty Management University) bu meseläniň diňe tehniki tarapdan çözgüdine däl, eýsem distansiýaly usulda okaýanlaryň nähili täsiri hem psihiki agramy başdan geçirýändigine-de üns berilmegine çagyryş edýär.

Aýnur Satekowa, distansiýaly okuw boýunça ekspert.

— Häzir studentleriň ruhy kynçylygy hem agyr çökgünliligi başdan geçirýändigini ünsden düşürip bolmaz. Kimdir biri maşgalasynda golaý adamy ýitirýär, beýleki biri öýde ruhy zorluga duçar bolýar, başga biriniň ýaşaýan kwartirasy dar, beýlekilerinde ýaşara jaý bolsa-da, okamaga şert ýok. Şonuň üçin biz mugallymlara onlaýn-sapaklary wagtynda sabyrlylyk görkezmegi, okuwyň başynda hem ahyrynda adaty ýagdaýlar bilen tanyşmak üçin, 5-10 minut harçlamagy maslahat berýäris. Bu iňňän möhüm pursada biziň ýurdumyzda aýratyn ähmiýet berlip barlanok. Daşary ýurt okuw jaýlarynda beýle düzgün bar, ruhy çökgünligi başdan geçirýän studentlere anonim ýagdaýda konsultasiýalar hem berilýär – diýip, Aýnur Satekowa düşündirýär.

Gazagystanyň bilim we ylym ministrliginiň maglumatyna görä, ýurtda 600 müňden gowak student hem 400 müňden gowrak kollejleriň okuwçylary bilim alýarlar.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.