ABŞ senatory: Türkmenistan G.Annanyýazowy tussaglykdan azat etmeli

Gulgeldi Annanyýazow

ABŞ-nyň senatory türkmen adam hukuklaryny goraýjy Gulgeldi Annanyýazowyň türkmen türmesine höküm edilmeginiň 12-nji ýyl dönümine ünsi çekip, Türkmenistanyň hökümetiniň ony azat etmelidigini aýtdy.

Nýu-Jersiden Demokratik senator Bob Menendez bu barada 6-njy oktýabrda özüniň Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.

“Şu gün Türkmenistanda adam hukuklaryny goraýjy Gulgeldi Annanyýazowyň eden-etdilikli ýagdaýda tussag edilmeginiň 12-nji ýyl dönümi. Türkmenistanyň hökümeti ony şu wagt azat etmeli” diýip, senator Menendez belledi.

1995-nji ýylyň 12-nji iýulynda Aşgabatda guralan hökümete garşy protestiň ýolbaşçylarynyň biri, ozal bir gezek uzak möhletli türmä basylan we, halkara guramalarynyň basyşlary esasynda azatlyga çykan, Norwegiýadan syýasy gaçybatalga alan hem-de 2007-nji ýylda ýurduna dolanan Gulgeldi Annanyýzaowyň serhetden bikanun geçmekde aýyplanyp kesilen türme möhletiniň tamam bolandygyna garamazdan, şindi hem azatlyga goýberilmeýändigi aýdylýar.

Degişli maglumat Hukuk goraýjylar möhleti dolan tussaglaryň azat edilmegine, 'türme ýitirimliginiň' bes edilmegine çagyrýar

Galyberse-de, senator Bob Menendez şu ýylyň iýul aýynda hem Gulgeldi Annanyýazowyň ykbalyna ünsi çekip, BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler boýunça Işçi toparynyň onuň tussag edilmegini “eden-etdilikli ” diýip kesgitländigini hem belläpdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.