Lebap welaýatynda şaly oragy başlandy, etraplaryň prokuratura we polisiýa işgärleri derňew, gözegçilik işlerini güýçlendirdi diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.
Türkmenistanda ýitileşen azyk meseleleriniň fonunda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň, şol sanda MHM ofiserleriniň ýetişen bugdaý hasylyny goramak işine çekilýändigi maý aýynda hem habar berlipdi.
Degişli maglumat Türkmenistan suw meselesini çözmän, 82 müň tonna şaly öndürmegi karar etdiÖňki ýyllaryň tejribesinden belli bolmagyna görä, şaly hasylynyň kabul edilýän we saklanylýan harmanlarynda dürli möçberlerde ogurlyk bolýar, bu ýyl şeýle ogurlyga ýol bermezlik üçin berk çäre görlene meňzeýär, emma häzire çenli hiç bir "harman ogrusy" tutulmady diýip, habarçy aýtdy.
Bu ýylky şaly oragy ýurtda koronawirus çäklendirmeleri, serhetleriň ýapylmagy, bazarlardaky azyk önümleriniň azalmagy hem-de gymmatlamagy bilen baglylykda has ýiti duýlan azyk krizisiniň dowam edýän wagtyna gabat geldi we sentýabr aýynyň ortasyndan başlap, sebitiň bugdaý orýan kombaýnlarynyň ählisi şaly ormak üçin gaýtadan enjamlaşdyryldy.
"Barabanlary üýtgedilip, şaly ormak üçin taýyn edilen kombaýnlar, sürüjileri bilen bilelikde, Lebabyň günorta etraplaryndaky şaly meýdanlaryna ýatymlyk ugradyldy" diýip, habarçy aýtdy.
Habarçy bilen söhbetdeş bolan kärendeçileriň aýtmaklaryna görä, häzir hasyl ýetişdren daýhanlaryň orakdan başga hem bir aladasy bar we ol ýetişdirilen şalyny ogurlatman saklamakdan ybarat.
Degişli maglumat Babadaýhanlar ýene her dänesiniň müň bolmagyny arzuw etdi. Şertler öňküligine galýarAmyderýa, Kerki, Hojambaz obalarynda kärendeçileriň we daýhan hojalyklarynyň döwlet tabşyrygy esasynda ýetişdiren şaly hasyllarynyň bir bölegi her ýyl diýen ýaly, kombaýn sürüjileriň, ýük ulaglaryny sürüjileriň we döwlet emeldarlarynyň özara dil düwüşmegi netijesinde, orak wagtynda ogurlanýar diýip, Azatlyga gelen maglumatda aýdylýar.
Öňki ýyllarda hasylyny ogurladan kärendeçileriň bir topary bu ýyl, ogurlygyň öňüni almak üçin, orak başlamazyndan öň etrap prokuraturasyna arz etdi diýip, habarçy aýtdy. Şu sebäpden häzir şaly hasylynyň töweregindäki gözegçilik öňki ýyllara garanda güýçlendirilene meňzeýär.
"Şaly ýa bugdaý oragy, tapawudy ýok, ekin bar ýerinde uly ýa kiçi ogurlyk hemişe bolýar, ýöne soňky ýyllarda, azyk kynçylyklarynyň artmagy bilen, şaly, bugdaý ýaly ekinleriň töweregindäki ogurlyk hasam köpeldi, ýöne häkimiýetler bu ogurlyklary açyk-aýdyň derňemeýärler, bassyr-ýussur edýärler" diýip, aşgabatly ýurist Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Ýöne indi, 50 ýaşlaryndaky ýuristiň pikiriçe, durmuşyň has agyrlaşmagy netijesinde, kärendeçiler öz hasyllaryny has berk goramaga mejbur bolýana we öňünden arz edip, hökümetiň hem jogapkärçiligini ýatlatmak kararyna gelene meňzeýärler.
Degişli maglumat Lebapda MHM bugdaý garawullaýarAzatlygyň habarçylary maý aýynyň ortalarynda, sebitlerde we paýtagtda un we çörek üpjünçiliginiň ýaramazlaşmagy bilen, kanun goraýjy edaralaryň, şol sanda MHM-niň, IIM-iň we harbylaryň gatnaşmagynda ýörite toparlaryň döredilendigini habar berdiler.
Soň bu toparlaryň, şol sanda ýerli polisiýa ofiserleriniň etrap ýerlerinde bugdaý garawullamak, ýollarda öz awtoulaglary bilen mallaryna ot getirýän adamlary hem saklamak, berk barlamak bilen meşgul bolandygy mälim boldy, emma geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hiç bir açyk maglumat berilmedi.
Şu aralykda häkimiýetler Lebapda hasyly pes çykan, bergidar bolan kärendeçileri hem etrap prokuraturasyna çagyrmaga başladylar. Olar borçnama esasynda şaly ýetişdirmek üçin alan tehnika, dökün, suw kömekleriniň bergilerini üzmeli.
Azatlygyň habarçysy bilen aýratynlykda, biri-birinden habarsyz ýagdaýda gürleşen iki agronomyň hasaplamalaryna görä, şu ýyl Lebapda şaly eken kärendeçileriň 40% golaýy bergidar çykyp, prokuratura çagyrylýar.
Prokuratura çagyrylan kärendeçileriň köpüsi hasylyň pes bolmagynyň sebäbini wagtynda berilmedik dökün, suw bilen düşündirmäge çalyşýar, emma häkimiýetler daýhanlaryň düşündirişlerini alga almaýar diýip, habarçy aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.