Oşuň öňki häkimi Melis Myrzakmatow 7-nji oktýabrda şähere gaýdyp geldi we oppozisiýa partiýalarynyň 4-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynyň manipulýasiýa edilendigini we adalatsyz bolandygyny öňe sürensoň, Gyrgyzystanyň "howply ýagdaýdadygyny" aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň habaryna görä, Myrzakmatow ýary gijeden soň Oş halkara howa menziline geldi we müňlerçe goldawçynyň garaşýan merkezi meýdançasyna bardy.
Degişli maglumat Gyrgyzystan gijeki ganly protestlerden soň, parlament saýlawlarynyň netijelerini ýatyrdy (WIDEO)Myrzakmatow olary "milli jebisligi goramaga we raýat urşuny guramak we ýurdy bölmek isleýän güýçlere garşy durmaga" çagyrdy.
Şeýle hem, ol parlament saýlawlarynyň "gaty hapa" bolandygyny we Gyrgyzystanyň mejlisine diňe mynasyp adamlaryň saýlanmalydygyny aýtdy.
Myrzakmatow 5-nji oktýabrda Bişkekde we beýleki şäherlerde ýüze çykan we ertesi gün dowam eden bulaşyk protestlerden soň gyrgyz resmileriniň ses berişligiň netijelerini ýatyransoň Gyrgyzystanyň ikinji uly şäherine bardy. Dürli syýasy güýçler häkimiýeti ele geçirendigini aýdýarlar, prezident Sooronbaý Jeenbekow muny agdarylyşyk diýip häsiýetlendirýär.
Nirededigi näbelli bolan Jeenbekow gysga wideoýazgyda hökümet, telewideniýe we howpsuzlyk binalaryny ele alan gaharly demonstrantlaryň käbir syýasy güýçleriň häkimiýeti bikanun ele almak synanyşygy hökmünde häsiýetlendirdi we asudalyga çagyrdy.
Prezident we oppozisiýa partiýalary häkimiýeti talap edýärkä, ýagdaýa kimiň jogapkärdigi belli däl.
Merkezi saýlaw topary 6-njy oktýabrda saýlaw netijeleriniň ýatyrylandygyny we ses berişligiň gaýtadan geçiriljekdigini aýtdy. Bu barada goşmaça maglumat berilmedi.
Myrzakmatow "ogrylar we garakçylar" bulaşyklyk etmäge taýýarlanýar, "ýöne muňa ýol bermeris we ýurduň bitewiligi hem ösüşi üçin göreşeris" diýdi.
Oşyň öňki häkimi 2015-nji ýylda Oş şäher kazyýeti tarapyndan ygtyýarlykdan hyýanatçylykly peýdalanmakda we korrupsiýada günäkärlenenden soň, ýedi ýyl azatlykdan mahrum edildi.
Myrzakmatow, öňki prezident Kurmanbek Bakiýew bilen arabaglanyşygy bolan ýeke-täk wezipeli adamdy, 2010-njy ýylda ol Bakiýewiň wezipesinden kowulmagyndan we milletara çaknyşyklardan soň Oşda we ýakyn sebitlerde wezipesini dowam etdirmegi başarypdy.
Gyrgyz hökümeti birnäçe gezek şowsuz synanyşyklardan soň 2013-nji ýylyň dekabrynda Myrzakmatowy işinden aýyrmagy başardy.
2014-nji ýylyň ýanwar aýynda geçirilen saýlawda Myrzakmatow wezipesini yzyna alyp bilmedi we Gyrgyzystanyň häkimiýetleriniň onuň bikanun infrastruktura taslamalaryna buýruk berendigi baradaky aýyplamalary derňäp başlandan soň ýitirim boldy.
Melis Myrzakmatow garşy gozgalan jenaýat işini syýasy yzarlama diýip hasaplaýar.
Degişli maglumat Gyrgyz oppozisiýasy parlament saýlawlarynyň netijelerine garşy köçelere çykdy (WIDEO)Orsýetiň ýakyn ýarany we Moskwanyň, Waşingtonyň hem Pekiniň arasynda geosyýasy bäsdeşlik üçin platforma bolup gelýän Gyrgyzystandaky saýlawlaryň netijesi 5-nji oktýabrda gije Bişkekde nägilelikleriň we çaknyşyklaryň tutaşmagyna getirdi.
Demonstrantlar parlamentiň we prezident edaralarynyň ýerleşýän binalaryna girdi, şeýle-de şu ýylyň başynda korrupsiýa aýyplamasy bilen tussag edilen öňki prezident Almazbek Atambaewi boşatdy.
Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň habaryna görä, polisiýa märekäni dargatmak üçin suw toplaryny, rezin oklary, göz ýaşardyjy gazy we granatlary ulandy. Bu ýagda bir adamyň ölmegine we 590 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.