Maryda pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýän pagtaçy kärendeçiler arz-şikaýata dowam edýär

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

5-nji oktýabrda irden Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň “Ak altyn” geňeşliginiň pagtaçy kärendeçilerinden ybarat 10-12 sany ýaşuly ilki arçynlyga, soňra etrap häkimligine arzlaryny aýtmak üçin bardylar. Olar döwlet harmanyna tabşyran pagta hasylynyň pullaryny plastik kartlaryndan nagtlaşdyryp bilmeýändiklerini aýdyp, resmilerden bu meselä çözgüt talap etdiler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär