Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw topary partiýalaryň sesleri satyn almak arkaly ýeňiş gazanandyklaryny aýdyp, köçelere çykan we edara binalaryna giren müňlerçe protestçiniň talabyny kanagatlandyryp, 4-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynyň netijelerini ýatyrdy.
Prezident Sooranbaý Jeenbekowyň edarasy 6-njy oktýabrda irden onuň ýurda “gözegçilik edýändigini” aýtdy, ýöne onuň nirededigi nämälimliginde galýar.
6-njy oktýabrda irden beren aýrybaşga beýanatynda Jeenbekow dawaly parlament saýlawlarynyň netijelerini ýatyrmaga özüniň taýýardygyny mälim etdi we öz garşydaşlaryny tolgunyşygy bes etmäge çagyrdy hem-de howpsuzlyk güýçlerine ot açmazlygy buýruk berendigini aýtdy.
Ol hökümet, telewideniýe we howpsuzlyk binalaryna giren gaharly demonstrantlaryň hereketini käbir syýasy güýçleriň häkimiýeti bikanun eýelemek synanyşygy hökmünde häsiýetlendirdi.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Protestçiler Bişkekde prezident edarasynyň we parlamentiň ýerleşýän binasyna girdiler, şeýle-de korrupsiýa aýyplamalary esasynda tussag edilen ozalky prezident Almazbek Atambaýewi boşatdylar. Bu wakalarda azyndan bir adam öldi, 590-a golaýy hem ýaralandy.
Prezidentiň metbugat wekili Tolgonaý Stamaliýewa 6-njy oktýabrda beýanat bilen çykyş edip, Jeenbekowyň ýurtda “düzgün-tertibi dikeltmek üçin ähli tagallany edýändigini” aýtdy.
Jeenbekowyň häzir anyk nirededigi belli däl. Emma AKIpress neşiriniň maglumatyna görä, Stamaliýewa onuň Bişkekdedigini aýdypdyr.
Oppozisiýadaky “Butun Kyrgyzstan” (“Jebis Gyrgyzystan”) partiýasyndan dalaşgär bolan Omurbek Suwanaliýewiň 6-njy oktýabrda Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, prezidentiň ýok halatynda, ol Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary wezipesine dolandy we ýurtdaky kanun goraýjy edaralaryň işini kordinirledi.
“Prezidentiň nirededigi barada mende maglumat ýok. Emma Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary hökmünde men kanuny ýagdaýda ähli hereketleri dolandyrýaryn. Häzirki pursat, men kanun goraýjy we howpsuzlyk edaralarynyň işini kordinirleýärin” diýip, ol belledi.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Şeýle-de Suwanaliýew 2019-njy ýylda “gyrgyz polisiýasynyň bähbitlerine dönüklik etmekde” aýyplanyp içeri işler ministriň orunbasary wezipesinden çetleşdirilen Kursan Asanowyň “Bişkegiň wagtlaýyn komendanty hökmünde bellenendigini” aýtdy.
Aýrybaşga bir beýanat bilen içeri işler ministrligiň metbugat wekili çykyş edip, içeri işler ministr Kaşkar Junuşaliýewiň 6-njy oktýabrda işe çykmandygyny, şeýle-de Asanowyň ministriň wezipesini ýerine ýetirijisi bolandygyny mälim etdi.
Asanow hem “Butun Kyrgyzstan” partiýasyndan saýlawlarda dalaşgär bolupdy.
Wakalaryň doly aýdyň däl pursady, mundan öň prezidentiň we Jogorku Keneşiň (Ýokarky Geňeş) ýerleşýän binasynyň üçünji gatynda ýangyn ýüze çykdy.
Sosial medialarda protestçileriň prezident edarasynyň hem ýerleşýän binanyň ýedinji gatynda otagdan-otaga aýlanyp, mebelleri weýran edýän suratlary çap edildi. Olaryň birinde Jeenbekowyň diwardaky portreti aýrylýar we protestçileriň biri onuň ýüzüne aýagy bilen depýär.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Protestçileriň ýene bir topary jemgyýetçilik telewideniýe we radio kompaniýasyny ele geçirdiler. Şeýle-de, protestçiler Howpsuzlyk boýunça Döwlet Komitetiniň binasyna girip, ol ýerde tussaglykda saklanýan ozalky prezident Almazbek Atambaýewi boşatdylar. Atambaýew korrupsiýa aýyplamalary boýunça iýunda 11 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.
Hökümet öten agşamky wakalarda bir adamyň ölendigini, başga-da 590-a golaýynyň ýaralanandygyny habar berdi.
Protestleriň arasynda Talas, Naryn we Issyk-Kul regionalarynyň, şeýle-de başga birnäçe etrabyň häkimleri wezipelerinden çekildiler.
Çalt depginde bolup geçýän wakalar 5-nji oktýabrda şondan bir gün öň geçirilen saýlawlaryň netijeleriniň ýatyrylmagyna çagyryş edilip Bişkekde geçirilen iri protestiň yz ýanyna gabat gelýär.
Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy polisiýanyň protestçileri dargatmak üçin suw toplaryny, göz ýaşardyjy gazy we seňselediji granatlary ulanandygyny habar berdi. Bişkegiň keselhanalaryna 120-ä golaý adam ýerleşdirildi.