Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde protestçiler parlament saýlawlarynyň ýatyrylmagyny talap edip, parlament we prezident edaralarynyň ýerleşýän binasyna girenden soň, gyrgyz prezidenti Sooranbaý Jeenbekow 6-njy oktýabrda garşydaşlaryny jemgyýetçilik tolgunyşyklaryny bes etmäge çagyrdy.
Jeenbekow öz web sahypasynda beren beýanatynda howpsuzlyk güýçlerine ot açmazlygy tabşyrandygyny aýtdy hem-de jedelli parlament saýlawlarynyň ýatyrylmagyna özüniň taýýardygyny mälim etdi.
“Men Merkezi saýlaw toparyna ähli kanun bozulmalary düýpli seljermegi hem-de eger zerur bolsa saýlawlaryň netijelerini ýatyrmagy maslahat berdim” diýip, Jeenbekow aýtdy.
Ol hökümet, telewideniýe we howpsuzlyk binalaryny eýelän gaharly demonstrantlaryň hereketlerini käbir syýasy güýçleriň häkimiýeti bikanun ele almak synanyşygy hökmünde häsiýetlendirdi.
Jeenbekowyň beýanaty parlament binasynda ýangyn döremeginden soň hem-de Bişkekde saýlaw netijelerine gaharly adamlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda dörän zorlukly çaknyşyklaryň yz ýany öňki prezident Almazbek Atambaýewiň türmeden azat edilmeginden soň berildi.
Jeenbekowyň nirededigi belli däl, ýöne onuň metbugat sekretary Tolgonaý Stamaliýewa, AKIpressiň habaryna görä, onuň Bişkekdedigini aýtdy.
Çalt depginde bolup geçýän wakalar 5-nij oktýabrda şondan bir gün öň geçirilen saýlawlaryň netijeleriniň ýatyrylmagyna çagyryş edilip Bişkekde geçirilen iri protestiň yz ýanyna gabat gelýär.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň habaryna görä, polisiýa köpçüligi dargatmak üçin suw toplaryny, rezin oklary, göz ýaşardyjy gazlary hem-de ses çykaryjy granatlary ulandy.