Soňky türkmen-owgan ylalaşyklaryna owgan türkmenleri nähili umyt baglaýar?

Etniki türkmenler. Illýustrasiýa suraty.

Bilelikdäki türkmen-owgan hyzmatdaşlyk taslamalary haýsy ugurlary öz içine alýar? Bu hyzmatdaşlyk Owganystanyň demirgazyk sebitlerinde ýaşaýan etniki türkmenleriň durmuşyna iş ýüzünde nähili täsir eder? Etniki türkmenler bu taslamalara nähili umyt baglaýar?

Golaýda Türkmenistanyň we Owganystanyň ýokary derejeli resmileri dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça iri ylalaşyklara gol çekdiler. 30-njy sentýabrda Kabulyň “Salam Han” prezident köşgünde geçirilen gol çekişmek dabarasyna Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani, ýokary derejeli owgan hem-de türkmen resmiler, şeýle-de taslamalaryň gurluşygyna gatnaşýan kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdy.

Durmuşa geçirilmegi planlaşdyrylýan iri transmilli taslamalary türkmen resmileri “Ýewraziýa yklymy üçin geosyýasy we geoykdysady taýdan möhüm” häsiýetlendirýärler.

Eýsem, bilelikdäki türkmen-owgan hyzmatdaşlyk taslamalary haýsy ugurlary öz içine alýar? Türkmen-owgan hyzmatdaşlygy Owganystanyň demirgazyk sebitlerinde ýaşaýan etniki türkmenleriň durmuşyna iş ýüzünde nähili täsir eder? Etniki türkmenler bu taslamalara nähili umyt baglaýar?

Dünýä Türkmenleri gepleşigimiziň bu sanynda şeýle soraglaryň töwereginde söhbetdeşlik geçirdik. Söhbetdeşlige Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady gatnaşdy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Soňky türkmen-owgan ylalaşyklaryna owgan türkmenleri nähili umyt baglaýar?