Darganata etrabynda býujet edaralarynyň işgärlerini smartfon, ýagny akylly telefonlary satyn almaga mejbur edýärler diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy habar berýär.
Habarçynyň sözlerine görä, býujet edaralarynyň işgärlerini ýerli metbugatyň elektron görnüşinde çap edilýän sanlaryny hem okamaga borçly etdiler we munuň üçin olaryň elektron neşirlere abunaçy bolmaklary zerur.
Ýerli resmileriň käbiriniň dilden düşündirmegine görä, eger-de býujet işgärleri elektron neşirleri okamasa, olaryň gazet-žurnallary okamaýandygy sanly ulgam arkaly anyklanar we bu soňra işgäriň işden çykarylmagyna hem getirip biler.
Türkmen hökümetiniň 22-nji fewralda geçirilen mejlisinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň elektron görnüşlerini döretmek we olary okyjylara öz wagtynda ýetirmek üçin sanly ulgamy peýdalanmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi.
TDH-nyň maglumatyna görä, 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň saýtynda «Rowaçlyk» sahypasy döredildi, döwürleýin neşirleriň makalalary bilen dessine tanyşmaga mümkinçilik berýän «Gazetler» we «Žurnallar» bölümleri işläp başlady. Emma synçylar, şol sanda anonimlik şertinde gürleşen resmileriň käbiri türkmen metbugatynyň okyjylarynyň juda azdygyny aýdýarlar.
Degişli maglumat Türkmenistanda taryhy ýer-ýurt atlarynyň ýalňyş düşündirilmegine göz ýumulýarÝerli žurnalistleriň köpüsiniň tassyklamagyna görä, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki neşirleri soňky ýyllarda, ykdysady çökgünligiň barha çuňlaşmagy bilen, öz okyjylaryny we diňleýjilerini barha köp ýitirýär.
“Bu agyr ýagdaýy hökümet ýolbaşçylary, prezidentiň özi hem bilýär. Şonuň üçin ol metbugaty mydama tankyt edýär. Öňki prezident Saparmyrat Nyýazow ministrleri, häkimleri ýygy-ýygydan işden aýryp, täzelige garaşýan ilat üçin wagtlaýyn tomaşa gurnamaga ökdedi, emma bu prezident diňe özüni öwdürip, halys ýürege düşdi. Öňki prezident ýaly gürläbem bilenok. Şu sebäpden indi hiç kimiň türkmen telewideniýesine seredesi gelenok, başga ýurtlaryň TW-sine seredýärler” diýip, 60 ýaşyndaky aşgabatly mugallym aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, radio-telewideniýe diňlense-de, gazet-žurnallar sowet döwründe hem az okalardy, aşgabatlylar täzelik üçin şäher gazetine ýazylardylar, obalarda gazetleri esasan hahar iýlende kagyz saçak hökmünde, şeýle-de hajathanada ulanardylar. “Edebiýat we sungat”, “Ýaş kommunist” gazetleri aç-açanlyk ýyllarynda biraz meşhur boldy, emma soň bu ýagdaý üýtgedi, hemme neşirde şol bir zatlar gaýtalanýar diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran pedagog Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Ýerli synçylar we žurnalistler türkmen metbugatynyň muşdaklarynyň azalmagyny, öz sözleri bilen aýtsak, “ýuwan we halys lenji çykarylan propaganda” bilen düşündirýärler, olaryň abraýyny dikeltmek üçin ilkinji nobatda senzuranyň aýrylmalydygyny, žurnalistlere problemalar barada ýazmak, gepleşik gurnamak mümkinçiligini bermelidigini aýdýarlar.
Emma Gurbanguly Berdimuhamedow başga pikirde, ol soňky döwürde, “üstünlikleri beýan etmek” talaby bilen birlikde, “döwürleýin neşirleri ýaýratmakda internetiň we döwrebap sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak” meselesini hem gozgady.
Degişli maglumat Döwlet TW-si ilaty anyk ady aýdylmaýan kesele garşy hüşgärlige çagyrýar, hökümetçi hasap #StayHome (#öýde_gal) heştegini paýlaşýarPrezidentiň pikiriçe, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň çalasyn işlemegi we ýaýrawynyň giň bolmagy “olaryň üstünliginiň we meşhurlygynyň girewi” bolup durýar.
Elbetde, işden kowmak haýbaty bilen, býujet edaralarynyň işgärlerini akylly telefon satyn almaga-da, döwürleýin metbugata elektron abunaçy bolmaga hem mejbur edip bolar, ýöne bu türkmen neşirleriniň okyjysyny köpeltmez diýip, 45 ýaşyndaky metbugat işgäri Azatlyk bilen anonimlik şertinde eden gürrüňinde aýtdy.
Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçysy gürleşen býujet işgärleri häzir türkmen metbugatyna elektron abunaçy bolmak üçin ne tehniki şertleriň, ne-de bilim-düşünjäniň bardygyny aýtdylar.
“Berk basyş astynda saklanylýan býujet işgärlerinde kompýuter, akylly telefonlary ulanmak endikleri, taýýarlygy az, olaryň köpüsi bu zatlary eline alyp hem görmedik adamlar, üstesine, eger-de aýfon aljak bolsalar, 2 ýyl işläp alýan aýlyklary hem etjek däl” diýip, darganataly býujet işgärleriniň biri habarça gürrüň berdi.
“Bir aýfon telefonynyň bahasy 30 müň manat, iň arzan samsung 10 müň manat bahalanýar, ortaça 800 manat aýlyk alýan býujet işgärlerinden akylly telefon satyn almagy talap etmek akyla sygmaýar” diýip, ol aýtdy we raýatlaryň köpüsiniň 2010-njy ýylda alan ýönekeý telefonlaryny hem “zordan pul süýşürip” ulanýandyklaryny gürrüň berdi.
Şu aralykda döwlet baştutany senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň elektron senagatyny ösdürmek babatda edýän işleri bilen tanşyp, ýurtda öndürilýändigi aýdylan “smart telewizora “Älem”, kompýutere “Şowly”, telefonlara “Milli”, “Körpe” diýip at dakdy.
Degişli maglumat Berdimuhamedow ministr-ogluna iki orunbasar bellediŞeýle-de ol “internet ulgamyny paýlaýjy” enjama-- routora “Uçgun”, agyz suwuny sowadyjy we gyzdyryjy enjama “Teşne”, split görnüşli kondisionerlere “Mylaýym” diýip at dakmagy maslahat berdi.
Ýöne býujet işgärleriniň akylly telefonlary satyn almaga borçlandyrylmagynyň ýurtda öndürilýändigi aýdylýan akylly telefonlar bilen baglydygy ýa däldigi anyk däl.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.