Garaşsyzlyk senesine garşy piketler 27-nji oktýabra çenli dowam eder
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Birleşen Ştatlardaky türkmen aktiwistleri BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş binasynyň öňünde türkmen hökümetine garşy protest çäresini geçirmegi dowam etdirýärler. Aktiwistler özleriniň bu ýörişleriniň 27-nji oktýabra çenli dowam etjekdigini aýdyp, bu senäniň Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolan asyl günüdigini hem belleýärler. Ýatlatsak, türkmen hökümeti 2017-nji ýylda hiç hili sebäp görkezmezden, ýurduň Garaşsyzlyk gününi 27-nji oktýabrdan 27-nji sentýabra geçirdi. Biz bu barada Birleşen Ştatlarda ýaşaýan we bu protest çäresine gatnaşýan türkmen aktiwisti Narjan Muzapberowa bilen söhbetdeş bolýarys