Türkmen goşunynda esgerleriň açlyk-horlukdan kösenýändigi, olaryň bikanun ýagdaýda hususy hojalyklarda günlükçi hökmünde işledilýändigi, şeýle-de ofiserleriň dürli bahanalar bilen harby gullukçylardan para-peşgeş talap edýändigi barada maglumatlar gowuşýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň biri Bakan welaýatynyň Serdar etrabyndaky harby berkitmedäki ýagdaýlary öwrendi we ol ýerdäki gulluk geçýän käbir esgerleriň hossarlary bilen söhbetdeş boldy. Onuň toplan maglumatlarynda bellenilşi ýaly, koronawirus pandemiýasynyň arasynda häzir esgerleriň gulluk şertleri has hem kynlaşypdyr.
Degişli maglumat Lebaply ene-atalar: Çagalarymyzy gullukdaky sütemden goramak üçin para bermeli bolýarys“Esgerleriň üpjünçiligi ýaramaz. Sabyn, şampun ýaly şahsy gigiýena serişdelerini olaryň özleri, ene-atalarynyň iberýän pulunyň hasabyna, almaly bolýarlar. Indi esgerlerden öz hasabyna antiseptikleri, oksalin mazlaryny, rezin ellikleri hem talap edýärler. Söhbetdeşlerimiň biri pensiýasynyň ‘agramly böleginiň’ esger oglundan talap edilýän çykdajylara gidýändigini aýtdy” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran habarçymyz gürrüň berdi.
Habarçymyz 3 müň töweregi esgeriň gulluk geçýän bu harby berkitmesinde iýmit ýagdaýynyň hem “gözgynydygyny”, harby gullukçylaryň “açlykdan jebir çekýändigini” aýtdy.
“Naharlaryň hil derejesi pes. 3 müň esgere 10 kg eti we 25 kg makarony 1 tonna golaý suwa gaýnadyp berýärler. Soňky wagtdan bäri çörek, çaý, miwe şerbeti asla-da berilmeýär. Esger naharyna towuk etiniň deregine, adatça zir-zibile oklanýan towugyň dyrnakly barmaklary goşulyp berilýär” diýip, habarçymyz belledi.
Mundan başga-da, ofiserleriň bikanun ýagdaýda esgerleri şahsy hojalyklara mal ýataklary arassalamak, gurluşyk etmek, ekin meýdanlarynda işlemek ýaly işlere günlükçi hökmünde iberýändikleri bellenilýär.
“Esgerler birnäçe gün möhlet bilen hojalyklara ugradylýar. Edilen işiň hakyny ofiserler alýarlar. Ýöne bellemeli ýeri, esgerler ‘iň azyndan kadaly naharlaýarlar’ diýip, hojalyklarda işlänini gowy görýärler” diýip, habarçymyz nygtady.
Degişli maglumat Türkmen goşunynda dört sagatlyk erkinlige çykjak esger üçin 200 manat para bermeliTürkmenistanda ýeke ýagdaýy hem resmi taýdan hasaba alynmadyk koronawirusyň öňüni alyş çäreleri bilen baglylykda girizilen hereket çäklendirmeleri hem, ofiserleriň esgerleriň hasabyna bikanun “gazanç” etmegine ýol açandygy nygtalýar.
“Hereket çäklendirmeleri sebäpli, esgerleriniň gulluk geçýän harby bölümlerine baryp bilmeýän ene-atalara hemaýat pullaryny ofiserleriň telefonlaryna geçirmek soralýar. Ofiserler ol pullaryň ýarpysyndan gowragyny özüne alyp galýarlar we esgerlere bu barada aýtmazlygy aýdyp haýbat atýarlar” diýip, bu ýagdaýlary başdan geçiren käbir esgerler bilen söhbetdeş bolan habarçymyz gürrüň berdi.
Şol bir wagtda, türkmen goşunynda ofiserleriň harby gulluk möhleti dolan esgerleriň harby gullukdan wagtynda boşadylmagy üçin hem para soraýandyklary barada maglumatlar bar. “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri ofiserleriň gulluk möhleti dolan esgerleriň ýylyň aýagyna çenli hem gullukda saklanyp biljekdigi bilen haýbat atyp, olardan para-peşgeş soraýandyklaryny belleýär.
Ýatlatsak, türkmen prezidenti 16-njy sentýabrda “Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakyndaky” permana gol goýupdy.
Galyberse-de, Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň mundan ozalky maglumatlaryndan mälim bolşy ýaly, türkmen goşunynda esgerler, hususan-da harby gulluga ýaňy başlan ýaş esgerler “dedowşina”, “esgerleriň arasyndaky agalyk bilen bagly problemalardan” ejir çekýär.
Ýokarda beýan edilen ýagdaýlar boýunça Türkmenistanyň Goranmak ministrliginden, edilen ençeme synanyşyklara garamazdan, hiç hili kommentariýa almak başartmady.
Degişli maglumat Ýene bir esger, maşgalanyň ýeke ogly urlup öldürildi. Hiç kim jogapkärçilik çekmeýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.