Ýehowa şaýatlary guramasy Türkmenistany adamlary hristian ynanjy üçin ýanamakda aýyplaýar

Dini ynançlary üçin tärmä basylan iki dogan, Eldor we Sanjarbek Saburowlar

Ýehowa şaýatlarynyň bütindünýä guramasy Türkmenistanda 24-nji sentýabrda yglan edilen günä geçişlige düşen 815 tussagyň arasynda bu ýurtda dini ynanjy sebäpli harby gullukdan ýüz öwrendigi üçin ýyl kesilen wyždan bendileriniň hiç biriniň ýokdugyny habar berýär.

“Türkmenistanyň biziň dindeş ýoldaşlarymyzy günäleri geçilen jenaýatçylardan hem has beter jenaýatçy hasaplamagy utançly ýagdaý” diýip, Ýehowa şaýatlary guramasynyň metbugat wekili Jarrod Lopes Azatlyk radiosyna iberen hatynda ýazýar.

“Hökümet parahatçylykly Ýehowa şaýatlaryny olaryň hristian ynançlary sebäpli ala tutýar. Hakyky jenaýat bu ýigitleriň öz maşgalalaryna we jemgyýetlerine alternatiw gulluk arkaly goldaw bermek mümkinçiliginden mahrum edilmegidir” diýip, Lopes aýtdy.

Azatlygyň ozal hem habar berşi ýaly, adam hukuklaryny goraýan halkara guramalary türkmen ýolbaşçylaryny dini ynançlary sebäpli goşunda gulluk etmekden boýun gaçyrýanlary türmä basmak praktikasyny bes etmäge hem-de hökmany harby gulluga derek alternatiw gulluk mümkinçiligini döretmäge çagyrýar.

“Gynansagam, hristian ynançlary sebäpli tussag edilen Ýehowa şaýatlaryna türkmen türmelerinde COVID-19 keseliniň ýokuşmak howpy abanýar” diýip, Jarrod Lopesiň hatynda bellenýär.

Türkmen häkimiýetleri türme şertlerindäki koronawirus howpy sebäpli syýasy tussag hasaplanylýan adamlaryň işlerine gaýatdan seretmek, olary azat etmek baradaky çagyryşlara hiç bir anyk reaksiýa bildirmeýär.