Orsýet, Fransiýa Dagly-Garabagdaky söweşiň bes edilmegine çagyrýar

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we onuň fransuz kärdeşi Emmanuel Makron telefonda gürleşdi.

Öňki çaknyşyklar wagtynda bolşy ýaly, iki tarap hem garşydaşyna ýetirilen harby zyýany ulaldyp görkezip, maglumat söweşine girene meňzeýär.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we onuň fransuz kärdeşi Emmanuel Makron Azerbaýjanyň we etniki ermeni güýçleriniň Dagly-Garabag üstünde alyp barýan söweşlerini bes etmäge çagyrdy.

Kreml 1-nji oktýabrda iki prezidentiň telefonda gürleşip, soňky ýyllarda Dagly-Garabag üstünde turan iň güýçli söweşi duruzmak üçin diplomatik tagallalary ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy.

"Wladimir Putin we Emmanuel Makron garşydaş taraplary derhal atyşygy doly togtatmaga, dartgynlygy gowşatmaga hem-de aňrybaş derejede sabyr-kanagatly bolmaga çagyrdy" diýip, Kreml aýtdy.

Iki lider Orsýetiň, Fransiýanyň we ABŞ-nyň ÝHHG çäklerinde bilelikde ýolbaşçylyk edýän Minsk toparynyň adyndan söweşleri togtatmak we gepleşiklere täzeden başlamak barada beýanat taýýarlamaga taýýardyklaryny aýtdylar.

Azerbaýjanyň goşunlary we ermeni güýçleri söweşi dowam etdirmegi wada berip, doly möçberindäki uruş turmagy we hatda sebitara çaknyşyklarynyň döremegi baradaky aladalary güýçlendirdi.

Sentýabryň aýagynda başlanan atyşyklar soňky ýyllardaky, belki-de Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda 1994-nji ýylda ýaraşyk bilen soňlanan çaknyşyklardan bäri iň agyr söweş bolup görünýär.

Degişli maglumat BMG-niň çagyryşlaryna garamazdan, Dagly-Garabag çaknyşyklary dördünji gününe girýär

Bu agyr çaknyşyklar ýaraglandyrylan pilotsyz uçarlaryň, tanklaryň, dikuçarlaryň we köp raketa ulgamynyň ulanylmagy bilen, habar berilmegine görä, Dagly-Garabagy dolandyrýan etniki ermeni güýçleri bilen Azerbaýjanyň goşunlarynyň arasyndaky araçägiň, Aragatnaşyk liniýasy diýilýäniň köp bölegini öz içine alýar.

27-nji sentýabrda başlan söweşden bäri 100-den gowrak adam, şol sanda asuda ýaşaýjylar hem öldürildi.

Öňki çaknyşyklar wagtynda bolşy ýaly, iki tarap hem garşydaşyna ýetirilen harby zyýany ulaldyp görkezip, maglumat söweşine girene meňzeýär.

Ermenistanda 104 harbynyň we 23 asuda adamyň öldürilendigi hasaba alyndy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi öz güýçleriniň Garabagyň separatist goşunyny 2300 esgerini öldürendigini, "130 tankyny, 200 topyny, 25 uçara garşy ýaragyny, bäş sany ok-däri ammaryny, 50 sany tanka garşy ýaragyny, 55 sany harby ulagyny ýok edendigini" aýtdy.

Azerbaýjan resmileri öz harby güýçleriniň ýitgileri barada jikme-jik maglumat bermediler, ýöne ondan gowrak parahat ýaşaýjynyň öldürilendigini, 40-dan gowrak adamyň ýaralanandygyny aýtdylar. Ermenistan Azerbaýjanyň 130 esgerini ýitirendigini, ýene 200 adamyň ýaraly bolandygyny öňe sürdi.

Söweş Ermenistan bilen howpsuzlyk bileleşiginiň agzasy bolan Orsýeti we NATO-nyň agzasy bolan Türkiýäni hem özüne çekmek wehimini döretdi, Ankara Azerbaýjany "mümkin bolan ähli derejede" goldajakdygyny aýtdy.

Türkiýäniň Goranmak ministri Hulusi Akar 30-njy sentýabrda, beýleki ýokary derejeli türk resmileriniň ýakynda aýdan sözlerine eýerip, Ankaranyň Azerbaýjany Ermenistanyň “basyp alyşlygy” soňlanýança goldajagyny aýtdy.

Ermenistan Türkiýäni söweşe gönüden-göni gatnaşmak üçin harby geňeşçileri we ofiserleri ibermekde aýyplady, emma bu aýdylýanlar garaşsyz ýagdaýda tassyklanmady.

Degişli maglumat Saklanmak barada halkara çagyryşlaryna garamazdan, jedelli Daglyk-Garabagyň üstündäki söweşler dowam edýär

Tassyklanmadyk maglumatlarda Türkiýäniň Siriýada goldan söweşijilerini Azerbaýjan tarapynda söweşmek üçin iberýändigi öňe sürülýär.

Türkiýäniň bu konflikte berk goşulmak ähtimallygyna Liwiýa we Siriýa konfliktlerinde NATO agzasy bilen garşydaş tarapda durýan Orsýet tarapyndan ýakyndan syn edilýär.

Orsýet Azerbaýjany we Ermenistany ýarag bilen üpjün edýän iň uly ýurtlaryň biri bolup, onuň Ermenistanda harby bazasy hem bar.

Türkiýäniň gatnaşygy Ýewropada-da ünsüň ýokarlanmagyna getirdi, Makron Ankarany Azerbaýjany goldap, "geleňsiz we howply" sözleri aýtmakda aýyplady.

Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda ýüze çykan söweşler we Türkiýäniň gatnaşygy ÝB liderleriniň 1-nji oktýabrda, giçlik geçirilýän sammitinde hem ara alnyp maslahatlaşyljaga meňzeýär.

Azerbaýjan bilen Ermenistan Sowet Soýuzynyň soňky ýyllaryndan bäri Dagly-Garabag üstünde dawa edýär we, 1994-nji ýylda baglaşylan oňaýsyz ylalaşyga çenli bolan uruşda 30 müň çemesi adam ýitirdi.

Dagly-Garabag şondan bäri etniki ermeni güýçleriniň gözegçiligi astynda galýar.