Maryda ençeme bazar ýapyklygyna galýan mahaly, Baýramalynyň bazarynda rugsatsyz söwda edýän satyjylar köpelýär

Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynda karantin çäklendirmeleri bilen bagly bazarlaryň ençemesi ýapyklygyna galýan mahaly, maryly söwdagärleriň onlarçasy eklenç gözleginde, mundan 10 gün çemesi öň gaýtadan açylan Baýramaly şäheriniň uly bazarynda we onuň töwereginde rugsatsyz söwda edip başlady.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän ýerli habarçysy bu ýagdaýyň polisiýanyň rugsatnamasyz söwda edýän satyjylary bazaryň daş-töwereginden kowmak we olaryň käbirinden "para almak" çäresini güýçlendirmegine getirendigini aýdýar.

"Baýramalynyň bazaryna Marynyň merkezinden we beýleki etraplardan gelýän satyjylaryň sany köpelýär. Günde 80-90 çemesi satyjy gelýär. Satyjylar bazaryň içine sygman, onuň daşynda, bazara ýakyn köçeleriň ýanýodalarynda harytlaryny ýaýradyp satýarlar. Bazaryň içi we daşy satyjydan doly. Käbir satyjylar öz harytlaryny awtoulagynyň bagažyna salyp satýarlar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 28-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Degişli maglumat Baýramalyda onlarça adam häkimiýetlere garşylyk bildirip, şäher bazaryny açdyrdy

Ýatlatsak, 22-nji sentýabrda Azatlygyň habarçysy pandemiýa sebäpli Baýramalynyň bazarynyň ýapyk saklanmagynyň fonunda, satyjylaryň bazar administrasiýasyna we polisiýa garşylyk bildirip, onuň ýapylmazlygyny gazanandygyny habar beripdi.

Azatlygyň habarçysy welaýatda köp bazaryň ýapyk galýandygy sebäpli Baýramalynyň uly bazarynyň ýüzlerçe adamyň eklenç çeşmesi bolup durýandygyny we oňa dürli etrapdyr şäherlerden ýaşaýjylaryň gelýändigini aýdýar.

Onuň sözlerine görä, bu bazarda söwdagärleriň rugsatsyz söwda etmegi bilen bagly ýagdaý geçen hepdeden bäri dowam edýär. Bu ýere gelen söwdagärler dürli harytlary, egin-eşikleri, şol sanda jorap, köýnek, jalbar, ýaglyk ýaly harytlary satýarlar.

"Şu hepdeden bolsa, söwdagärler bazaryň töwereginde gök-bakja önümlerini hem satyp başladylar. Muňa Marynyň Murgap köçesindäki gök önüm satylýan "Galkynyş" bazarynyň ýapylmagy sebäp boldy" diýip, habarçy belledi.

Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan söwdagärler özleriniň başga alaç tapman, harytlaryny Baýramalynyň bazaryna getirýändiklerini aýdýarlar. Sebäbi olar welaýatda bazarlaryň ýapylmagy bilen özleriniň gazançdan doly kesilendiklerini, şol bir wagtda döwlet tarapyndan hiç hili maddy goldaw berilmeýändigini belleýärler.

Degişli maglumat Marynyň polisiýasy köçede azyk önümlerini satýan satyjylara gözegçiligi güýçlendirdi

Beýleki tarapdan, söwdagärleriň rugsatnamasyz we hiç hili töleg tölemezden söwda etmegi bazar administrasiýasyny biynjalyk edýär. Olar bazaryň daşynda, köçede oturyp söwda edýän satyjylardan ýörite bazar tölegini tölemegi talap edýärler. Ýöne söwdagärler özleriniň bazaryň çäginde söwda tekjeleriniň ýokdugyny aýdyp, tölegi bermekden ýüz öwürýärler.

Belläp geçsek, Türkmenistanda indi 10 ýyldan gowrak wagt bäri ilatyň bazarlaryň daş-töwereginde ýa-da etrapçalaryň aralarynda söwda etmegine rugsat berilmeýär. Türkmen häkimiýetleri söwdanyň bu görnüşiniň bikanundygyny aýdyp, olaryň ýörite rugsatnama we bazarlarda söwda tekjelerini almalydygyny belleýärler.

Şol bir wagtda, söwdagärler polisiýa işgärleriniň her gün bazaryň töwereginde aýlanyp, satyjylaryň harytlaryny ellerinden alýandygyny we olary köçeden kowýandygyny aýdýarlar. Ýöne olara para beren söwdagärleriň bazarda söwda etmegine rugsat berilýändigini belleýärler.

"Soralan parany bermeseň, polisiýa işgärleri söwdagärleri bazardan kowýar ýa-da harydyny ellerinden alyp, polisiýa merkezine barmagy tabşyrýarlar. Köp satyjylylar ýerlerinden turman, polisiýa işgärlerine garşylyk görkezýärler. Söwda etmek isleýän satyjylar ahyr-soňy olara para bermäge mejbur bolýarlar" diýip, habarçy söwdagärlere salgylanyp aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Baýramaly şäheriniň bazaryndan, häkimliginden we polisiýa müdirliginden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Degişli maglumat Türkmenistanda adamlaryň koronawirusdan ölmegi dowam edýär, hökümet saglyk işgärlerine ýeňillikleri bermek kararyny yglan edýär

Azatlygyň habarçysynyň 22-nji sentýabrda beren maglumatlaryna görä, 19-njy sentýabr güni Baýramalynyň uly bazarynyň satyjylaryndan we alyjylardan ybarat onlarça adamlyk topar bazaryň gapysynda polisiýa tarapyndan goýlan demirleri üýşüp, göterip gyra zyňdylar.

Bazar derwezesiniň öňünde jemgyýetçilik tertibine gözegçilik edýän polisiýa işgärlerine garşylyk bildiren adamlar köpçülik bolup, öz nägileliklerini beýan etdiler. Şonda habarçy olaryň nägileligini häkimiýetleriň kanagatlandyrandygyny aýdypdy.

Türkmenistanda iýul aýynyň ahyrlaryndan başlap, karantin çäreleriniň çäginde bazarlar, söwda we dynç alyş merkezleri ýapylyp başlandy. Ýurt boýunça girizilen çäklendirmeler Baýramalynyň uly bazaryny hem ýapdyrypdy.

Türkmen häkimiýetleri karantin çäklendirmeleriniň çäginde ýurt boýunça näçe desganyň ýapylandygy we munuň näçe adamyň işine, eklenjine täsir ýetirendigi baradaky maglumatlary aç-açan beýan etmeýärler. Bu barada resmi mediada hem mesele gozgalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.