Halk Maslahaty konstitusion üýtgetmeleri tassyklady

Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary ýurduň baş kanunyna giriziljek nobatdaky üýtgetmeleri we goşmaçalary biragyzdan makullady. Ýurduň parlamenti bu kanuny dessine kabul etdi, prezident gol çekdi.

25-nji sentýabrda Türkmenistanda wideoaragatnaşyk arkaly Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Degişli maglumat Türkmen aktiwistleri ABŞ-da Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň üýtgedilmegine garşy protest geçirýär

Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar "Türkmenistanyň konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky" kanun taslamasyny makullady. Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow kanun taslamasynyň kabul edilmegi üçin, onuň parlamentiň garamagyna hödürlenýändigini mälim etdi.

TDH-nyň habaryna görä, Halk Maslahatynyň üçünji mejlisinde arakesme yglan edilende, Türkmenistanyň parlamentiniň altynjy çagyryşynyň deputatlary ýygnanyp, konstitusion üýtgetmeler hakyndaky kanuny kabul etdi.

Resmi maglumatdan mälim bolşuna görä, soňra prezident Berdimuhamedow kanuna gol çekdi we Türkmenistanda täze konstitusion üýtgetmeler kabul edildi.

Täze üýtgetmelere görä, Türkmenistanyň parlamenti iki palataly ulgama geçýär. Kanun taslamasy 2020-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň döwlet metbugatynda çap edildi.

Degişli maglumat Baş Kanuna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy çap edildi

Oňa laýyklykda, Türkmenistanyň konstitusiýasyndan bir madda aýrylýar, üç madda goşulýar we baş kanunyň 27 maddasyna üýtgetme girizilýär. Täze kanun 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje girýär.

Türkmenistanda Konstitusiýany üýtgetmek işlerine geçen ýylyň sentýabrynda girişildi we ony üýtgetmek boýunça döredilen topar bir ýyla golaý wagtyň dowamynda dört mejlis geçirdi. Hökümet tankytçylary täze üýtgetmeler kabul edilende halka sala salynmandygyny aýdýarlar.

Iki palataly ulgamda kanun çykaryjy häkimiýet Milli Geňeş atlandyrylýar we ol Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat bolar. Täze kanunda “Türkmenistanyň Milli Geňeşi (Parlament) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr” diýilýär; Halk Maslahaty parlamentiň ýokary palatasy, Mejlis aşaky palatasy bolar. Täze Halk Maslahatynyň düzümine her welaýatdan we welaýat hukukly şäherden sekiz agza saýlanar, ýene sekiz agza Türkmenistanyň prezidenti tarapyndan bellener. Täze goşmaçalara görä, ýurduň eks-prezidentleri Halk Maslahatynyň ömürlik agzasy bolup bilýär.

Daşary ýurtlardaky türkmen oppozisiýa wekilleri täze üýtgetmeleri berk tankyt edip, onuň Türkmenistanda häkimiýetiň bir elde jemlenmegine we soňy bilen ýurtda häkimiýetiň nesilden-nesle geçmegine ýol açýandygyny aýdýarlar.

Munuň bilen baglylykda, türkmen oppozisiýa wekilleri 1-nji sentýabrda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş binasynyň öňünde, 2-nji sentýabrda Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçihanasynyň öňünde Türkmenistandaky täze konstitusion üýtgetmelere garşy miting geçirdiler. Mitinglere gatnaşyjylar baş kanuna giriziljek islendik üýtgetmäniň Türkmenistanda referendum arkaly kabul edilmegine çagyryş etdiler.

Degişli maglumat Türkmenistanlylar ABŞ-da Berdimuhamedowa garşy protest geçirýärler

Mitingler dowam edýän wagty Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda täze döredilen “Türkmenistanyň demokratik saýlawy”, (DWT) halk hereketiniň lideri Myrat Gurbanow täze üýtgetmeleriň Türkmenistanyň döwlet gurluşynda häkimiýetleriň bölünişigi ýörelgesine gabat gelmeýändigini aýtdy.

Halk Maslahatynyň 25-nji sentýabrda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen üçünji mejlisinde başga-da birnäçe mesele gozgaldy.

TDH-nyň habaryna görä, maslahatda eden çykyşynda prezident Berdimuhamedow dünýäde dowam edýän koronawirus pandemiýasynyň fonunda Türkmenistanda saglygy goraýyş işgärlerine goşmaça ýeňillikleriň hödürlenmegini teklip etdi.

Türkmenistanyň saglyk edaralary şu wagta çenli ýurtda resmi taýdan tassyklanyp, hasaba alnan hiç hili koronawirus wakasy barada habar bermedi.

Halk Maslahatynyň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisine Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndan gatnaşan wekiller her welaýatyň administratiw merkezinde ýerleşýän “Ruhyýet” köşklerinde, Ahal welaýatynyň wekilleri "Ak öý" binasynda we Aşgabadyň wekilleri "Mekan" köşgünde ýygnandy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy 24-nji sentýabrda Mary welaýatynda häkimiýetleriň Halk Maslahatyna gatnaşyjy ýerli wekilleri welaýatyň “Ruhyýet” köşgüne bir gün öňünden ýygnap, Halk Maslahaty üçin öňünden wideo ýazgy edilendigini habar berdi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Azat Adalga: Konstitusion üýtgetmeler

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.