Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji sentýabrda dünýäde koronawirus pandemiýasynyň täsirine döz gelmedik adamlaryň "sanynyň ýüz müňlerçä ýetmegine" çuňňur gynanjyny bildirdi, ýöne bu gynanjyň türkmenistanlylara degişlidigini ýa däldigini aýtman, ýene bir gezek ýurtda koronowirusyň ýaýramagyna garşy "netijeli gorag çäreleriniň" görlendigini gaýtalady.
Ýerli synçylar türkmen prezidentiniň köplenç daşary ýurtlarda bolýan betbagtçylyklara gynanç bildirip, öz ýurdunda bolýan zatlary "görmeýändigini", türkmen döwlet mediasynda ölüm, tebigy hadysa maglumatlarynyň hem çap edilmeýändigini, netijede türkmenistanlylara gynanç bildirýäniň hem ýokdugyny aýdýarlar.
Pandemiýa döwründe gonamçylyklardaky täze mazarlaryň sanynyň görülmedik derejede artandygyny görkezýän maglumatlara garamazdan, resmi Aşgabat ýurtda hiç bir koronowirus hadysasyny tassyklamady, ýüz maskalaryny geýmek zerurlygyny howadaky tozan derejesiniň artmagy bilen düşündirdi we ençeme gezek dünýä öz saglygy goraýyş tejribelerini paýlaşmak teklibi bilen ýüzlendi.
Degişli maglumat BMG-niň wekili Aşgabadyň COVID-19 'syryny' ýurtda ilatyň 'azlygy' bilen düşündirýärŞeýle-de, türkmen prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisine gatnaşyjylara eden wideoýüzlenmesinde dünýäniň dürli künjeklerinde adam ömri üçin zähmet çekýän saglyk işgärlerine minnetdarlyk bildirdi.
Syzyp çykan maglumatlara görä, Türkmenistanda ýokanç kesellere garşy göreşýän saglyk işgärleri hem, synçylaryň aýtmaklaryna görä, iş şertleriniň ýaramazlygy, döwlet üpjünçiliginiň pesligi, üstesine, saglyk meselesine syýasatyň "gödek" goşulyşmagy netijesinde, agyr ýagdaýda galdy.
Ýöne häkimiýetler, beýleki raýatlar babatynda bolşy ýaly, saglyk işgärleriniň arasyndaky koronawirus ýokuşmalary, ölüm hadyslary barada hem hiç bir maglumat çap etmeýär, olaryň hossarlaryna gynanç bildirmeýär.
Sebitdäki goňşy ýurtlardan tapawutlylykda, Türkmenistan kyn şertlerde işläp, öz janyny töwekgellige salýan saglyk işgärlerine goşmaça töleg hem tölemeýär ýa-da bu barada açyk maglumat berilmedi.
Azatlyk radiosy Türkmenistanyň saglyk pudagyna ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň müňlerçe saglyk işgärini ştat kemeltmä düşürip, regionlardaky hassahanalary, saglyk nokatlaryny köpçülikleýin ýapan wagtyndan bäri yzygiderli syn edýär we öňki saglyk ministriniň häkimiýet başyna gelmegi ýurtdaky saglyk hyzmatlarynyň derejesiniň peselmegini togtatmady, muňa derek näçe kän saglyk binasy gurulsa, şonça kän näsag daşary ýurtlara özüni bejertmäge gitdi diýip, saglyk ulgamyndaky çeşme aýdýar.
Degişli maglumat Aktiwistler garaşsyz saýt açyp, Aşgabadyň COVID-19 ‘tapmaçasyny’ çözmekde hyzmatdaşlyga çagyrýarHerhal, COVID-19-yň garşysyna ýüzärlik tütetmek, unaş we sazak püri bilen göreşmegi wagyz eden Berdimuhamedow öz ýüzlenmesinde koronawirusyň "serhetsiz, ösen dünýäniň ähli ulgamlaryna örän ýaramaz täsirini ýetirýän ählumumy möçberdäki wehimdigini" boýun alýar.
Ýöne muňa garamazdan, hökümet mejlislerinde yglan edilen sanlara seretseň, bu howp türkmen ykdysadyýetine beýle ýaramaz täsir ýetirmedi we şu sebäpden işini ýitiren, kyn ýagdaýa düşen maşgalalara döwlet kömegi hem berilmedi.
Ikinji tarapdan, daşary ýurtlarda protest çärelerini gurnan türkmen aktiwistleri tarapyndan ýurtda açlyk döretmekde we hakyky ýagdaýy ýaşyrmakda, dünýä jemgyýetçiliginiň howply keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin edýän tagallalaryny gowşatmakda aýyplanan türkmen lideri bu wehimi "diňe jebislik we raýdaşlyk bilen ýeňip geçip" boljagyny aýdýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Täjigistan Merkezi Aziýada hiç bir koronawirus hadysasyny tassyklamadyk we köpçülik çärelerini çäklendirmedik iki ýurt boldy we Duşanbe Bütindünýä saglyk guramasynyň missiýasyny kabul etmeginiň öňüsyrasynda bu pozisiýasyndan çekildi.
Emma Aşgabat halkara ekspertleriniň ýurda gelmegini gijikdirmek we soň olara öz resmi maglumatlaryny tassyklatmak bilen, şindi hem dünýäde koronowirus ýokuşmasy hasaba alynmadyk az sanly ýurtlaryň biri bolmagynda galýar.
Degişli maglumat Türkmen aktiwistleri ABŞ-da çykyş edip, Türkmenistana we ýurtdaky problemalara ünsi çekýärlerÝogsa, Berdimuhamedow il ýüzüne BSG-nyň başlygynyň gaýtadan, halkara saglyk hünärmenleriniň has garaşsyz barlag geçirmegi we olaryň netijelerini öz barlaghanalarynda barlamagy baradaky teklibi bilen hem ylalaşdy.
Ýöne, "hakyky ynsanperwerligi görkezmek biziň iň beýik syýasy we ahlak borjumyzdyr" diýse-de, Berdimuhamedowyň bu barlagy haçan geçirtjegi belli bolman galýar.
Berdimuhamedowyň wideoýüzlenmesinde koronawirusdan soň ykdysadyýet, ekologiýa barada hem durlup geçildi, ýöne ýurtdaky azyk nobatlary, ilatyň maliýe kynçylyklary hakynda agzalmady.
Onuň sözlerine görä, "koronawirus pandemiýasy ählumumy ykdysadyýetiň barşyna we ugurlaryna ep-esli derejede ýaramaz täsirini ýetirýär". Ol bu meseläniň bir çözgüdini "energiýanyň iberilmeginiň durnuklylygy we ygtybarlylygy ulgamynda" görýär.
Resmi Aşgabat bu pikirini pandemiýadan öň hem aýdýardy we, synçylaryň käbiriniň pikiriçe, nebit bahalarynyň we energiýa bazarynyň soňky ýagdaýlary bilen baglylykda, ol indi öňki ähmiýetini hem ýitirýär we Türkmenistanyň guran we gurjak geçirijileri onuň diwersifikasiýa edilmedik ykdysadyýetine kömek etjege meňzemeýär.
Berdimuhamedow pandemiýa bilen baglylykda, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işi, bu sebitde ýaşaýan adamlara iş ýüzünde anyk kömek we goldaw bermek zerurlygy barada hem durup geçdi. Emma ýerli synçylar sebitdäki ekologiýa problemalarynyň hiç bir halkara gaznasynyň kömegi bilen çözülmejekdigini, sowet döwründen gelýän mejbury zähmet, suwy we ýeri bisarpa ulanmak praktikasyny bes etmelidigini öňe sürýärler.
Degişli maglumat F.Tuhbatullin: MHM üçin ekologiki howpsuzlyk birinji orundaky problema bolmalyTürkmen prezidenti dünýäde "harby-syýasy garşylyklaryň barha ýaýbaňlanmagyndan", "halkara hukugyna biperwaý garalmagyndan" hem alada bildirýär.
Onuň pikiriçe, ähli ýurt BMG-niň Tertipnamasyndan gelip çykýan umumy ykrar edilen kadalary yzygiderli berjaý etmeli.
"Diňe şeýle etmek bilen, dünýä syýasatyndaky durnuklylygy we geljege bolan ynamy saklap bolar, dawalaryň ýüze çykmak töwekgelçiligini azaldyp bolar" diýip, Berdimuhamedow aýdýar.
Garaşsyz hünärmenleriň ýurda gelip görmegine rugsat bermeýän Türkmenistan halkara hukuk toparlary, şol sanda BMG-niň adam hukuklary guramasy, ABŞ senatorlary tarapyndan adam hukuklaryny we azatlyklaryny bozmakda, öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmezlikde yzygiderli tankyt edilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.