Syýahat guramasy pandemiýadan soňky Türkmenistanda syýahatçylygy dikeltmegiň gürrüňini edýär

"Awaza" görnüşi

BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO) wekili Türkmenistanyň syýahatçylary, ýene-de syýahata gelmekleri üçin, özlerini ýurtda howpsuz we ynamly duýýar ýaly etmeli boljakdygyny aýdýar.

"Bu syýasy ýolbaşçylygy, ýurduň döwlet we hususy pudaklarynyň hyzmatdaşlygyny, halkara hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmagy talap eder" diýip, “Trend” neşiri BSG-nyň ady aýdylmadyk resmisine salgylanyp habar berýär.

Guramanyň resmisiniň aýtmagyna görä, syýahatçylygyň gaýtadan başlanmagy bu pudagyň Türkmenistanda we beýleki ýerlerde hödürleýän köp sanly sosial we ykdysady peýdasynyň yzyna gaýdyp gelmegini aňladýar.

COVID-19 pandemiýasynyň dünýä ykdysadyýetinde syýahatçylyga iň agyr zarba urandygyny bellän resmi Türkmenistanyň, umuman alnanda, bu ugurdaky mümkinçilikleriň az däldigini, Köneürgenç ýaly belli medeni ýadygärlikleriň, “Awaza” ýaly deňiz şypahanalarynyň bardygyny, bularyň ikisiniň hem jahankeşde çekmekde ulanylyp bilinjekdigini ýatlatdy.

Syýahatçylygy jogapkärçilikli we yzygiderli ösdürmek Türkmenistana köp peýda getirer diýip, ol aýtdy.

"Türkmenistan Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşensoň, syýahatçylyk taryhy ýoluň ugrunda tapylan özboluşly medeniýeti goramaga we ösdürmäge kömek edip biler. Bu ýene-de iş orunlarynyň we mümkinçilikleriň köpelmegine getirer” diýip, BMG-niň syýahat guramasynyň resmisi “Trend” neşiri bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Türkmenistan özünde hiç bir koronawirus hadysasyny resmi taýdan hasaba almadyk az sanly ýurtlaryň biri bolmagynda galýar. Mundan başga, pandemiýadan öňem Aşgabat wiza düzgünlerini aşa çylşyrymlaşdyran, hatda daşary ýurtlarda ýaşaýan etniki türkmenleri hem syýahata “saýlap” goýberýän döwletiň paýtagty bolup durýar.

Şol bir wagtda, TDH-nyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň hökümet maslahatlarynda ýurduň syýahat mümkinçiliklerini netijeli ulanmak hakynda yzygiderli gürrüň edilýär we degişli ýolbaşçylara ýylda “birnäçe tabşyryk” berilýär.