Müňlerçe aýal-gyz prezident Aleksandr Lukaşenkanyň işinden aýrylmagyny talap edýän ýörişe gatnaşandan bir gün soň, müňlerçe oppozisiýa tarapdary 20-nji sentýabrda ýene-de Minskiň merkezine ýygnandy.
Häkimiýetler paýtagtda we ýurduň dürli ýerlerinde meýilleşdirilýän ýörişiň öňüsyrasynda bronly ýük awtoulaglaryny we tikenek simleri Minskiň merkezine getirdi.
Demonstrasiýa ýurduň dürli ýerlerinde sagat 1 töwereginde başlandy.
Soňky bir aýyň dowamynda Belarusda 9-njy awgustda Lukaşenkany ýeňiji diýip yglan eden prezident saýlawlarynyň netijelerine garşy çykýan uly protest ýörişleri gurnaldy.
Oppozisiýanyň esasy ýolbaşçylarynyň ählisi diýen ýaly ýurtdan çykmaga mejbur edildi ýa-da tussag astyna alyndy. Barha gerimi geňelen basyşlar netijesinde polisiýa tarapyndan müňlerçe adam tutuldy ýa-da urlup-ýenjildi.
19-njy sentýabrda Minskiň merkezinde birnäçe müň aýal ýöriş edip, pitnä garşy polisiýasy bilen gysga wagtlyk gapma-garşylyga girdi, soň olaryň ýollaryny petiklediler.
Gara egin-eşikli polisiýa ofiserleri el-ele berip duran ýüzlerçe zenany haýdap, polisiýa awtoulaglaryna münmäge mejbur etdi.
Bu demonstrasiýa, oppozisiýa we Günbatar prezident saýlawlarynyň netijeleriniň gaplaşdyrylandygyny aýdanyndan soň, 26 ýyl bäri häkimiýet başynda bolan Lukaşenkanyň işinden çekilmegini talap edýän soňky ýöriş bolup, 20-nji sentýabrda Lukaşanka garşy guralan has uly protest çäresine itergi berdi.