Rus dilindäki sapaklaryň ýatyrylmagy, barlaglar we rus dilinde geplemezlik talaby. Türkmenistandaky mekdeplerde näme bolýar?

Mekdep okuwçylary, sentýabr, 2020

Aşgabadyň mekdeplerinde we çagalar baglarynda barlaglar dowam edýär. Bilim resmileri bolup geçýän wakalar barada düşündiriş bermeýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçylary paýtagtyň mekdeplerindäki barlaglaryň rus dilinde sapak berýän klaslaryň ýapylmagy bilen baglydygyny aýdýarlar. Bu aralykda Orsýetiň DIM-i türkmen tarapyndan rus dilli sapaklaryň ýatyrylmagy barada düşündiriş sorady.

Azatlygyň habarçylary tutuş ýurt boýunça rus dilindäki sapaklaryň ýatyrylýandygyny we paýtagtyň mekdeplerinde barlaglaryň dowam edýändigini habar berýärler.

"Aşgabatdaky ähli mekdeplerde we çagalar baglarynda barlaglar geçirilýär. Korrupsiýa garşy diýip, düşündirýärler, emma aslynda para, ilkinji nobatda rus klaslaryna ýerleşdirmek üçin alnan para üçin tutýarlar" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 15-nji sentýabrda habar berdi.

Şeýle-de ol, paýtagtyň 27-nji mekdebiniň müdiriniň tussag edilendigini aýtdy. Emma bu ýagdaýyň sebäpleri we jikme-jikleri belli däl.

Degişli maglumat Mekdeplerdäki 'arassalaýyş' güýçlenýär, emeldarlar emläklerini 'ýaşyrmaga' çalyşýar

Aşgabatdaky başga bir habarçymyz rus dilinde sapak berýän mekdepleriň ýene biriniň ýolbaşçysynyň işden aýrylandygy barada habar berdi.

"Şu gün 15-nji mekdebiň müdiri işinden aýryldy. Rus bölümleri bolan beýleki mekdeplerde, şeýle-de ýaşaýan ýeriniň propiskasy mekdebiň ýerleşýän ýerine gabat gelmeýän çagalar okaýan mekdeplerinde arassalaýyşlar geçirilýär. Mysal üçin, welaýatly çagalar. Öň mekdep müdirleri olary paýtagtda propiskasy bolmasa-da para-peşgeş bilen okuwa alýardy" - diýip, aşgabatly habarçymyz 9-njy sentýabrda aýtdy.

Ondan öň Aşgabatdaky 7-nji we 64-nji mekdeplerde geçirilen barlaglar barada habar berlipdi.

30-njy awgustda "Turkmen.news” neşiri 64-nji mekdebiň rus bölüminiň ýapylýandygy barada yglan edilensoň okuwçylaryň ene-atalarynyň protest bildirendigini, şeýle hem mekdebiň müdiri Bäşim Gaýtnazarowyň işden aýrylandygyny habar beripdi. 1-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Bäşim Gaýtnazarowyň keselhanadadygyny we onuň ýagdaýynyň agyrdygyny habar berdi.

Rus dilinde sapak berýän klaslar welaýat mekdeplerinde-de ýapyldy.

Azatlygyň Lebapdaky habarçylarynyň sözlerine görä, orta mekdepleriň mugallymlaryna rus dilinde sapak berýän klaslaryň mundan beýläk açylmajakdygy we okuw programmasyndaky rus dilini öwrenmegiň sagatlarynyň azaldyljakdygy aýdylypdyr.

"Şenbe güni, koronawirus karantinine garamazdan, Türkmenabatyň we Farap etrabynyň häkimlikleriniň bilim bölümlerinde rus mugallymlarynyň ýygnagy geçirildi. Duşuşyga Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň wekilleri, häkimleriň orunbasarlary, prokurorlar we bilim işgärleri ýolbaşçylyk etdi. Rus klaslary koronawirus sebäpli ýapylmandyr. Olar indi asla açylmaz. Oktýabr aýyndan başlap, mekdep programmasyna girýän rus dili sapaklary azaldylar ýa-da ýok ediler "- diýip, Türkmenabatdaky habarçymyz 14-nji sentýabrda aýtdy.

3-nji sentýabrda döwlet edaralarynyň birindäki çeşmämiz Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli ähli mekdeplerde rus dilinde okadylýan sapaklary ýok etmek meselesine hökümet derejesinde seredilýändigini habar beripdi.

Rus dilinde okadýan klaslaryň ýok edilmeginiň fonunda ilat häkimiýetleriň rus dilinde geplemezlik talaby bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Degişli maglumat Çeşme: Rus dilindäki klaslaryň ýapylmak ähtimallygy barada hökümet derejesinde maslahat edilýär

"Türkmenabat şäherinde we Çärjew hem Farap etraplarynda rus dilinde gürleýän türkmen maşgalalarynyň agzalaryndan türkmençe gürlemek talap edilýär. Käbirler öý dolandyryş edaralaryna çagyryldy we olara işinden kowulmak haýbaty atyldy" - diýip Lebapdaky habarçymyz aýdýar.

Ýurduň häkimiýetleri rus dilinde okadýan klaslary ýapmak barada resmi derejede beýanat ýaýratmadylar. Döwlet habar beriş serişdeleri bolup geçýän wakalary beýan etmeýärler.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Bilim ministrliginden rus dili sapaklarynyň ýatyrylmagynyň sebäpleri barada düşündiriş alyp bilmedi.

15-nji sentýabrda Orsýetiň Daşary işler ministrligi Aşgabadyň mekdeplerinde rus dilindäki sapaklaryň ýapylmagy barada beýanat çap etdi. Beýanata görä, Orsýetiň Daşary işler ministrligi rus dilli sapaklary dikeltmek maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine hat iberip, düşündiriş sorapdyr we munuň Orsýet Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda 2002-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanda rus dilini öwrenmegi, Orsýetde bolsa türkmen dilini öwrenmegi höweslendirýän düzgünleri berjaý etmek baradaky ylalaşyga gabat gelýändigini belläpdir.

Geçen hepde Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen mekdepleriniň rus dilindäki bölümleriniň ýapylmagyna gynanç bildirdi. Ilçihananyň web sahypasynda 7-nji sentýabrda çap edilen habarda aýdylyşyna görä, rus dilinde bilim alýan okuwçylaryň ene-atalaryna bu bilim edaralarynda häzirki sanitariýa we arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň mümkin däldigi sebäpli mekdep administrasiýasy tarapyndan şeýle karara gelnendigi aýdylypdyr.

Habarçylaryň we Azatlygyň çeşmelerine görä, rus dilinde okadýan synplaryň ýapylmagynyň sebäbi syýasy karar bilen baglanyşykly bolup biler.

Prezidentiň administrasiýasyna ýakyn çeşme rus dilli sapaklaryň ýapylmagynyň ýaňy-ýakynda ýurtdan çykyp giden etniki türkmenleriň türkmen pasportlaryny ýyrtmagyna degişli ýüze çykan waka bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

"Prezident uçarly ýurtdan gidip barýan türkmenleriň türkmen pasportlaryny ýyrtyp, taşlamagyna degişli bir wakadan gahar-gazaba mündi. Bar zat şondan soň başlandy. Ol rus dilindäki ähli bilimi azaltmagy tabşyrdy, 2030-njy ýyla çenli, ýa-da aýdylmagyna görä, hatda 2025-nji ýyla çenli rus dilinde Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebinden başga rus dilinde bilimiň hemmesini ýok etmegi buýurdy" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz hökümetdäki çeşmäni sitirleýär.

28-nji awgustda “Turkmen.news” neşiri 25-nji awgustda Türkmenabad-Moskwa arasynda gatnan S7 howa ýollarynyň uçarynda Orsýetiň we Türkmenistanyň raýatlygyna eýe bolan birnäçe adamyň uçuş üçin ähli zerur gözegçiliginden we barlaglardan geçensoň hemmä göz edip, türkmen pasportlaryny ýyrtyp taşlandygyny habar berdi.

Öňki ýyllarda Türkmenistanda türk dilinde okadýan bilim edaralary ýatyryldy. Türk dilinde okadýan uniwersitet we mekdepler ýapyldy.

Türkmenistanyň ilatynyň arasynda rus we türk dilleriniň meşhurlygy artýar. Köp adam sputnik antennalary arkaly rus we türk telekanallaryna tomaşa edýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.