Daşkentde pandemiýa wagtynyň çäklendirmesini bozandygy üçin, ýaş maşgala jerime salyndy

Illýustrasiýa suraty

Daşkendiň içeri işler bölümi pandemiýa wagtynda düzgüni bozup, toý üýşmeleňine 30-dam köp adam çagyrandygy üçin, ýaş maşgala jerime saldy.

Toý dabarasy baradaky wideo sosial ulgamda ýaýradylandan soň, Daşkent şäheriniň içeri işler bölümi bolan ýagdaýy öwrendi.

«Wideo 9-njy sentýabrda Daşkent welaýatynyň Daşkent raýonynda düşürilipdir. Öýlenýän ýigit 29 ýaşly Ahmedjon T. çakylyga öz dostlary bilen gelipdir. Mundan daşary-da, Ahmedjon öz jaýynyň howlusynda, ýagny Şaýhantahur raýonynda aýratyn toý tutup, oňa 40-dan gowrak myhman çagyrypdyr» diýip, kanun goraýjy edara habar berýär.

Bolan ýagdaý barada protokol düzülipdir hem toý tutan ýigit Özbegistan Respublikasynyň Administratiw jogapkärçilik baradaky kodeksiniň 54-nji maddasy («Epidemiýa bilen göreşde düzgüni bozmak») boýunça administratiw jogapkärçilige çekilipdir. Indi ýaşlar takmynan 430 amerikan dollary çemesinde jerime tölemeli bolarlar.

Golaýda Özbegistanyň koronawirusa garşy ştabynyň agzasy Rustam Ikramow toý üýşmeleňlerine 30 adamdan köp myhman çagyrmazlyk düzgüni azyndan sentýabr aýynyň aýagyna çenli saklanar diýdi.

Ýatlatsak. Özbegistanda 15-nji awgustdan başlap, koronawirus bilen baglanyşykly girizilen karantin çäreleri etaplaýyn – az-azdan ýeňilleşdirilýär. Ol ýeňilleşdirme toý-märekelere-de degişli boldy. Şeýlelikde, Özbegistanda 15-nji awgustdan soň 30 adamdan geçmedik ýagdaýda toý tutmaga rugsat edildi, oňa-da iň ýakynlaryny hem şol raýonda ýaşaýan beýleki garyndaşlaryny çagyrmaga rugsat berildi.

Mundan daşary-da märeke diňe toý tutýan adamyň öýünde, berk sanitar-gigiena düzgünleriniň kadalaryna laýyklykda geçirmäge rugsat edilýär.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.