Kerimow döwründe-de, Mirziýaýew wagtynda-da hökmürowan häkim

Fergana welaýatynyň häkimi Şuhrat Ganiýew.

Özbegistanly bloger Badahon Haýdarow wagtlaýyn tussaghanada oturandan soň, mundan birnäçe gün öň azatlyga çykdy. Ol Fergana welaýatynyň häkimi Şuhrat Ganiýewiň wezipeden çekilmegine çagyryş edipdi. Ol häkim bolsa garamagyndakylara haýbat atmagy hem zabunlygy bilen tanalýar. Halamaýan adamlarynyň üstüne birnäçe gezek topulsa-da, jogap çekerin diýen gorkusy ýoga meňzeýär.

Özbegistanyň prezidenti hem-de beýleki ýokary derejeli resmiler döwleti dolandyrmak usulynda reforma geçirmegi, adamlaryň hukugyna hormat goýmagy beýik tribunadan aýdyp gelýärler. Şol wagtyň özünde Özbegistanyň günortasynda ýerleşen Fergana welaýatynyň häkimi öz garamagynda bolanlara agzyna gelenini aýdýar hem islänini edip bilýär, şondan soňra-da özüne jeza berilmeginden heder etmeýär.

Şuhrat Ganiýew 1968-nji ýylda Fergana welaýatynyň Margilan şäherinde dünýä inipdi. Indi 2011-nji ýyldan bäri-de bu welaýata ýolbaşçylyk edip gelýär. Ol bu uly wezipäni awtoritar prezident Islam Kerimowyň döwründe alypdy, ondan öň üç ýyllap welaýatyň häkiminiň orunbasary boldy.

Ganiýew ýolbaşçylyk edýän döwründe ýowuz häsiýetleri, adamy kemsidiji sözleri aýtmak bilen tanaldy. Beýle ýaramaz gylyklaryndan birini ol golaýda görkezdi.

Eksklaw

Soh eksklawynyň daş-töweregini Gyrgyzystan gurşap dur. Ýer Özbegistana degişli bolsa-da, ilatynyň köprägini täjikler düzýär. Soh Fergana welaýatyna degişli bolansoň, onuň ýolbaşçysy, elbetde, Ganiýew bolup durýar.

Soh ekerançylyk sebiti bolup, ýeri daşly, şonuň üçinem ondan hasyl almak kyn. Gyrgyzlar bilen suw üstündäki dawa yzygiderli dowam edýär.

31-nji maýda ol ýerde ýene çaknyşyk döräp, Sohyň ýaşaýjylary gyrgyzlar bilen çaknyşmaly boldular. Birek-birege daş atyşdylar, 200-den gowak adam ýaralandy hem birnäçe jaýa ot berildi.

Şuhrat Ganiýew Soha baryp, gyrgyz resmileri bilen duşuşyp, bu çaknyşygy kada getirmek isledi.

Ol şonda çaknyşygyň dörän ýeri Sohdaky Çaşma obasynyň ýaşaýjylary bilen-de duşuşdy. Ýöne duşuşyk netijesiz tamamlandy. Welaýat ýolbaşçysy özbek hökümetiniň bir daban ýeri-de, hatda “bir bedre suwy-da” başgalara bermejekdigine kepil geçse-de, ony diňlän bolmady.

Ganiýewiň daşyny harbylar gorap duranam bolsa, ony hem gelen delegasiýany daşladylar. Ganiýew öz gezeginde eksklaw bilen serhedi baglap, ol ýeri ýok etjekdigini aýdyp haýbat atdy hem birnäçe adamy türmä basjagyny mälim etdi.

Şonuň ertesi gün bu ýere ýerli adamlar bilen gürleşmek üçin, Özbegistanyň premýer-ministri Abdulla Aripow geldi.

Bloger

Ýerli ýaşaýjylar Aripowa öz meselelerini aýtdylar.

Hususan-da, olardan biri, 22 ýaşly Haýdarjon Bobohaýdarow Sohda bar bolan meseleleri ýeke-ýeke sanap, Ganiýewiň wezipesinden çetleşdirilmegine çagyryş etdi. Dadahon Haýdarow ady bilen tanalýan ol blogeriň YouTube kanalynda öz sahypasy bolup, onuň 800 müň çemesi abunaçysy bar.

Bloger Dadahon Haýdarow.

Aripow Sohdaky meseleleriň çözüljekdigi barada wada berip, gyrgyzystanlylar bilen bolan çaknyşyk sebäpli oba adamlarynyň hiç birine aýyplanma bildirilmejekdigine söz berdi.

Ýöne 22-24-nji awgust aralygynda Sohda on çemesi adam, şol sanda bloger Haýdarow – hökümet wekillerine garşy durmakda hem resmi wekillere garşy güýç ulanmakda aýyplanma bildirilip saklandy. Olary dikuçar bilen Fergana getirdiler.

25-nji awgustda Sohdan bolan alty adama bildirilen aýyplamany Baş prokuratura tassyklady, ýöne Haýdarow olaryň arasyna düşmedi.

Administrasiýa ýolbaşçysy

Ganiýew, megerem, nähilidir bir sebäp bilen wezipeden aýryp bolmaýan çinowniklerden bolsa gerek. Ýogsa wezipä bellenenden üç ýyl geçenden soň, Ganiýewiň häsiýetiniň döwlet ýolbaşçysyna gelişmejekdigi aýan bolupdy.

2018-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Özbegistandan bolan zähmet migrantlaryny Orsýete alyp barýan awtobus Gazagystanyň çäginde ot aldy. Awtobusda bolan 57 ýolagçydan 52 adam ýangynda galyp öldi. Olardan 16 adam Fergana welaýatynyň Taşlak raýonyndandy.

20-nji ýanwarda prezident Mirziýaýew ýogalanlaryň maşgalasyna öz gynanjyny bildirdi hem-de Özbegistanyň ilatynyň iş gözläp daşary ýurtlara gitmäge mejbur bolýandygyna gynanýandygyny aýtdy. Ol ýerli ýolbaşçylary köpräk iş orunlaryny açmaga, adamlary öz ýurdunda iş bilen üpjün eder ýaly şert döredilmegine çagyryş etdi.

Ganiýew bolsa 23-nji ýanwarda ýerli häkimler bilen geçiren selektor maslahatynda, Taşlak raýonynyň Fergana welaýatyny masgara edendigini aýtdy.

«Näme üçin gazanç etmäge[Fergana welaýatyndan] bolan20-22ýaşly ýetginjekler gitmeli? Muňa olaryň hossarlary näme diýýär? Olar näme kermi? Indi olaryň ählisi bir garyp uçastka inspektoryny aýyplaýarlar. Mähelle nirä seredýär?»diýdi.

Ganiýewiň sözi sosial ulgamda ýerleşdirildi. Ýazgylaryň birinde ol«Taşlak raýonynda birnäçe haramzada bar»diýdi.

«Haramzadamy?! Oňa haramzada diýmek gerek. Taşlakdan hiç kim haja gitmez. Hiç kim!»diýip, Ganiýew gygyrdy.

Gödeklik

2019-njy ýylyň 22-nji maýynda geçen welaýat administrasiýasynyň ýygnagynda Ganiýewiň sebit boýunça salgyt inspektorlary bilen eden gürrüňiniň ses ýazgysy bar.

Ol inspektorlaryň Ganiýewiň nädip gaharyny getirendigi belli däl, ýöne ses ýazgyda eşidilişine görä, häkim olary “dönükler” hem “nejisler” diýip atlandyrýar, olara “içegäňizi çykaryp, başyňyza oraryn” diýip haýbat atýar.

Munuň üçin Ganiýew jezalandyrylman, eýsem Özbegistanyň Garaşsyzlyk gününde, 1-nji sentýabrda «Zähmet şöhraty» ordeni bilen sylaglandy.

Geçen ýylyň sentýabrynda Ganiýewiň şäher hem raýon ýolbaşçylary bilen geçiren maslahatyndan ýene bir ses ýazgy ulgam arkaly köpçülige ýaýrady.

Ganiýew bir erkek adama “sen sakgalyňy bezemäňi goý”, “sakgally näkes” diýip ýüzlenýär.

Hijap atynýan aýal-gyzlara bolsa: “Size duýdurýan: eger men sizi üýşmeleňlerde musulman ýaglygynda görsem, ony başyňyzdan sypyryp, agzyňyza dykaryn” diýýär.

Ganiýew şäher hem raýon häkimlerine köçede sakgally adam ýa hijaply aýal görünmesin diýip tabşyrdy.

Şondan soňra Özbegistanyň senatynyň ahlak kadalary baradaky Komiteti Ganiýewe özüni düzetmäge üç aýlyk synag möhletini berip, berk käýinç yglan etdi.

Üç aý geçenden soňra Baş prokuratura Ganiýewiň döwlet gullukçysynyň ahlak kadalary baradaky kodeksi bozýandygyny mälim etdi.

Geçen ýylyň dekabrynyň başlaryndaFergana welaýatynyň Kuwi raýonynda elektrik energiýasy hem tebigy gaz kesildi. Muňa garşylyk bildirip, ýerli ilat ýollary bagladylar. Ony kimdir biri wideo alyp, sosial ulgama ýerleşdiripdir. Ganiýew şonda raýon ýolbaşçysyna “jynaza namazyňa” taýýarlanyp bilersiň diýdi.

«Amala aşmak howpy ýok»

«Şuhrat Ganiýewiň aýdýanlaryny nazara alsak, onuň durmuşda amala aşmak ýa-da adamyň saglygyna zyýan ýetirjek howpy ýok, ýagny onuň aýdany bilen bir zat bolaýar diýmäge esas ýok. Şonuň üçinem jenaýat-prosessual kodeksine laýyklykda, onuň garşysyna jenaýat işini gozgamaly däl diýen karara gelindi»diýip, Özbegistanyň Baş prokuraturasy mälim etdi.

Soh eksklawyndan saklanyp getirilenler barada aýdylanda, bloger Haýdarow 2-nji sentýabrda wagtlaýyn tussaghanadan çykdy, sebäbi onuň aklawçysy Hamidahon Abdunazarowa köpçülikleýin bidüzgünçilikde ony aýyplar ýaly hiç bir deliliň ýokdugyny subut edip bildi.

Sohdan bolan beýleki bir ýaşaýjy Dilmurad Mahbubow hem azatlyga çykdy.

Sohdan getirilen beýleki alty adam entegem gorag astynda saklanýar, sebäbi olaryň garşysyna aýyplanma bildirildi. Iki adamy azatlyga goýberdiler, ýöne sorag üçin çagyrylmagynyň mümkindigini aýtdylar.

Ýene iki adamyň ykbaly nämälim bolup galýar.

Ol saklananlar barada Fergana welaýatynyň häkiminde hiç bir ýürek awamak ýa-da geçirimlilik etmek duýgusy ýok.

Brýus Panniýer