Gep-gürrüň köp ýa-da näme üçin Türkmenistanda keselhana gitmekden gorkýarlar

Türkmenistanda resmi ýagdaýda koronawirus ýok, ýöne hökümet resmileri howadaky «tozan bölejikleriniň» örän zyýanlydygy sebäpli adamlara maska dakynmagy maslahat berýärler.

Türkmenistanyň hökümet resmileri entegem ýurtda koronawirusyň ýokdugyny aýdýarlar. Şeýle-de bolsa adamlaryň COVID-19 alamatlary bilen keselhana düşýändikleri, mundan diri galmaýandygy, ýöne olaryň ölüminiň wirusdan däldigi barada gep-gürrüňler köp.

Türkmen hökümetleri 7-nji sentýabrda kanuna düzediş girizip, howply ýokanç kesele duçar bolan adamlaryň wraça ýüz tutmagynyň hökmanydygyny, şeýle kesel bilen keselhana düşenleriň medisina işgärleriniň rugsady bolmazdan, ol ýerden gitmeginiň kanun taýdan jezalandyryljagyny aýtdy.

Keselhanadan gaçmak jenaýat maddasy bilen berkidilmäýende-de, öz-özünden düşnükli ýaly.

Ýöne siz gep-gürrüňleri eşitmedik bolsaňyz.

KIME YNANMALY?

Adam howply ýokanç kesele ýolugan bolsa, täze buýruk olaryň medisina hyzmatyna ýüz tutmalydygyny aýdýar. Bütin dünýäde öjügen koronawirusyň pandemiýa şertleri nazara tutulanda, bu gozgalýan mesele artykmaç ýaly görünýär.

Bu tutuş dünýäde şeýleräk...

Hökümetler howadaky zäherli «tozan bölejikleriniň» bardygyny duýdursa-da, maska dakynmagy maslahat berse-de, Türkmenistanda resmi suratda COVID-19-a ýolugan näsag ýok.

Emma bu keseliň ýurtda gözegçilikden çykandygy barada köp sanly maglumatlar bar.

Eger-de türkmen hökümetleriniň koronawirusyň ýokdugy, Türkmenistanda başga bir ýokançly keseliň hem döremändigi baradaky aýdýanlaryna ynanyp bolsa, onda näme üçin kanuny birdenkä üýtgedýärler? Näme üçin adamlary wraçlara ýüz tutmaga mejbur etmeli? Beýle çäreden ‘ýüz öwürýänlere’ bolsa iki ýyldan, bäş ýyla çenli türme tussaglygynyň berlip bilinjegi aýdylýar.

Türkmenistanda köp adamyň şaýatlyk etmegine görä, koronawirusyň ýaýramagy bilen ol ýaýran kesel sebäpli keselhanalar hassalardan hyryn-dykyn dolupdyr.

Ýurtda resmi taýdan pandemiýa ýok, ýöne Türkmenistanyň saglygy saklaýyş ulgamynyň aşa agyr ýagdaýdadygy barada habarlar gelýär.

Keselhanada mugt düşek ýok. Kimiň hossary agyr ýagdaýda bolsa, ony keselhana ýerleşdirmek hem kisloroddan dem alar ýaly şert döretmek üçin, para bermäge mejbur bolýarlar.

Eger aýry-aýry şaýatlaryň aýdanyna ynanyp bolsa, adamlar keselhana özlerini bejertmek üçin girmäge çalyşýarlar, ýöne olaryň baryny kabul etmäge saglyk ulgamynyň mümkinçiligi ýetenok.

Türkmenistan daşarky dünýä bilen aralygy ýapmak üçin, köp ýyllaryny harç edip synanyşyp gelýär. Onsuzam hakykat ýüzünde ýapyk ýurduň içki işlerine daşarky dünýäniň goşulyşmagyny islemeýär. Häzir daşarky dünýä Türkmenistanyň içinde bolýan zatlary diňe eşitmek bilen kanagatlanýar.

Türkmenistanyň saglyk ulgamyndaky birden ýüze çykdy diýilýän başagaýlyklar barada garaşsyz barlag geçirmek mümkin däl.

SANJYM

Mundan birnäçe hepde öň Türkmenistanda bolup geçen bir ýagdaý barada aýdylýan gürrüňe ynanmak kyn.

1-nji sentýabrda Turkmen.news garaşsyz neşiri Wekilbazar raýonynyň ýaşaýjysy, polisiýanyň maýory Sapa Gurbangulyýew barada şeýle maglumat berdi. Ol iýun aýynyň ahyrynda ýarawsyzlyk tapynyp, Mary şäherindäki welaýat infeksiýa keselhanasyna düşýär. Onuň gyzgyny galypdyr, soňra öýkenine suw ýygnanypdyr, ýöne ýagdaýy beýle agyr däl eken.

Birdenkä Gurbangulyýewiň ýagdaýy agyrlaşypdyr. Onuň dem almagy kynlaşýar. Ony derrew Ýolötendäki keselhana göteripdirler.

3-nji iýulda ol aýalyna jaň edip, yzyndan çaltrak gelip, keselhanadan çykarmagyny haýyş edipdir diýip, garaşsyz neşir ýazýar.

Onuň aýaly karantin gadaganlygy sebäpli keselhana girip bilmändir. Özüniň içeri goýberilmeýändigini adamsyna jaň edip aýdypdyr. Adamsy bolsa «Häzir maňa sanjym edip öldürerler!» diýipdir.

Ýarym sagatdan soň keselhana işgärleri Gurbangulyýewa adamsynyň ýogalandygyny aýdypdyr diýip, garaşsyz neşir ýazýar.

Adamlar bütin Türkmenistandan Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy bilen aragatnaşyga çykýarlar hem şuňa meňzeş ýagdaýy gürrüň berýärler.

«Wirusdan azat ýagdaýdaky» Aşgabatda ýolagçylaryň ählisi maskaly.

Näsaglar edil koronawirusdaky alamatlar bilen dümewläp keselhana düşýärler-de, birnäçe günden soň ol ýerde ölýärler. Hossarlary merhumyň jesedini aljak bolanlarynda, wraçlara hem-de hökümete garşy hiç bir şikaýatynyň ýokdugy barada dilhaty ýazmaga mejbur edilýärler.

Onlarça adamyň Azatlyk Radiosyna ýazmagyna görä, COVID-19 bilen keselhana düşen hossarlaryna sanjym edilenden soň ölendigini aýdýarlar.

Merhumyň jesedi sellofan halta salnyp berilýär. Hossarlaryna ony açmazlygy hem çaltrak jaýlamagy tabşyrýarlar.

Munuň hakykatmy ýa ýalandygy belli däl, ýöne fakt faktlygyna galýar; bolýan ýagdaý tutuş Türkmenistana ýaýrapdyr. Indi ýarawsyzlyk tapynan, aýratyn-da koronawirusa çalymdaş keseli bolan adamlar keselhana gitmekden gorkýarlar.

Kanuna girizilen düzediş eger özlerinde howply ýokanç kesele degişli alamat bolsa, diňe bir medisina kömegine ýüz tutmakdan daşary-da, olara rugsat berilmezden keselhanadan çykmak gadagan edilýär. Bu bolsa COVID-19 bilen keselhana ýerleşdirilen adamlarda ölmeginiň mümkindigi baradaky gorkyny güýçlendirýär.

Gaty köp meseleler barada, şol sanda koronawirusyň ýokdugy hakda hökümetiň ýalan aýdýandygyny türkmenler bilýärler. Indi bolsa olar koronawirus ýolugan halatynda hökümetiň özüni öldürjeginden gorky edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.