Belarusyň oppozisiýa lideri Ýewropany herekete çagyrýar, Orsýetiň syýasaty ‘şowakör’ diýýär

Pawal Latuşka

Ýewropa Bileleşiginiň herekete geçmezinden öň ýurtda Belarusyň raýat jemgyýetine garşy "ýene näçe mukdarda zorluk edilmegi gerek?” diýip, ol sorag berdi.

Belarusyň öňdebaryjy oppozisiýa resmisi Ýewropa Bileleşigini demokratiýany goldamak baradaky borçnamasyny ýerine ýetirmäge we üç aýlyk geçiş döwrüniň aýagynda hökmürowan lider Aleksandr Lukaşenkanyň dolandyryşyny ykrar etmegini bes etjekdigini yglan etmäge çagyrdy.

“Bu Belarus jemgyýeti üçin örän möhüm we zerur yşarat. Bu jarnamanyň wagty eýýäm geçdi. Hereketler zerur” diýip, içerden dörän oppozisiýa aktiwisti Pawal Latuşka 10-njy sentýabrda Pragada, Azatlyk radiosynyň Belarus gullugyna beren interwýusynda aýtdy.

Belarusyň serhetçilerinden diplomatik awtoulagda geçendigini aýdan Latuşka biraz öň Pragada ÝB jarnamasyny maslahatlaşmak üçin Çeh respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy.

Belarusyň öňki ilçisi, 9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawlaryndan soň Minskde ýüze çykýan syýasy krizisiň parahatçylykly çözülmegini aňsatlaşdyrmak maksady bilen döredilen Utgaşdyryjy geňeşiň ýedi adamlyk prezidiumynyň agzasy bolup durýar.

Utgaşdyryjy geňeş Ýewropa Bileleşiginiň 5-nji noýabrdan soň Lukaşenkany ykrar etmegini bes etmegini isleýär.

Belarusy 26 ýyl bäri dolandyrýan Lukaşenka prezident saýlawynda 80% ses alyp, ýeňiş gazanandygyny aýtdy. Oppozisiýa saýlawlaryň prezidentiň peýdasyna galplaşdyrylandygyny aýtdy. Latuşka Polşanyň we Litwanyň eýýäm şeýle beýannamany goldaýandygyny aýtdy we Çehiýanyň hem goldaw bermäge taýýardygyny bildirdi.

Emma muňa garamazdan, ol Lukaşenkany goldaýan Orsýeti nazara alyp, "üçünji ýurtlaryň geosyýasy aladalary" sebäpli, ÝB-niň entek bu meselede birleşmändigini öňe sürdi.

“Ýewropa Bileleşigi bize sapak berdi! Ol bize demokratiýany öwretdi! Indi kömek etmegiň wagty geldi” diýip, ol görnetin göwni galan görnüşde aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň herekete geçmezinden öň ýurtda Belarusyň raýat jemgyýetine garşy "ýene näçe mukdarda zorluk edilmegi gerek?” diýip, ol sorag berdi.

9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawyndan bäri ýüzlerçe müň belarusly köçelere çykdy we Lukaşenka ýene bäş ýyl möhlet beren saýlaw netijelerine nägilelik bildirdi.

Demonstrantlar onuň işinden aýrylmagyny, ähli syýasy tussaglary boşatmagyny we erkin we adalatly saýlawlaryň geçirilmegini talap edýärler.

Lukaşenka gündelik protestleri güýç ulanmak, tussag etmek we gazaply ýençmek bilen garşy aldy, ýöne togtadyp bilmedi. Polisiýa soňky bir aýda müňlerçe demonstranty tussag etdi we ýüzlerçe adamy gynady.

Tussag edilenleriň arasynda Utgaşdyryjy geňeşiň prezidiumynyň agzalary hem bar.

Maryýa Kalesnikawa 7-nji sentýabrda Minsk köçesinde maskaly adamlar tarapyndan alnyp gaçyldy we soňra "ýurtda häkimiýeti ele geçirmäge açyk çagyryş etmekde" aýyplanyp, tussag edildi.

Prezidiumyň ýedi agzasynyň köpüsi tussag edildi ýa-da ýurtdan çykmaga mejbur edildi. Latuşka Belarusyň Derňew komiteti tarapyndan sorag edildi.

Belarusyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary we ýurduň medeniýet ministri bolup işlän 47 ýaşly Latuşka Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlide gynamalara sezewar edilen demonstrantlaryň suratlaryny görenden soň oppozisiýa goşulmak kararyna gelendigini aýtdy.

Döwlet işgäriniň bu hereketi ony gytaklaýyn "gyzyl çyzykdan geçmekde" aýyplan Lukaşenkanyň gaharyny getirdi.

Latuşka Lukaşenkanyň parahatçylykly ýagdaýda işinden aýrylmagyna umydynyň azdygyny aýtdy.

Ol ýakynda Lukaşenkanyň demonstrasiýa wagtynda ýarag alyp çykyşyny görkezýän suratlarynyň “häkimiýet üçin söweşjekdigini, şol sanda zorluk ulanmakdan hem gaýtmajakdygyny” görkezýädigini aýtdy.

Şeýle-de bolsa, ol Lukaşenkanyň konstitusiýa üýtgetmeleri girizmek baradaky soňky belliklerini nazara alyp, hatda onuň amala aşyrmak niýeti bolmasa-da, protestleriň awtoritar lidere täsir edýändigini görkezendigini belledi.