Assanjyň ekstradisiýa diňlenişigi COVID-19 töwekgelçiligi sebäpli togtadyldy

Julian Assanj

“WikiLeaksiň” esaslandyryjysy Julian Assanjyň Angliýadan ABŞ-a ekstradisiýa edilmegi barada Londonda geçirilmeli diňlenişik 10-njy sentýabrda, aklawçylaryň biriniň koronawirus ýokuşmak ähtimallygy sebäpli togtadyldy.

Etrap sudýasy Wanessa Baraitser ABŞ-nyň hökümetine wekilçilik edýän aklawçy wirus barlagyndan geçýänçä, diňlenişigiň 10-njy sentýabra çenli yza süýşürilmegini buýurdy.

Assanj amerikan prokurorlarynyň ABŞ-da içalyçylyk aýyplamalary boýunça sud jogapkärçiligine çekilmegi üçin edýän tagallalaryna, iňlis hökümetiniň özüni ABŞ-a ibermegine garşy göreşýär.

ABŞ prokurorlary 49 ýaşly awstraliýalyny on ýyl mundan ozal “WikiLeaksiň” gizlin ABŞ harby dokumentlerini çap edenligi sebäpli 18 içalyçylyk aýyplamasynda we kompýuteri hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplady. Bu aýyplamalar esasynda, günäkär tapylsa, oňa 175 ýyl azatlykdan mahrum edilmek jezasy garaşýar.