Baýden Trampyň mekdepleri gaýtadan açmak üçin ýeterlik iş etmeýändigini aýdýar, Wiskonsine sapar etmegi meýilleşdirýär

ABŞ-da Demokratik partiýadan prezidentlige dalaşgär Jo Baýden

2-nji sentýabrda Demokratik partiýadan prezidentlige dalaşgär Jo Baýden mekdepleriň açylyp bilmegi üçin hem-de ýene bir ykdysady halas ediş bukjasyny gepleşmek üçin Ak tamyň has köp iş etmelidigini aýdyp, prezident Donald Trampyň koronawirus krizisine çemeleşigini tankytlady.

Baýden ençeme iri şäherlerde mekdepleri täze okuw ýylynda onlaýn okuwa bil baglan köp sanly amerikaly ene-atanyň işe gitmek ýa-da öýde galyp, çaga ideg etmek meselesinde kynçylyk çekýändigini aýtdy.

“Eger prezident Tramp we onuň administrasiýasy bu krizis boýunça öz işlerini eden bolsady, Amerikanyň mekdepleri açylardy. We olar howpsuz açylardy” diýip, Baýden aýtdy.

Tramp ykdysady işjeňligi dikeltmegiň we işleýän ene-atalary ýeňletmegiň zerurdygyny aýdyp, mekdepleri gaýtadan açmagy ileri tutdy. Onuň kampaniýasy mekdepleriň gaýtadan açylmagyna Baýdeniň aşa seresap çemeleşýändigini aýtdy.

Şeýle-de, Baýden kömek bukjasy, şol sanda goşmaça işsizlik kömek pullary babatynda gepleşik geçirmekde Ak tamyň “islegsizdigini” aýdyp, ony tankytlady.

Kanun taslamasy boýunça gepleşikler birnäçe hepde bäri saklanýar. Ol ykdysady çökgünlik döwründe mekdeplere hyzmat bermekde kynçylyk çekýän döwlet we ýerli hökümetler üçin bu bukjanyň möhümdigini aýtdy.

Baýden Wiskonsine planlaşdyran saparynyň öňüsyrasynda öz ýaşaýan şäherinde, Delaweýr ştatynyň Wilmington şäherinde çykyş etdi. 3-nji noýabrda geçiriljek prezident saýlawlary üçin möhüm ştat bolan Wiskonsin, ol ýerde polisiýanyň afrikan-amerikalyny atyp, protestleriň ýüze çykmagyndan we olaryň soňunyň zorluga ýazmagyndan soň, üns merkezine öwrüldi.

Baýden agzybirligi nygtamak we jemgyýet liderleri bilen duşuşmak üçin 3-nji sentýabrda Wiskonsin ştatynyň Kenoşa şäherine sapar eder diýip, ol aýtdy.