Şu günler Türkmenistanda nobatdaky pagta möwsümi dowam edýär. Ýöne Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gowaçalar ýaňy güllerini açyp, indi körege durýar. Muňa garamazdan, etrap resmileri býujet işgärlerinden düzülen ýygymçy güýjüni güýçlendirmek, hatda medisina işgärlerini hem pagta meýdanlaryna mobilizlemek boýunça taýýarlyk görýär. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji sentýabrda habar berdi.
Ol Çärjew etrabynyň gowaça meýdanlarynda pagtanyň bu ýyl giç ýetişmegine sebäp bolan faktorlary öwrendi.
Apreliň ahyrlarynda ýurduň gündogar sebitlerinde turan harasat Çärjewiň gowaça meýdanlaryny zaýalady. Efirde atlarynyň tutulmazlygyny soran ýerli ençeme kärendeçi bilen gürrüňdeş bolan habarçynyň sözlerine görä, zaýa bolan gowaça meýdanlary sökülip, gowaçalar täzeden ekildi. Ýöne diňe bir gezek däl, kärendeçileriň aýtmagyna görä, üç gezek sökülip, ekilen gowaça meýdanlary hem bar.
Degişli maglumat Farapda resmiler pagta möwsümi üçin telekeçilerden we gurply adamlardan pul ýygnaýarKärendeçiler diňe bir 27-nji aprelde turan heläkçilikli tupanyň däl, eýsem onuň yzýany ýagan güýçli ýagyşlaryň hem ekin meýdanlaryna agyr zyýan ýetirendigini aýdýarlar.
“Ýagyş ekin meýdanlarynyň meleoratiw ýagdaýyny hem üýtgetdi” diýip, bir oba hojalyk hünärmeni Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen özara gürrüňdeşlikde aýtdy.
Çärjew etraby Türkmenistanyň gündogarynda, Özbegistan bilen araçäkleşýän Farap etraby bilen Türkmenabat şäheriniň arasynda, Amyderýanyň boýunda ýerleşýär.
Ýatlasak, apreliň ahyrlarynda ýurduň gündogar sebitlerinde turan heläkçilikli harasatyň yzýany, Amyderýanyň suwunyň joşmagy netijesinde, onuň kenarynda ýerleşýän birnäçe obany sil suwlary hem basdy, hatda ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi wagtlaýyn öýlerini terk etmeli boldy.
23-nji iýunda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Çärjew etrabynyň häkimi Jumanazar Maşaripowa ‘wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin’ diýip, ‘berk käýinç’ yglan etdi. Şonda döwlet metbugaty prezidentiň beýleki käbir etraplar bilen bir hatarda, Çärjew etrabynyň ekin meýdanlaryndan bol hasyl ösdürip ýetişdirmegiň guramaçylyk işlerinden nägile bolandygyny habar berdi.
Habarçynyň geçiren derňewlerine görä, Çärjew etrabynda gowaça meýdanlary üçünji gezek sökülip, täzeden ekilende tohumlyk çigit hökmünde Türkmenabadyň gowaça çigdinden pagta ýagyny öndürýän zawodynyň çig malyndan peýdalanylypdyr.
“Üçünji gezek ekilen çigit tohumyny Türkmenabadyň ýag zawodyndan [aldylar]. Ol ýerde pagta ýagy üçin önümçilige goýberilmeli çigdi tohumlyk üçin ulandylar. Şol sebäpden, Türkmenabat ýag zawody iýun aýynda önümçiligi togtatdy we şonda pagta ýagynyň raýatlara satylmagy bes edildi” diýip, ýagdaýdan habarly bir çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Degişli maglumat Lebapda ýeralma ekip, döwlete bergili çykan kärendeçiler kösenýärÝatlasak, meselem, Azatlyk Radiosy iýul aýynda Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda hökümet tarapyndan döwlet dükanlarynda satylmaly arassalanmadyk ösümlik ýagynyň maý aýynyň ahyrlaryndan bäri satylmaýandygyny habar beripdi.
Dargatana etrabynyň döwlet dükanlarynda tomus aýlarynda ýag gytçylygynyň emele gelmegi bilen Türkmenabadyň ýag zawodynda önümçilige degişli gowaça çigdiniň ekiş üçin ulanylmagynyň arasynda arabaglanyşygyň bardygyny ýa-da ýokdugyny Azatlyga anyklamak häzirlikçe başartmady.
Galyberse-de, ýag önümçiligine degişli çigit tohumynyň ekiş üçin ulanylmagy barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenabadyň ösümlik ýag kärhanasyndan kommentariýa almak synanyşygy netije bermedi. Bu kärhana Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişlidir.
Çärjew etrabynda gowaça ýaňy gülläp, indi körege duran-da bolsa, etrap resmileri pagta ýygymy üçin býujet işgärlerinden düzülen ýygymçy güýjüni has-da güýçlendirmäge taýýarlyk görýär.
Koronawirus pandemiýasynyň fonunda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ençeme medisina işgäri “9-njy sentýabrdan başlap, medisina işgärleri hem mejbury pagta ýygymyna alnyp gidiler” diýdi. Ol bu ýylyň pagta möwsüminde medisina işgärleriniň heniz ýygyma çekilmändigini aýtdy.
Lebap welaýaty boýunça pagta ýygymyna resmi taýdan 9-njy sentýabrda girişilýär. Habarçymyz welaýatyň çäginde bilim we jemagat hojalygynyň işgärleriniň eýýäm pagta ýygymyna mejbury ýagdaýda çekilip başlanandygyny habar berdi.
Bu ýyl lebaply pagtaçylaryň öňünde döwlet harmanyna 320 müň tonna pagta tabşyrmak wezipesi goýuldy.
Halkara hukuk toparlary Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmagyny ýyllarboýy tankyt edip gelýär.
Degişli maglumat Farap etrabynyň gowaça meýdanlary “gözgyny”Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.