Dünýä ýurtlary koronawirus pandemiýasynyň arasynda täze okuw ýylyna aladaly taýýarlyk görýär. Bir tarapdan wirusyň köpçülik ýerlerinde has aňsat ýaýramak howpy, beýleki tarapdan adam kapitalyny ösdürmek ýaly gaýragoýulmasyz wezipäni üznüksiz dowam etdirmek zerurlygy dürli ýurtlarda häkimiýetleri, hususan-da bilim edaralaryny täze okuw ýylyna girişmek babatynda oýlanyşykly maksatnamalary kabul etmäge iterýär.
Bu meselede, Türkmenistan hem, her näçe häkimiýetler ýurtda koronawirus keseliniň ýokdugyny öňe sürseler-de, dünýä jemgyýetçiliginden üzňe, özbaşdak hereket etmek elpe-şelpeligine eýermäge ýaýdanýan ýaly.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda täze okuw ýylynyň bosagasynda, oňa görülýän taýýarlyklar barada habar berip gelýär. Keselçiligiň we ykdysady çökgünligiň arasynda ene-atalar täze okuw ýylyna ünjüli taýýarlyk görýär.
Gepleşigimiziň bu sany pandemiýanyň fonunda Türkmenistanda täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyklara gönükdirilýär.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
COVID-19 pandemiýasy wagtynda dünýä halklary ol ýa-da beýleki görnüşde keseliň negatiw täsirine duçar boldy. Wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin girizilen çäklendirmeler, iş ýerleriniň wagtlaýyn ýapylmagy we gaýry çäreler ykdysady jähtden dünýä ilatyna ýaramaz täsir eden bolsa, mekdepleriň we ýokary okuw jaýlaryň onlaýn usula garaşylmadyk ýagdaýda duýdansyz köpçülikleýin geçilmegi oňa tehniki taýdan taýýarlyksyz ýurtlarda adam resurslarynyň kadaly ösüşine ýaramaz täsir etdi. Muny synçylar aýdýar.
Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleri we ýokary okuw jaýlary sapaklary onlaýn tertibe ýa-da uzagara usula heniz geçirmedi. Ýöne bilermenler abraýly halkara guramalaryň wekilleri pandemiýa wagtynda we ondan soňky döwürde digital sowatlylygy artdyrmagyň, uzagara sapaklary ýola goýmak üçin maddy enjamlaýyn mümkinçilikleri giňeltmeginiň möhümdigini nygtaýarlar.
Bir mysal, Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça hünärmenleri 5-nji awgustda geçiren onlaýn brifinginde bu mesele boýunça regional media serişdelerine, ekspertlere we akademiýa agzalaryna maglumat berdi. Hünärmenler pandemiýanyň regionyň bilim pudagyna, adam kapitalyna we jemgyýetçilik ösüşine uzak möhletli ýaramaz täsir etmeginiň mümkindigini duýdurdylar.
“COVID-19 pandemiýasy bilim ulgamyna şeýle bir agyr zarba urýar welin biz onuň negatiw täsirini öňümizdäki onlarça ýyl duýarys, diňe Merkezi Aziýanyň özünde ykdysady ýitgi 44 milliard dollar, we bu entek biziň iň pessimist çaklamamyz däl” diýip, Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýada bilim işleri boýunça baş hünärmeni Aýeşa Wawda onlaýn brifingde eden çykyşynda aýtdy.
Degişli maglumat COVID-19: Mekdeplerde sapaklar 1-nji sentýabrda başlanar, ene-atalar çagalaryny alada edýärBrifingiň dowamynda Bütindünýä banky Merkezi Aziýa ýurtlaryna kyn döwürde bilim pudagyna aýawly çemeleşmegi, ony goramagy, bilim pudagyna iberilýän maliýe serişdelerini saklap galmagy, Merkezi Aziýa ýurtlarynda uzagara okuw mümkinçiliklerini ösdürmegi, kyn döwürde okuw meýilnamalarynyň okuwçylaryň başarnyklaryny we ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilmegini, munuň bilen baglylykda okuw meýilnamalarynyň täze şertlere uýgunlaşdyrylmagyny, pandemiýa sebäpli okuw-terbiýeçilik işinde emele gelen ýitginiň öwezini dolmak üçin mugallymlara goşmaça strategiýalaryň hödürlenilmegini maslahat berdi.
“Dowam edýän krizisiň zerurlyklaryna has oňat jogap bermek üçin ýurtlar okuwçylaryň, ýaşlaryň we mugallymlaryň arasynda digital sowatlylygy ýokarlandyrmaly hem-de dürli uzagara okuw platformalarynda okuwçy-mugallym gatnaşyklaryny ösdürmeli” diýip, hünärmenler aýtdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) dünýäde koronawirus petiklenmeleri iň ýokary derejä ýetende mekdepleriň ýapylmagyndan tutuş dünýäde 1,5 millard töweregi mekdep okuwçysynyň täsirlenendigini aýdýar. Milletler Birleşiginiň Gaznasy 26-njy awgustda çap eden soňky hasabatynda dünýäde koronawirus sebäpli mekdepleriň ýapylmagyndan täsirlenen 1,5 millard töweregi mekdep okuwçysynyň azyndan üçden bir böleginiň, 463 million töweregi okuwçynyň menzilara bilim almak mümkinçiliginden mahrum galandygyny hasabat berdi.
Belläp geçişimiz ýaly, Türkmenistan pandemiýa wagtynda bilim ojaklarynda sapaklary onlaýn usula ýa-da uzagara tertibe geçirmedi. Aslynda, Türkmenistan ýurtda pandemiýanyň özüni ykrar etmedi.
Ýöne martyň ahyrynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary mekdeplerde çärýeklik dynç alyşyň wagtynyň şonda 6-njy aprele çenli, 1 hepde uzaldylandygyny habar berdi.
Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuwçylar okuw ýylynyň III çärýeginiň tamamlanmagy bilen mart aýynyň üçünji ongünlüginde dynç alyşa goýberilýärler.
Degişli maglumat Birinji synpa barýan körpeler täze okuw ýylynda mekdebe goşlaryny düwüp barmalyOndan soňky geçen döwrüň dowamynda Türkmenistanda pandemiýa ara alnyp maslahatlaşylan hökümet maslahatlarynda bilim pudagynda innowasion tehnologiýalary ulanmagyň wajyp ähmiýeti ýaly umumy gürrüňler edilen-de bolsa, bu ugurda anyk işer amala aşyrylmady.
Munuň yzýany, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji aprelde geçiren hökümet maslahatynda “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň üsti bilen mekdep hem-de institut bilim maksatnamalary boýunça sapaklary görkezmegi wise-premýerlere maslahat berdi. Ýöne munuň koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda mekdeplerde uzagara sapaklary guramak synanyşygy bilen ilteşiklidigi ýa-da däldigi, şeýle synanyşygyň bardygy ýa-da ýokdugy aýdyňlaşdyrylmady.
Gepiň tümmek ýeri, Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleri sapaklary onlaýn usula geçirmedi. Ony durmuşa geçirmek üçin bar bolan mümkinçilikleriň gerimi hem gümürtikliginde galýar.
Ýogsa-da, meselem, ýurt boýunça “ählihalk” pagta möwsümi golaýlaýar ýa-da eýýäm başlady. Mundan ozalky ýyllarda halkara hukuk toparlary türkmen häkimiýetlerini mekdep okuwçylaryny pagta meýdanlaryna mejbury çekmekde tankytlady.
Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň habar bermegine görä, Türkmenistanda ene-atalar, okuwçylar we mugallymlar täze okuw ýylyna taýýarlyk görýär. Okuwçylardan edilýän täze talaplara görä, olar derman gutularyny, antiseptik serişdelerini, suwuk görnüşli sabynlary ýanlary bilen mekdebe eltmeli.
Biz Türkmenistanyň orta mekdeplerinde görülýän aýratyn taýýarlyklar barada türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi bilen söhbetdeş bolduk.
Gepleşigi ýokardaky ses çykgydyna basyp diňläp bilersiňiz!
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.