COVID-19: Aşgabada gitjek studentler karantinde saklanýar; Hereket çäklendirmeleri korrupsiýa ýol açýar
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Türkmen häkimiýetleriniň ýurtda koronawirus bilen bagly ýeke ýagdaýyň hem ýüze çykarylmandygyny öňe sürýän pursady, Lebapda Aşgabadyň ýokary okuw jaýlarynda okamaga gitjek studentlerde COVID-19 barlagy geçirilýär we olar karantinde saklanylýar. Aşgabatda okuw ýylynyň öňýany mekdep okuwçylaryndan saglyk kepilnamasy talap edilýär. Bu aralykda, koronawirus aladalarynyň fonunda welaýatlaryň arasyndaky ulag we otly gatnawlarynyň çäklendirilmegi bilen, paýtagta gelmekçi bolýan ýolagçylar üçin sowa, bikanun ýollar hödürlenýär.