Türkiýedäki türkmenistanlylar protest çykyşlary üçin jeza hökmünde öz ýurduna iň soňunda çykarylar

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkiýedäki türkmen raýatlaryny iň soňky pursatda alyp gaýtmak kararyna geldi. Bu ýagdaýdan gönüden-göni habarly bolan Azatlygyň çeşmesiniň sözlerine görä, muny Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hut özi buýurypdyr. Şeýlelikde, çeşmäniň habaryna görä, türkmen häkimiýetleri türkmenistanlylary Stambulda birnäçe protest gurnandygy üçin jezalandyrmak kararyna gelipdir. Azatlygyň çeşmelerine görä, koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly daşary ýurtlarda galan türkmen raýatlaryny ewakuasiýa etmek boýunça çäreleriň çäginde Stambuldan uçuşy guramak entek planlaşdyrylmandyr. Bu aralykda, birnäçe aý bäri Türkiýeden gitmäge synanyşýan türkmen raýatlary ýörite uçarlaryň ýola goýulmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýdýarlar.