Türkmenistanda prezidentiň portretleri ýene täzelenýär

Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň portretlerini gaýtadan çalyşmak işleri täzeden bat aldy. Bu sapar prezident portretleriniň täzelenilmegine onuň gysgaldylan saçy hem-de portretlerdäki halynyň reňki sebäp boldy. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 26-njy awgustda habar berdiler.

“Sentýabryň başyna çenli ähli döwlet edaralarynda prezidentiň portretleri üýtgedilýär. Indi portretdäki halynyň reňki gyzyl bolmaly, prezidentiň saçy hem üýtgedi. Onuň saçy gysga we saç reňki hem üýtgedi” diýip, habarçy aýtdy.

Degişli maglumat Prezidentiň portretleri täzelendi: neşirçiler gazandy, mugallymlar zyýan çekdi

Azatlyk Radiosynyň beýleki bir habarçysy prezidentiň portretlerini üýtgetmek boýunça Mary welaýatynda alnyp barylýan işler barada habar berdi.

“Mary welaýatynyň ähli edara-kärhanalary öz iş ýerlerinde asylan prezident portredini 1-nji sentýabra çenli doly çalyşmaly. Täze portretde prezidentiň arkasyndaky halynyň reňki gyzyl bolmaly, ozal haly ak reňkdedi. Prezidentiň saçy öňkülerinden has kiçeldilen we şonuň üçin täzelemeli” diýip, maryly habarçy täze üýtgeşmelere prezidentiň saçynyň üýtgeýän reňkiniň hem öz täsirini ýetirendigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, kanselýariýa harytlary satylýan dükanlar ýapyk bolany üçin adamlar prezidentiň portretlerini welaýat çaphanasyndan satyn almaly bolýar.

“Portretiň ortaça nyrhy 20 manat. Köçelerdäki portretler hem ýuwaş-ýuwaşdan çalyşylýar” diýip, habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanda prezidentiň portretleri onuň daş keşbiniň üýtgemegi bilen ýa-da portretdäki beýleki detallaryň sähel üýtgemegi bilen yzygiderli täzelenýär we ýurduň edara-kärhanalaryndan prezidentiň täze portretlerini satyn almak hem-de olary edaralara asmak talap edilýär.

“Bizde portret möwsüm bilen üýtgeýär” diýip, habarçy aýty.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň daş keşbi soňky iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda özgerdi.

2018-nji ýylyň awgustynda Berdimuhamedowyň ozalky şar gara saçyna duýdansyz çal indi. Munuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylyň ýanwarynda döwlet edara-kärhanalaryndan, mekdeplerden, çagalar baglaryndan we ýokary okuw jaýlaryndan prezidentiň portretlerini çalyşmak talap edildi.

Degişli maglumat “Çalyň elli öwüşgini”: Berdimuhamedowyň saçynyň reňki birden çala çalaryp başlady

Aradan üç aý geçenden soň, 2019-njy ýylyň aprelinde prezident Berdimuhamedow il öňüne äýnekli çykyp başlady. Soňky gezek döwlet edara-kärhanalarynda prezidentiň portretlerini uçdantutma çalyşmak işleri şu ýylyň ýanwarynda ýerine ýetirildi. Munuň yzýany, awgustyň başlarynda prezident Berdimuhamedow döwlet telewideniýesinde we gazet-žurnallarynda öňküsinden has gysgaldylan saçly peýda boldy. Indi, sentýabryň başyna çenli ähli edara-kärhanalardan prezidentiň portretlerini täzelemek talap edilýär.

Türkmenistanda syýasy propaganda guraly hökmünde diňe bir prezidentiň portretleri däl eýsem, her ýyl girizilýän şygarlar hem yzygiderlilikde täzelenip, täze plakatlar edara-kärhanalara, köpçülik ýerlerine, köçelere asylýar.

Ýatlasak, ýylyň başynda 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly atlandyrylmagy bilen, ähli edara-kärhanalardan, hususan-da bilim we terbiýeçilik edaralaryndan täze şygar ýazylan plakatlary satyn almak talap edildi.

Türkmenistanda döwlet we hususy eýeçilikdäki edaralarda, jemgyýetçilik ýerlerinde, iri köçeleriň ugrunda, bazarlarda, umuman hemme ýerde diýen ýaly prezidentiň portretlerine duş gelmek mümkin.

Galyberse-de, döwlet edara-kärhanalarynda prezident portretleri esasan býujet işgärleriniň öz hasabyna täzelenýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.