Aşgabatda saglyk resminamalary we koronawirus testi talap edilýär, Daşoguzda maskalar ýetmezçilik edýär

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Okuw ýyly başlamazdan ozal Aşgabadyň mekdepleri okuwçylardan saglyk resminamasyny talap edýärler, paýtagta barmak üçin hem resminamalar we koronawirus testi soralýar. Bu aralykda Daşoguzda maska ýetmezçiligi döredi. Türkmenabatda COVID-19 pandemiýasy sebäpli howa gatnawynyň çäklendirilen şertlerinde türkmen raýatlary ýurda dolanyp başlaýar, daşary ýurtlular Türkmenistandan gaýdýar.