BSG: Ýaş adamlar pandemiýanyň ýaýramagyna has köp itergi berýär

Illýustrasiýa suraty

Bütindünýä saglyk guramasy (BSG) koronawirusyň köplenç 20, 30 we 40 ýaşlaryndaky adamlar tarapyndan ýaýradylýandygyna alada bildirýändigini aýdyp, olaryň köpüsi özlerine wirusyň ýokuşandygyny bilmän, gorawsyz toparlara howp abandyrýarlar diýdi.

Bu habar bir tarapdan, öz raýatlarynyň saglygyny goramaga synanyşýan, beýleki tarapdan bolsa, ýaşlary syýahatçylyga gelmäge höweslendirmek isleýän dünýä ýurtlarynyň ählisine degişlidir.

"Epidemiýa üýtgeýär. 20, 30 we 40 ýaşlaryndaky adamlar onuň ýaýramagyna has köp itergi berýärler. Köpler özlerinde örän ýeňil alamatlary bardygy ýa-da asla alamatlary ýokdugy sebäpli, wirusyň özlerine ýokuşandygyny bilmeýärler" diýip, BSG-niň Günbatar Ýuwaş umman sebiti boýunça direktory Takeşi Kasai (Takeshi Kasai) 18-nji awgustda wirtual brifingde eden çykyşynda aýtdy.

Degişli maglumat BSG täze koronawirus hadysalarynyň rekord sanyny ýazga alýar

Onuň sözüne görä, bu olaryň wirusy bilmän başgalara ýokuşdyrmagyna sebäp bolup biler

"Bu wirusyň iň ejiz, goragsyz adamlara, şol sanda garrylara, syrkawlara, uzak möhletli idegdäki adamlara, gür ilatly şäher ýerlerinde we pes derejede hyzmat berilýän oba ýerlerinde ýaşaýan adamlara ýaýramak howpuny artdyrýar" diýip, Kasai belledi.

Köpler daşary döwletlerden gelýän adamlary ýurda goýbermekde henizem howatyrlanýarlar.

Mysal üçin, 18-nji awgustda Dubaý daşary ýurtlarda ýaşaýan daşary ýurtly ýaşaýjylaryň Birleşen Arap Emirliklerine gaýdyp gelmezden ozal, rugsatnama almalydygyny aýtdy.

Soňky hepdelerde Ýewropanyň köp ýurdy, pandemiýa başlaly bäri ikinji gezek, syýahat çäklendirmelerini gaýtadan girizip başlady.

COVID-19 dünýäde 770000-den gowrak adamyň ölmegine sebäp bolup, bu wirus 22 milliondan gowrak adama ýokuşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.