COVID-19: Täze Zelandiýa saýlawlary süýşürdi; ýapon ykdysadyýeti 27,8% aşaklady

Dünýä boýunça COVID-19-a 21 million adam ýolugyp, ondan 773 müň adam öldi.

Täze Zelandiýa özüniň iň iri şäherinde koronawirusyň ýaýrap başlamagy bilen, milli saýlawlary soňa süýşürmek kararyna geldi. Bu aralykda, Ýaponiýa aprel-iýun çärýeginde ykdysadyýetiniň 27,8% aşaklandygyny aýtdy.

17-nji awgustda Täze Zelandiýanyň premýer-ministri Ýakinda Ardern saýlawlaryň 17-nji oktýabra geçirilendigini yglan etdi. Aukland şäherinde 50-den gowrak koronawirus ýagdaýlary ýüze çykarylandan bäri, oppozisiýa partiýalary saýlawlaryň süýşürilmegini sorap gelýärdiler.

Mundan ozal, Täze Zelandiýada 102 günüň dowamynda koronawirus bilen bagly ýagdaýlaryň ýüze çykandygy barada maglumat ýokdy. Bu döwür içinde diňe daşary ýurt syýahatlaryndan gelenlerde wirus tapylyp, olar serhetde karantinde saklanypdy.

Koronawirus dünýäniň iň iri üçünji ykdysadyýetine hem zarba urdy. Ýaponiýanyň jemi içerki önümiň 27,8% kemelmegi, bu 1980-nji ýylda şeýle maglumatlaryň elýeterli bolmagyndan bäri hasaba alnan iň pes görkezijidir.

Dünýä boýunça COVID-19-a 21 million adam ýolugyp, ondan 773 müň adam öldi.

Wirusyň esasy ojaklary Amerika kontinentinde bolup, ABŞ, Braziliýa we Meksika koronawirus bilen bagly iň köp hadysalary we adam ýitgileri hasaba alnan ýurtlaryň hatarynda bolmagyna galýar.