Belarus azatlyk üçin milli ýörişe taýýarlanýar, Putin Lukaşenka kömek bermäge taýýardygyny aýdýar

Minsk. Döwlet TW-siniň binasynyň öňündäki protest. 15-nji awgust, 2020.

26 ýyllap häkimiýet başynda bolan awtoritar lideriň işden çekilmegine edilýän basyşlaryň güýçlenmegi bilen, 16-njy awgustda Minskde we beýleki belarus şäherlerinde prezident Aleksandr Lukaşenka dawaly saýlawlarda üstün çykdy diýleli bäri başlanan oppozisiýa protestleriniň iň ulusynyň gurnalmagyna, köçelere has kän adamyň çykmagyna garaşylýar.

Erkinlik üçin milli ýöriş Belarusyň paýtagtynda Lukaşenka üçin geçirilen ýörişden birnäçe sagat soň geçiriler.

Şu aralykda döwlet edara-kärhanalarynlarynda işleýän işgärleriň Lukaşenka üçin gurnalýan ýörişe gatnaşmadyk halatynda işden kowulmak bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy, Belarus ilçisiniň protestçilere goldaw bildirendigi habar berildi.

Lukaşenka 9-njy awgustda bolup geçen saýlawda ýeňiji diýlip yglan edildi, onuň esasy oppozisiýa bäsdeşi Swetlana Tihanowskaýa bolsa, tutuş ýurt boýunça guralan kampaniýa ýygnanyşyklarynda has köp mähelläni özüne çekendigine garamazdan, ses berişlikde yzda galdy.

Lukaşenkanyň ýolbaşçylygyndaky Belarusda geçirilen hiç bir saýlaw günbatar synçylary tarapyndan erkin we adalatly hasaplanmady.

Dawaly saýlawdan soň Litwa gitmäge mejbur bolan Tihanowskaýa 15-nji we 16-njy awgustda Belarusda parahatçylykly demonstrasiýalara çagyrdy.

Lukaşenka 15-nji awgustda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen telefonda gürleşdi we şondan soň rus lideriniň “Belarusyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin” anyklaşdyrylmadyk kömek bermegi wada berendigini aýtdy.

Şu aralykda, Kremliň maglumatyna görä, rus prezidenti Wladimir Putin Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka Russiýanyň zerur halatynda, köpçülikleýin harby şertnama laýyklykda, Belarusa kömek bermäge taýýardygyny aýtdy.

Kremliň beýanatynda Belarusa daşardan basyş edilýändigi aýdylýar, ýöne kim tarapyndan basyş edilýändigi aýdylmaýar.