Türkmen aktiwistleri belarus protestçilerini goldaýar, Berdimuhamedow GDA-da Lukaşenkany gutlamadyk 'ýeke-täk lider' boldy

Türkmen aktiwistleri belarus raýatlaryna goldaw bildirýär.

“Doganlar we uýalar, alada etmäň, ozaly şu agyr günlerde biz Siz bilen her gün we hemme gün biledigimizi, bütin dünýäniň Siz bilen biledigini aýtmak isleýärin” diýip, başyna ak telpek geýen, egnine türkmen baýdagyny atan türkmen aktiwisti aýtdy.

Türkmen aktiwistleri Minskde we beýleki şäherlerde sütem gören raýatlara, belarus protestçilerine we halkyna goldaw bildirýär, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, GDA ýurtlarynyň liderlerinden, şol sanda rus prezidenti Wladimir Putinden we ermeni premýer-ministri Nikol Paşinýandan tapawutlylykda, belarus kärdeşini gutlamady.

Belarus wakalary türkmen hökümetiniň daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen aktiwistleri tarapyndan barha kän we açyk tankytlnaýan, ýiti ýazgarylýan wagtyna gabat geldi.

Belarusda 9-njy awgustda geçirilen ses berişlikde 26 ýyllyk dolandyryjy Aleksandr Lukaşenkanyň Merkez saýlaw komissiýasy tarapyndan ýeňiji diýlip yglan edilmegi we saýlawyň galplaşdyrylandygyny aýdyp, protest bildiren raýatlaryň polisiýa tarapyndan gazaply basylyp ýatyrylmagy, şäher köçelerine çykan adamlaryň urlup-ýenjilmegi netijesinde tutuş ýurtda başlanan halk protestleriniň çäginde, 15-nji awgustda Çehiýanyň paýtagty Pragada we dünýäniň beýleki ýerlerinde ýaşaýan belaruslar hem protest çärelerini geçirdiler.

Birleşen Ştatlaryň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen protest çäresine türkmenistanly aktiwistler hem goşuldy we olar öz plakatlary, çykyşlary bilen, “Ýewropanyň iň soňky diktatory” adyny alan A.Lukaşenkanyň garşysyna bildirilýän nägileliklere goldaw bildirdiler.

Degişli maglumat Belarus wakalarynyň Türkmenistana düşýän kölegesi

“Doganlar we uýalar, alada etmäň, ozaly şu agyr günlerde biz Siz bilen her gün we hemme gün biledigimizi, bütin dünýäniň Siz bilen biledigini aýtmak isleýärin” diýip, başyna ak telpek geýen, egnine türkmen baýdagyny atan türkmen aktiwisti aýtdy.

“Biz Belarusda, Orsýetde, Demirgazyk Koreýada we Türkmenistanda, dünýäniň islendik ýerinde diktatura we zalymlyga garşy, bu 21-nji asyr, bu maglumat asyry, bu integrirlenen dünýä, sen adamlary indi öňküleri ýaly aldap bilmeýärsiň” diýip, türkmen aktiwisti Belarusdaky reýdler mahalynda ýaraly bolanlara kömek edýän ýedi türkmen studentiniň tussag edilendigini, olaryň soňky ykbalyny bilmeýändiklerini, emma özleriniň belarus halkyna goldaw bermeklerini bes etmejekdiklerini nygtady.

“Indi zalymlygyň soňy gelýär, diktaturanyň soňy gelýär, uzak ýaşa, Belarus!” diýip, türkmen aktiwisti öz çykyşynyň soňunda aýtdy.

Azatlygyň ozal “Türkmenistanyň Hronikasy” neşirine salgylanyp habar berşi ýaly, 11-nji awgustda Belarusyň Daşary işler ministrligi we Içeri işler ministrligi Türkmenistana hat ýollap, onda prezident saýlawlaryndan soňky protestleriň dowamynda ýedi türkmenistanly studentiň saklanandygyny habar berdiler.

Degişli maglumat Lukaşenka Putin bilen Belarusdaky köpçülikleýin protestleri maslahatlaşdy

TH-nyň maglumatyna görä, hat türkmen tarapyna ir sagat 09:00-da gowşupdyr, munuň yzy bilen-de diplomatlaryň we kanun goraýjy edaralaryň gatnaşmagynda elektron maslahat geçirilipdir.

Jogap hatynda türkmen tarapynyň saklanan türkmenistanlylaryň Belarusyň kanunlaryna görä jogapkärçilige çekilmegine garşy däldigi bellenilýär diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň maglumatynda aýdylýar.

Mundan başga-da, türkmen tarapy saklanan studentleriň şahsyýetleri barada doly maglumat berilmegini, olaryň ýanynda sowuk ýaraglaryň we beýleki serişdeleriň bolup-bolmandygynyň aýdyňlaşdyrylmagyny, şeýle-de olaryň okuwlaryndan çykarylmagyny sorapdyrlar.

Maglumata görä, türkmen tarapy öz raýatlarynyň dessine yzyna gaýtarylmagyny soramandyr.

Türkmenistanyň resmi metbugaty Belarusdaky wakalar, şol sanda ol ýerde reýd mahalynda tussag edilen türkmenistanly studentler barada hiç bir maglumat bermeýär.

Şu aralykda türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA liderleriniň arasynda belarus kärdeşi Lukaşenkany saýlaw "ýeňşi" bilen gutlamazlygynyň mümkin bolan sebäpleri hakynda gürrüň edilip başlandy.

Rus žurnalisti Arkadiý Dubnowyň pikiriçe, türkmen we belarus liderleriniň arasynda uly möçberdäki maliýe oňuşmazlygy bar.

Degişli maglumat Türkmenistanyň $1,1 milliardlyk dökün kombinaty 'zyýanyna işleýär'

Iki prezidentiň arasynyň bozulmagyna Garlykda belarus kompaniýasy tarapyndan gurlan dökün kärhanasynyň garaşylan möçberdäki önümi bermezligi sebäp boldy.

Bahasy $1,1 milliard bolan Garlyk kombinaty 2017-nji ýylyň martynda ulanmaga berildi (onuň gurluşyk işleri, dürli maglumatlara görä, 2009-njy ýylyň tomsunda, 2010-njy ýylda başlady-redaksiýanyň belligi).

Şonda türkmen mediasy Türkmenistanyň Hytaýa we Hindistana ýylda 1 million 200 müň tonna dökün eksport etmegi planlaşdyrýandygyny habar beripdi.

Türkmenistanyň resmi maglumatlaryna görä, Garlyk kombinatynda 2018-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aralygynda jemi 24 müň 200 tonnalyk kaliý döküni öndürildi. Bu görkeziji zawodyň göz öňünde tutulan ýyllyk önümçilik kuwwatynyň takmynan 2%-e barabar bolýar.

Emma türkmen metbugaty soňra, sosial mediada we belarus mediasynda çykýan dürli maglumatlara garamazdan, kombinatdaky ýagdaýlar, önümçilik planlarynyň ýerine ýetirilişi hakynda maglumat bermegi zerur hasaplamady.

Synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, Türkmenistanda soňky onýyllyklarda milliardlarça dollar harçlanan "prezident taslamalary" ýurduň ykdysadyýetine peýda däl, uly zyýan getirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.