Baltika ýurtlary Belarusda täze saýlaw geçirmäge çagyrýar, ÝB sanksiýalaryna çagyryş edýär

Belarus. Urlan protestçi

Estoniýanyň, Latwiýanyň we Litwanyň premýer-ministrleri Belarusy 9-njy awgustda geçirilen jedelli saýlawdan soň täze "azat we adalatly" ses berişlik geçirmäge çagyrdy.

9-njy awgustdaky ses berişlikde, resmi maglumata görä, 26 ýyllyk prezident Aleksandr Lukaşenka altynjy möhlete saýlandy we protest hereketleriniň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan rehimsiz basylyp ýatyrylmagy tutuş ýurtda nägilelik döretdi.

Üç baltika ýurdunyň ýolbaşçylary 15-nji awgustda Estoniýanyň Tartu şäherinde geçirilen ýygnakdan soň çap eden bilelikdäki beýannamalarynda täze saýlawyň "halkara synçylarynyň gatnaşmagynda we aç-açan ýagdaýda" geçirilmelidigini aýtdylar. Şeýle-de, üç baltika döwleti Belarusy zorlukdan saklanmaga we syýasy tussaglary boşatmaga, demonstrantlary tussag etmezlige çagyrdy.

Olar zorluga sebäp bolanlar, jogapkär resmiler babatynda Ýewropa Bileleşiginiň sanksiýalarynyň ulanylmagyny talap etdiler.

Bu beýannama müňlerçe belarusyň köpçülikleýin protestlere çykyp, Lukaşenkanyň 26 ýyllyk dolandyryşynyň bes edilmegine çagyrýan, dynç alyş günlerinde has uly protestlere taýýarlanýan wagtynda çap edildi.

Oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa Lukaşenkanyň ýeňiş gazanandygy bilen ylalaşman, şikaýat etmäge synanyşandan soň, goňşy Litwa çykmaga mejbur edildi; 15-nji we 16-njy awgustda parahatçylykly ýörişlere çagyrdy.