Belaruslar hepde ahyrynda geçirilen saýlawlar üstünde prezident Aleksandr Lukaşenka görkezýän basyşlaryny protestleriň dördünji gününde hem dowam etdirdiler, oppozisiýa onuň 26 ýyllyk diýdimzor dolandyryşyny uzaltmak üçin saýlaw netijelerini galplaşdyrylandygyny aýdýar.
12-nji awgustda Minskde we ýurduň beýleki ýerlerinde müňlerçe demonstrant köçelere çykyp, urulmak we tussag edilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz boldy, häkimiýetler demonstrantlara garşy hakyky ok-däri ulanýandygyny boýun aldy we gozgalaň wagtynda ikinji adamyň ölendigi mälim boldy.
9-njy awgustda geçirilen dawaly saýlawdan soň pitnä garşy polisiýanyň paýtagtda we beýleki şäherlerde demonstrantlary dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz, rezin ok we ses granatlaryny ulanyp bbaşlamagy bilen birden möwjäp galan protestler dürli görnüşlere eýe boldy.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Praga sapary wagtynda Azatlyk radiosyna beren interwýusynda "biz zorluga we onuň netijelerine, parahatçylykly demonstrantlara hakykatda çemeleşilmesi ýaly çemeleşilmeýändigine syn etdik" diýidi.
Pompeo Birleşen Ştatlaryň entek bu mesele boýunça degişli jogaby taýýarlamandygyny, nähili çäre görmelidigini kesgitlemek üçin Waşingtonyň ýewropaly hyzmatdaşlary bilen işleşjekdigini aýtdy.
Degişli maglumat Pompeo belarus halky üçin “gowy netije” getirjek ABŞ çärelerini wada berýärÝB ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň 14-nji awgustda duşuşyp, öň Belarusa garşy girizlen we 2016-njy ýylda ýatyrylan sanksiýalary dikeltmek meselesini maslahatlaşmagyna garaşylýar.
12-nji awgustda Minskiň birnäçe böleginde ýüzlerçe adamdan ybarat topar ynsan zynjyrlaryny döretse, awtoulagly adamlar yzyny zümän signal berdiler we polisiýa ulaglarynyň ýoluny petiklemek üçin haýal hereket etdiler. Belarus hukuk guramasy "Wýasnanyň" maglumatyna görä, şuňa meňzeş protestler azyndan bäş şäherde geçirildi.
130-dan gowrak doktor Minskde zorluga garşy çärä goşulyp, medisina uniwersitetiniň golaýyndaky Dzeržinskiý şaýolunda ak halat geýip, ellerine gül we plakat alyp durdy. Öz sözleri bilen aýdylsa, olar bu ýere "biziň hemmämiz bilelikde" diýmek, bir-bitewiligi görkezmek üçin çykdylar.
Dzeržinskiý köçesiniň boýundaky jaýlaryň ýaşaýjylary balkonlaryna çykyp, protestlere goldaw bildirip, el çarpdylar we bu ýere gelip ýetişden polisiýa işgärleri adamlary rezin oka tutdy.
Minskde we beýleki şäherlerde ak geýnen aýallar birleşip, el-ele berip, saýlawdan soňky basyp ýatyrmalara protest hökmünde, adam zynjyryny döretdiler.
Soňky protest çäreleri häkimiýetleriň 9-njy awgustda geçirilen ses berişlikden bäri 6000-den gowrak adamyň tussag edilendigini we ýüzlerçe adamyň ýaralanandygyny aýdan wagtynda guraldy. Saýlaw komissiýasy Lukaşenkanyň 80% ses alandygyny, onuň esasy garşydaşy Swetlana Tihanowskaýanyň 10% hem ses almandygyny aýtdy.
Tihanowskaýa ýurdy terk etdi we häzir Litwada bolýar.
Tutulan adamlaryň ýüzlerçe garyndaşy 12-nji awgustda Minskdäki merkezi tussaghananyň öňünde ýygnanyp, ýakynlary hakda maglumat almaga synanyşdy.
Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler tutuş ýurt boýunça tussaghanalaryň, polisiýa merkezleriniň we türmeleriň saklanan adamlardan hyryn-dykyn bolandygyny aýdýarlar.
Degişli maglumat Protestleriň arasynda oppozisiýa dalaşgäri Tsihanouskaýa Belarusy terk etdiBelarusyň Içeri işler ministrligi 12-nji awgustda irden, öten agşam günbatardaky Brest şäherinde hukuk goraýjy işgärler bir topary oka tutanda, olaryň biriniň ýaralanandygyny aýtdy. Polisiýanyň aýtmagyna görä, ol adamlar kanun goraýjylara demir taýakly hüjüm edipdir.
Bu häkimiýetleriň protestçilere garşy hakyky ok-däri ulanylýandygyny ilkinji gezek boýun almagy boldy.
Şeýle-de, derňew komiteti Homeldäki köçe protestinde tussag edilen 25 ýaşly adamyň ilki türmä, soňra keselhana geçirilenden soň ölendigini tassyk etdi. Bu saýlawdan soňky gozgalaňda öldürilen ikinji adam boldy.
Pidanyň ejesi Azatlyk radiosyna oglunyň protestlere gatnaşmandygyny, polisiýa saklanda onuň söýgülisi bilen görüşmäge barýandygyny gürrüň berdi. Ol oglunyň ýüreginde keminiň bolandygyny we onuň ýenjilendigine ynanýandygyny aýtdy.
Şu aralykda, Azatlyk radiosynyň aýaly bilen awtoulag sürüp barýarka saklanan žurnalisti polisiýa tarapyndan urlup-ýenjildi we tussag edildi. Polisiýa Witaliý Tsinkowy awtoulagyndan çekip çykardy we ýere ýykyp, tussag etmezden öň urdy diýip, žurnalistiň aýaly gürrüň berdi. Onuň özi hem tussag edildi.
Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň žurnalistine edilen hüjüm Belarusyň Žurnalistler birleşiginiň 12-nji awgustda häkimiýetlerden metbugat wekillerine garşy gönükdirilen zorlugy bes etmegi talap eden wagtyna gabat geldi.
Žurnalistler birleşigi howpsuzlyk güýçleriniň metbugat wekillerine garşy bilkastdan zorluk ulanýandygyny, olaryň enjamlaryna bilgeşleýin zeper ýetirilýändigini we gozgalaňlar barada habar taýýarlaýan žurnalistleriň azyndan 12 sanysynyň tussag edilendigini aýtdy.
Nobel baýragyny alan belarus ýazyjysy Swetlana Alekseýewiç polisiýanyň protestçilere eden ýowuzlugyny ýazgardy we Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna "häkimiýetler öz halkyna garşy uruş yglan etdi" diýdi. Şeýle-de ol, ganly raýat urşunyň öňüni almak üçin, Lukaşenka işinden çekilmeli diýdi.
"Heniz giç dälkä, halky elhenç çukura, raýat urşunyň gorpuna iteklemezden öň git, çekil" diýip, 72 ýaşly ýazyjy saýlawdan bäri eden ilkinji çykyşynda aýtdy. "Hiç kim gan islemeýär. Siz diňe häkimiýet isleýärsiňiz. Siziň häkimiýete bolan açlygyňyz gan talap edýär" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.