Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň ençeme etraplarynda soňky iki hepdäniň dowamynda hojalyk, şol sanda iri we ownuk şahly mallaryň onlarçasynyň ölýändigi barada maglumatlar gowuşýar.
“Lebabyň Köýtendag etrabynyň düzümindäki Magdanly şäherinde, şeýle-de Kerki etrabynyň günorta-gündogar sebitlerinde we Kerkiçi raýonynda köpçülikleýin ýagdaýda öý mallary gyrylýar. Ýerli ýaşaýjylaryň käbiri ölýän mallaryň sanynyň ýüzden hem aşýandygyny aýdýar” diýip, bu ýagdaýlary öwrenen lebaply habarçymyz 11-nji awgustda maglumat berdi.
Ýerli ýaşaýjylaryň käbiriniň çaklamasy boýunça mallaryň gyrylmagyna wirusly içgeçme, deridäki gijilewük ýaly ýagdaýlar sebäp bolýar.
Azatlygyň lebaply habarçysy döwlet weterinariýa gullugynyň käbir işgärleri bilen özara söhbetdeş bolanda, olar haýwanlaryň häzir näme sebäpden ölýändiklerini özleriniň anyk düşündirip bilmeýändiklerini aýtdylar.
“Söhbetdeş bolan ençeme weterinar lukmanlarynyň hiç biri, sebitde muny anyklar ýaly ýörite laboratoriýanyň ýokdugy üçin, mallaryň anyk näme sebäpden ölýändigini aýdyp bilmedi. Lukmanlar ölen mallaryň alamatlaryndan ugur alyp, muňa ýokanç bir infeksiýanyň sebäp bolýandygyny çaklaýarlar” diýip, habarçymyz maglumat berdi.
Gepiň gerdişine ýatlatsak, geçen aýyň aýagynda türkmen häkimiýetleriniň koronawirus aladalarynyň arasynda, uçardan zyýansyzlandyryjy serişdelerini sepmeginiň yzýany, bu sebitlerde käbir iri şahly, şol sanda gara mallaryň hem kesele uçrap ölýändigi barada maglumatlar gowşupdy.
Emma munuň häzir Lebapda mallaryň köpçülikleýin haram ölmegi bilen nähilidir bir arabaglanyşygynyň bardygyny anyklap bolmady.
Degişli maglumat 'Ýok etmäge görkezme bar'. Koronawirusa garşy göreş öýsüz haýwanlara-da täsir ýetirdiBu aralykda, Lebabyň hojalyklaryndaky towuklaryň we indýuklaryň hem köpçülikleýin ýagdaýda ölýändigi barada maglumatlar gowuşýar.
“Sebitde döwletiň we şahsy hojalygyň eýeçiligindäki müňlerçe towuk respirator mikoplazmozy, ýagny towuklaryň dem alyş ýollaryny baglaýan ýokanç kesel sebäplidigi aýdylýan wirusdan öldi. Adamlar howatyr edip, mallaryny, towuklaryny howlularyndan daşary çykarman saklaýarlar” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran lebaply habarçymyz aýtdy.
Ol häzir sebitde mallar üçin niýetlenen waksina-dermanlaryň hem gytçylygynyň emele gelendigini aýtdy.
“Adamlar öz hasaplaryna derman alaýyn diýse-de, olar häzir hiç bir ýerde tapdyrmaýar. Koronawirus sebäpli serhetleriň ýapylmagy bilen, daşary ýurtdan getirilýän dermanlaryň akymy hem kesildi” diýip, habarçymyz belledi.
Ýokarda beýan edilen ýagdaýlar boýunça Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden, Lebap welaýatynyň degişli häkimliklerinden we edaralaryndan maglumat almak başartmady.
Ýatlatsak, ýyldan ýyla Türkmenistanyň dürli künjeklerinde mallara ýokuşýan keselleriň öňüni almak we bejermek üçin weterinarlaryň zerur dermanlary wagtynda ýetişdirip bilmezligi, ot-iým ýetmezçiligi bilen baglylykda onlarça hojalyk mallarynyň, şol sanda towuklaryň hem haram ölýändigi barada maglumatlar gowuşýar.
Degişli maglumat Lebapda öý haýwanlary guduzlaýar, olara garşy waksina tapdyrmaýar, guşlarda näbelli wirus dörediMundan başga-da, ýurtda weterinar dermanlarynyň ýetmezçiliginiň fonunda, resmi mediada türkmen weterinarlary iri we ownuk şahly mallarda döreýän keselleri bejermek üçin prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryndaky dermanlyk ösümliklerden peýdalanmagy maslahat berip başladylar.
Synçylaryň tassyklamagyna görä, türkmen hökümetiniň garaşsyzlyk ýyllarynda ýöreden maldarçylyk syýasaty ozal müňlerçe adama iş ýeri bolan pudagyň barha çökmegine alyp geldi.
Türkmen ýolbaşçylary we mediasy ýokarky ýagdaýlar dogrusynda häzirlikçe dymyp gelýärler. Muňa derek, ýurt resmileri we habar serişdeleri “bagtyýarlyk we berkararlyk döwründe” ýurtda “maldarçylyk hojalyklaryny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny” dowamly tekrarlaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.