6-njy awgust güni agşam Minskde prezidentlige kandidat Swetlana Tihanowskaýanyň müňlerçe tarapdary paýtagtyň Kiýew seýilgähine ýygnandy.
Golaýda ýerleşýän Dostluk seýilgähinde geçirilmegi planlaşdyrylan Tihanowskaýa ýygnanyşygynyň ýatyrylmagyna garamazdan, adamlar mitinge gatnaşmaga geldiler.
Ýygnanyşygy ýatyrmak karary guramaçylar tarapyndan, şäher häkimliginiň şol bir wagtyň özünde we şol bir sebitde Demirýol goşunlary gününe bagyşlanan baýramçylyk çärelerini geçirýändigi sebäpli kabul edildi.
Şäher häkimligi Kiýew seýilgähinde goşmaça bilim edaralary üçin açyk gün geçirdi. Swetlana Tihanowskaýa, Mariýa Kolesnikowa we Weronika Tsepkalo dagy, dalaşgäriň wekiliniň sözlerine görä, bir oppozisiýa merkezinde birleşip, “Belarus raýatlary” hökmünde seýilgähe geldi.
Seýilgähde düşürilen suratlar we wideo ýüzlerçe, ähtimal müňlerçe adamyň ýygnanandygyny görkezýär.
Märekäniň arasynda Tihanowskaýa görünmedi. Şol bir wagtda, polisiýa çärä gelen Kolesnikowany seýilgähe goýbermedi.
Kolesnikowanyň soň gürrüň bermegine görä, ol Tihanowskaýa we Tsepkalo bilen bir ulagda gelipdirler, emma ýüzlerçe tarapdarynyň olaryň daşyny gurşap almagy bilen, seýilgähe aýry-aýrylykda girmek kararyna gelipdirler. Görnüşine görä, Tihanowskaýa we Tsepkalo seýilgähe goýberilmändir.
Resmi çäräniň programmasyna jogapkär ses režissýorlary seýilgähde Wiktor Tsoýyň "Özgerişlik" aýdymyny goýberdiler, tomaşaçylar ony şatlyk bilen garşy aldy. Bu aýdym Sowet Soýuzynyň dargamagynyň öňýany, 1980-nji ýyllarda sowet ýaşlarynyň senasyna öwrülipdi.
Soňy bilen, aýdymy goýan saz hünärmenleri Kiril Halanau we Uladzislau Sakalouski kiçi huligançylykda we boýun bolmazlykda aýyplandylar. 7-nji awgust güni giçlik olaryň üstünden sud diňlenişiginiň geçirilmegine garaşylýar.
Seýilgähe ýygnananlar Minsk şäheriniň köçelerinden ýöräp, “Uzak ýaşa Belarus!” we “Güm bol!” diýen şygarlary gygyrdylar. Bularyň häkimiýet başynda eýýäm 26 ýyllap oturan Aleksandr Lukaşenka gönükdirilendigine çalym etdi. 9-njy awgustda geçmeli saýlawlaryň öňüsyrasy, onuň häkimiýetiniň hem barha gowşaýandygyna meňzeýär.
Şol bir wagtda, bilermenler Lukaşenkanyň galplyga we oppozisiýa garşy repressiýalara baş goşup, saýlawlary uly ähtimallyk bilen ýeňjekdigini çaklaýarlar.
6-njy awgust güni irden Minskde Tihanowskaýanyň kampaniýa başlygy Maryýa Maroz gysga wagtlyk saklandy we oňa gurnaýan rugsat berilmedik çäreleri üçin jogapkärçilige çekilip bilinjekdigi bilen haýbat atyldy.
6-njy awgustda Belarusyň beýleki künjeklerinde hem Tihanowskaýanyň toparynyň agzalary we goldawçylary tussag edildi.
Soňky hepdeleriň dowamynda, Tihanowskaýa paýtagt Minskde we ýurduň beýleki sebitlerinde onlarça müň adamy ýörişlere çekmegi başardy.
Bu aralykda, Lukaşenkany goldamak üçin çagyrylandygy aýdylýan belli rus aýdymçylarynyň ençemesi Belarusda geçirilmegi planlaşdyrylan konsertlerini ýatyrdylar. Olaryň arasynda Leonid Agutin, Ýulianna Karaulowa, Grigoriý Leps, Džaro&Hanza, Rasa we Kar-Men dagy hem bar. Minsk olary saýlawlaryň öňýany, ýagny 8-nji awgustda belarus şäherlerinde çykyş etmek üçin çagyrypdy. Aýdymçylaryň käbiri muny syýasatdan çetde durmak karary bilen düşündirdiler.
Belarusa çagyrylan amerikan aýdymçylary Tyga we Saint Jhn hem planlaşdyrylan konsertlerini ýatyrdylar.
Bu aralykda, Belarusyň Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň 6-njy awgustda beren maglumatyna görä, irki saýlawlaryň üç gününiň dowamynda ýurtdaky ses bermäge hukugy bolan 6,8 million adamyň 22,47%-i ses beripdir.
Oppozisiýa syýasatçylary, adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler we Lukaşenkanyň tankytçylary ses berijileri 4-nji awgustda başlanan irki saýlawlardan çetde durmaga çagyrdylar. Olar munuň Lukaşenka saýlawlaryň netijelerini galplaşdyrmak üçin goşmaça mümkinçilik döredýändigini bellediler.