"Bu zatlary olar öňden bilýärdiler". Hytaý koronawirus baradaky hakykaty nädip ýaşyrdy

Pekindäki Týananmen meýdançasynda Mao Szedunyň portretiniň alnynda duran hytaý poliseýi. 2020-nji ýylyň fewraly.

Hytaýly alym, Hoň Koňdan ABŞ-a gaçyp gelen wirusologiýa doktory Hytaý hökümetini täze koronawirusyň ýaýramagy bilen baglanyşykly faktlary ýaşyranlykda aýyplaýar. Wraç Ýan Limen amerikaly žurnalistlere Pekiniň COVID-19 barada onuň bütin dünýä ýaýramazyndan has öňräkden habarly bolandygyny aýdýar. Ol zenanyň tassyklamagyna görä, onuň işleýän ylmy-barlag institutynda koronawirusy öwrenmäge kembaha garapdyrlar, şeýle geleňsizlik ýüze çykmadyk ýagdaýynda, ýüz müňlerçe adamyň janyny halas edip boljakdygyny aýdýar.

Baryp aprel aýynyň aýagynda Hytaýdan çykyp gaçmagy başaran Ýan Limen häzir köpleriň ünsüni özüne çekýär. ABŞ-yň prezidenti Donald Trampyň öňki kömekçisi Stiwen Bennonyň ol zenan bilen geçiren interwýusy Britaniýanyň Sunday Mirror gazetinde çap bolandan soňra, Stiwen Bennon soňky wagtlarda Hytaýdan köp sanly wraç-wirusologlaryň, ol sanda Wuhan şäherindäki laboratoriýada işlänleriň gaçyp çykandygyny mälim etdi. Onuň sözüne görä, gaçyp çykanlar ABŞ-yň hem Beýik Britaniýanyň ýörite gulluklary bilen gatnaşyk açyp, örän aýylganç zatlary gürrüň berýärler.

Stiwen Bennonyň sözüne görä, Hytaýdan gaçyp çykanlar bilen ABŞ-yň FBI işgärleri işleşýärler. Olar sorag-jogap üsti bilen alnan maglumatlary deňeşdirmek arkaly SARS-CoV-2 wirusynyň Hytaýda nähili ýagdaýda we haçan peýda bolandygy, hakykatdanam onuň Wuhandaky laboratoriýadan ýa-da Hytaýyň “öl bazarlaryndan” çykyp bütin dünýä ýaýrandygy baradaky ýagdaýa göz ýetirmek isleýärler. Bennonyň maglumatyna görä, soňky aýlarda Günbatara gaçyp gelen wraçlar, hususan-da, Wuhandaky laboratoriýanyň «örän gözgyny ýagdaýdadygyny», «ol ýerde howpsuzlyk çäreleriniň berjaý edilişiniň ýaramazdygyny» aýdýarlar.

Stiwen Bennon ABŞ-yň prezidentiniň öňki kömekçisi.

«Ol adamlar entek žurnalistler bilen ýüzleşmäge taýyn däl. Muňa garamazdan, Hytaýyň dürli keselhanalarynda hem laboratoriýalarynda, şol sanda Wuhanda we beýleki şäherlerde işleýän wraçlar az däl. Olar şol howpy ýaşyrandygy üçin, Hytaýyň Kommunistik partiýasyny (HKP) birnäçe meselede, şol sanda geleňsizlikde, esasan-da maglumaty ýaşyrmakda aýyplaýarlar. Şol faktlar köpçülige ýetirilse, biziň köpimiziň aşa geň galmagymyz mümkin» diýip, Stiwen Bennon belleýär.

Olardan biri – wraç Ýan Limen Hoň Koňdaky jemgyýetçilik saglygy saklaýyş ýerli uniwersitetinde wirusologiýa hem immunologiýa boýunça ýöriteleşipdir. Öňki kärdeşlerinden tapawutlylykda, ol žurnalistler bilen gepleşmäge aýgyt edip bildi. Ol Fox News telekanalyna beren interwýusynda hem beýleki amerikan metbugatyna 28-nji aprelde Hoň Koňdan Cathay Pacific awiakompaniýasy bilen Los-Anjelese uçup gelşini hem Hytaýdan gaçyp çykmak üçin öňünden gören taýýarlyklaryny gürrüň berýär. Eger ol özüniň saklanan ýagdaýynda nämäniň garaşýandygyny – türmä atyljagyny, ondan beteri-de «dereksiz ýitirim ediljegini» açyk bilipdir.

Ýan Limeniň ynam bilen aýtmagyna görä, hytaý hökümeti täze koronawirusyň dörändigini gaty öňden bilipdir. Şeýle-de bolsa, Ýanyň Hytaýdaky ylmy ýolbaşçylary, şol sanda öz ugurlary boýunça ylmy-medisina äleminde tanalýan bilermenler hem pandemiýanyň başlangyç pursatlarynda, derňew işleriniň geçirilmegine kembaha garapdyrlar.

Ýan Limeniň pikirine görä, ol alym-wraçlar Bütindünýä Saglyk Guramasynyň (BSG) wirus dümewi hem pandemiýa boýunça ýöriteleşdirilen «maglumat laboratoriýa» kada-kanunlaryny bozupdyrlar. Olar öz janyndan hem ýakynlarynyň howpsuzlygy meselesinden gorkusyna şeýle maglumaty ýaşyrmaga mejbur bolupdyrlar. Ol amerikan topragynda, FBI gullugynyň goragynda dursa-da, özüniň agyr howpuň alnynda durýandygyny aýdýar. Ol indi hiç wagt ýurduna dolanmajagyny, öz maşgalasyny hem ýakynlaryny görmejegini boýun alýar.

Ýan Limen özüni dünýäde täze koronawirusy öwrenip başlan alymlardan biri saýýar. 2019-njy ýylyň aýagynda onuň ylmy ýolbaşçysy, Hoň Koň uniwersitetiniň doktory Leo Pun ondan bu nämälim keseliň giňelmegini – SARS toparyna degişli wiruslaryň Hytaýa ýaýramagy meselesini öwrenmegi tabşyrypdyr. «Ýöne hytaý hökümeti hem HKP bu işe daşary ýurt ekspertlerini çekmegi, şol sanda Hoň Koňa çagyrmagy gadagan etdi. Şonuň üçinem men öz kärdeş ýoldaşlaryma ýüzlenip, köpräk informasiýa almaga çalyşdym» diýip, ol belleýär.

Ol aýalda Hytaýyň giň çäklerinde ýerleşýän medisina edaralary bilen gowy professional aragatnaşygy bolupdyr. Sebäbi ol dürli ýokary okuw jaýlarynda bilim alyp, köp ýerde işläp görüpdir. Hut şonuň üçinem oňa şeýle giň çäkdäki barlagy geçirmek tabşyrylypdyr. Sebäbi resmi hökümetden hakyky maglumatlary almak mümkin bolmandyr. Hytaýdaky keselçiligiň profilaktikasy hem barlagy Merkezinden onuň bir ýoldaşy täze ýüze çykan kesele ýoluganlaryň sebäpleri baradaky maglumaty aýan edip, 31-nji dekabrda Ýan Limene aýdypdyr. Munuň bolaýjak zatdygyny soňa Hytaý hem BSG boýun alypdy.

Häzirki wagtda ol wirusyň ýaýran ýeri hasaplanýan Wuhan şäheriniň durmuşy öňki kadasyna dolandy. Ýerli restoranlardan biri agşam çagynda. 2020-nji ýylyň maý aýy.

Ýan Limen öz gezeginde bu maglumaty ýolbaşçysyna aýdypdyr. «Ol diňe baş atmak bilen makullady hem maňa barlagy dowam etdirmelidigini buýurdy» diýip, ol ýatlaýar. Birnäçe gün geçensoň, 2020-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda BSG: «Hytaý hökümetiniň pikirine görä, bu wirus bilen dümewlänlerde örän agyr keselçilik döretse gerek, ýöne onuň adamdan adama ýokuşmagy beýle ýeňil däl» mazmundaky maglumat gowşupdy diýip, ol ýatlaýar.

Ýan Limeniň aýtmagyna görä, bütin Hytaýda tä HKP ýolbaşçylarynyň bu baradaky pikiri düýpgöter özgerýänçä, alymlar hem wraçlar täze wirusy özara maslahat edip gelipdirler. «Birdenkä ses öçürilen ýaly boldy. COVID-19 epidemiýasynyň episentri saýylan Wuhan şäherindäki kärdeşlerimiz biz bilen gatnaşyk açmagy bes etdiler, beýlekilere, şol sanda bize hem hiç bir takyk zatlary soramazlyk barada berk duýduryş berdiler. Birnäçe wraçlar: “Bu barada bize aýtmagy gadagan edýärler, ýöne maska dakynmagyň zerurdygyny aýdýarlar” diýip, öz aralarynda gaharly pyşyrdaşýardylar» diýip, ol ýatlaýar.

Soňra Ýan Limeniň çeşmeleriniň berýän maglumatyna görä, Hytaýda täze wirusyň adamdan adama geçmegi geometriki progres bilen ösüp başlaýar. Ýan bolsa özbaşdak ýagdaýda bu kynçylykdan çykalga gözleýär. «Örän köp näsaglar wagtynda bejergi alyp bilmediler, hatda olara diagnoz hem goýulmady. Keselhanada işleýän doktorlary gorky gurşap aldy, olar ruhy taýdan öçgündiler» diýip, ol belleýär.

Ol özüniň gelen netijeleri barada 16-njy ýanwarda ylmy ýolbaşçysyna hasabat beripdir, şol gezekde-de ýolbaşçysy oňa sesini çykarmazlygy hem örän hüşgär bolmagy tabşyrypdyr. «Ol maňa “gadaganlyk çäginden geçme. Beýle etseň bize-de kynçylyk döredersiň, biziň ählimiziň ýok bolmagymyz mümkin” diýip, birnäçe gezek tabşyrdy» diýip, Ýan Limen aýdýar. Ýan Limeniň sözüne görä, onuň işlän laboratoriýasynyň direktory BSG hem professor Malik Peýris bilen habary bolupdyr, muny hemmeler bilipdirler hem ýagdaýa düşünipdirler, ýöne hiç bir iş etmändirler. Geň tarapy, häzir BSG wekilleri hiç bir zady ýaşyrmadygyny aýdýarlar. Gaýtam munuň tersine, onuň hem kärdeşleriniň hiç wagtda Bütindünýä Saglyk Guramasy bilen işleşmedigini öňe sürüp, Ýan Limeni ýalan maglumat bermekde aýyplaýarlar.

Pekinde ýaňadan öjügen täze koronawirus döwründe adamlar analiz tabşyrmak üçin nobata durýarlar. 2020-nji ýylyň 30-njy iýuny.

Ýan Limen Fox News telekanalyna beren interwýusynda dünýä hakykaty aýtmak barada özünde jogapkärçilik duýandygyny mälim etdi. Ol ABŞ-da ýaşaýan, asly Hoň Koňdan bolan belli bloger Lýu De bilen gepleşmegi başarypdyr. Ol bolsa Ýana gyssagly suratda Hytaýdan çykmagy, mümkin bolsa ABŞ gelmegi maslahat beripdir. Diňe şol ýagdaýda onuň täze wirus baradaky garaýyşlaryny açyk aýdyp biljekdigini düşündiripdir.

Ýan Limen Hytaýdan gaçmagy ýüregine düwende, onuň bilen bir laboratoriýada işleýän adamsy aýalynyň Lýu De bilen telefonda gepleşenine örän gaharlanypdyr. Ol bolsa adamsyna ýurtdan çykmagy ýalbaryp teklip edipdir. «Ol muňa gaty gaharlandy. Meni pikirimi üýtgetmäge çagyrdy. Ol “biziň barymyzy öldürerler” diýip maňa gygyrdy». Muňa garamazdan Ýan uçar biletini alyp, apreliň aýagynda ABŞ uçmagy başarypdyr.

Ýan FBI-niň dürli soraglaryndan geçip, ABŞ-da galmaga pursat alýan wagty, onuň Hytaýda galan hossarlary agyr ýagdaýy başdan geçiripdirler. Hususan-da, Hytaýyň ýörite gullugynyň işgärleri onuň ýaşan kwartirasyny dör-dök edipdirler, hossarlaryny soraga çagyrypdyrlar. Ýan ejesi bilen kakasyna jaň edeninde, olar gyzynyň yzyna dolanyp gelmegini, hiç bir gep-gürrüňsiz hökümete boýun bolmagyny ýalbaryp sorapdyrlar. Hoň Koň uniwersiteti bolsa öz saýtyndan Ýan Limeniň sahypasyny aýrypdyr hem onuň iş poçtasyna girmegini petikläpdir.

Uniwersitetiň wekili Ýan Limeniň indi olaryň işgäri däldigini aýdyp, berlen beýleki soraglara jogap bermekden ýüz öwrüpdir, diňe «öňki kärdeşi bolanynyň hatyrasyna» özüniň şahsy maglumatlaryny aýan etmejegini aýdypdyr. «Doktor Ýan Limen COVID-19 wirusynyň ol adamdan beýleki adama geçmegi meselesinde 2019-njy ýylyň dekabryndan, 2020-nji ýylyň ýanwaryna çenli hiç hili barlag işini alyp barmady» diýip, Hoň Koň uniwersitetiniň saýtynda aýdylýar.

Material AÝ/AR-nyň Rus gullugynyň žurnalisti Alekdsandr Gostew tarapyndan taýýarlandy.