“Pagta çürtümine oba hojalyk edaralary, suw edara, komunalnyý edara, hassahananyň işgärleri pul tabşyrmaly boldular” diýip, habarçy aýtdy.
Bu döwlet edara kärhanalarynda her bir işgärden häkimiýetler tarapyndan ýygnalýan puluň möçberi 30 manat.
Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän gowaça ekininiň çürtüm işlerine iýulyň ahyrlarynda, awgustyň başlarynda bat berilýär. Soňky ýyllarda häkimiýetler ýurduň pagta önümçiliginde raýatlaryň mejbury zähmetinden peýdalanmak işlerini çürtüm döwrüne çenli öňe çekdiler. Ýurtda ykdysady kynçylyklar ýitileşýän wagty, bu ýyl Maryda häkimiýetler býujet işgärlerinden “çürtüm bahanasy” bilen pul çöpleýär. Geçen ýyllarda döwlet edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary bu çöplenýän pullaryň hasabyna çürtüme çekilýän býujet işgäriniň ornuna hakyna tutma işçi goýberilýändigi aýdýardylar.
Eýsem, puly kim ýygnaýar? Nädip ýygnaýar? Anyk näme sebäp bilen ýygnaýar? Pul ýygnamak işi nähili ýerine ýetirilýär? Bu talap haçana çenli dowam edýär?
Degişli maglumat Marynyň demirýol edarasynda işçilerden pagta üçin dilden görkezme esasynda adam başyna 40 manatdan pul ýygnalýarHabarçynyň maglumatlaryna görä, Marynyň döwlet edara-kärhanalarynda çürtüm üçin her işgärden 30 manat möçberinde puly edara ýolbaşçylary talap edýär.
Ýöne geçen ýyllardan tapawutlylykda bu ýyl Marynyň ykdysady çökgünlikden, ýiti nagt ýetmezçiliginden ejir çekýän býujet işgärleri çürtüme pul bermäge derek, özleriniň köpçülikleýin häsiýetde gowaçanyň mejbury çürtüm işlerine gatnaşmaga isleg bildirýändiklerini aýdýarlar.
“Işgärler öz nägileliklerini bildirip, pul bermäge ýagdaýlarynyň ýokdugyny aýdýarlar. Pagta çürtümine özleriniň gitjekdiklerini başlyklara duýduýarlar” diýip, radionyň habarçysy özi bilen söhbetdeş bolan ençeme býujet işgäriniň sözlerine salgylandy.
Ýöne edara başlyklary muňa razy bolmaýar. Habarçy bilen söhbetdeş bolan ençeme býujet işgäriniň tassyklamagyna görä, edara başlyklary işgärlerden pul talap edýär we özlerine-de şeýle “buýrugyň ýokardan” berilýändigini düşündirýärler.
Degişli maglumat Maryda býujet işgärlerinden ýene pul ýygnalýar, bu gezek ‘tebigaty goramak’ üçin...Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran maryly bir býujet işgäri bu talaplara boýun bolmadyk işgärlere ýolbaşçylar tarapyndan işden kowulmak haýbatynyň atylýandygyny gürrüň berdi.
Bu aralykda, çürtüm üçin pul talap edilýän işgärleriň ençemesi öz aýlyklaryny nagtlaşdyryp bilmeýändiklerini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanda bankomatlardan pul nagtlaşdyrmagyň kynçylyklary barada yzygiderli habar berip gelýär.
“Igärler ‘aýlyklarymyzy nagtlaşdyryp bilemizok, biz nädip bereli’ diýseler, edara başlyklary ‘bizi ol problemaňyz gyzyklandyranok, işlejek bolsaňyz, döwlet syýasatynyň ähli çärelerine gatnaşmaly bolarsyňyz’ diýip, aýdýarlar” diýip, habarçy gürrüň berdi.
Halkara hukuk toparlary Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmagyny ýyllarboýy tankytlap gelýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.