Paýtagtda COVID-19 keselli hassalar üçin niýetlenen karantin zonasyna iki hepdeläp işlemek üçin iberilýän lukmanlar mümkin boldugyndan gitmejek bolýarlar. Bu wagtda ilat köpçüligi lukmanlara ýüz tutmakdan howatyrlanyp, öýlerinde bejergi almaga çalyşýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary habar berýärler. Ýurduň ýolbaşçylarynyň resmi beýanyna görä, ýurt "koronawirusdan azat" bolmagyna galýar.
Saglyk işgärleri bilen söhbetdeş bolan Aşgabatdaky habarçymyz, lukmanlaryň 15 günlük iş sapary bilen "Polimeksiň" öňki binasyna koronawirus bilen kesellänleri halas etmek üçin iberilmezlik üçin sebäp gözleýändigini habar berýär.
Lukmanlar öz islegsizligini karantin zolaklarynda işlemegiň gaty kyn we howpludygy bilen düşündirýärler. Üstesine, olar öz saglygyna kepil geçilmeýändigini we maddy taýdan özlerine goldaw berilmeýändigini aýdýarlar.
"Sosial ýeňillikler, iş wagtyndan artykmaç işläniň üçin tölegler, çykdajylaryň öwezini dolmak, kesel ýokaşan halatynda kompensasiýa ýaly zatlar ýok. Saglyk ministrliginiň ýokary wezipeli ýolbaşçylary lukmanlary işletmek üçin gamçy usulyny ulanýarlar, ýöne höweslendirjek bolmaýarlar" - diýip, Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan lukmanlaryň biri aýtdy.
Degişli maglumat COVID-19 sebäpli Türkmenistanda adamlar ölýär, ýurduň ýolbaşçylary keseli ret edýär, daşary ýurt kompaniýalary ofislerini ýapýar
Emma Aşgabadyň saglyk işgärleri işini ýitirmekden gorkup karantinlerde işlemäge mejbur bolýarlar.
"Saglygy saklaýyş ministrliginiň we şäher häkimliginiň ýolbaşçylary ultimatum edýärler, nirä iberilse işlärsiňiz, ýogsam gaçgak lukmanlar işden kowular we hiç haçan saglygy goraýyş pudagynda işlemezler. Dikeldilmezden işden çykarylar diýýärler" -diýip habarçymyz lukmanlara salgylanyp aýdýar.
Habarçylarymyzyň maglumatyna görä, COVID-19 keseliniň testleri oňyn netije görkezen hassalar, ozal “Polimeks” türk kompaniýasynyň eýeçiliginde bolan binada ýerleşýän karantin zolagyna iberilýär. Karantin takmynan 1000 adama niýetlenýär. Bu karantin zolagynda işlemek we şol ýerde bejergi almak üçin şertler agyr. Dem alyş problemalary bolan näsaglary goldamak üçin gurallar, bejermek üçin dermanlar ýeterlik däl.
Koronawirusyň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýän ýurduň häkimiýetleri ýurtdaky keselçilik derejesine degişli umumy statistiki maglumatlary hem çap etmeýärler, žurnalistlere resmi kommentariý bermekden saklanýarlar.
Bu aralykda Mary welaýatynda ýerli ilat köpçüligi medisina edaralaryna ýüz tutmakdan we lukmanlardan kömek soramakdan gorkýar we öýde bejergi almagy makul bilýär.
Habarçymyz şeýle diýýär: “Ýaşaýjylar hassahana gitmekden gaty gorkýarlar we bu sebäpli öýde bejergi alýarlar. Eger adamyň öýde gyzdyryp ýatandygyny bilseler, tiz kömegiň ýany bilen polisiýa hem gelýär we hassany alyp gidýärler".
Häzirki wagtda regionda COVID-19 alamatly keseliň ýaýramagy dowam edýär. Gitdigiçe ölüm hadysalary köpelýär.
"Tiz kömek işgärleri ýeterlik däl, olar ýetişiksiz günde işleýär. Pidalar köp, olaryň arasynda ýaşlar hem bar. Ýokanç keseller hassahanalarynyň hemmesi diýen ýaly ýapylýar, hassalar kabul edilmeýär. Käbir etrap hassahanalary çaga dogrulýan öýleri, bejeriş bölümlerini ýapýar. Koronawirusly näsaglar bu bölümlere getirilýär. Lukmanlar dermanlaryň asla ýokdugyny, nädip bejermelidigini bilmeýändiklerini aýdýarlar" diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy 31-nji iýulda gürrüň berdi.
Azatlyk bilen adynyň efirde tutulmazlygyny sorap, söhbetdeş bolan Marynyň ýaşaýjysy öz ýakyn garyndaşynyň ölendigini gürrüň berdi: “Düýn garyndaşlarymyň biri koronawirusdan öldi, 70 ýaşyndady. Sebit ýokanç keseller keselhanasynda. 29-njy iýulda alyp gitdiler, şu gije bolsa jaň etdiler. Gije jesedini almaga gitdiler, ýöne hassahanada ony berilmediler, irden tiz kömek ulagynda getirdiler. Merhumy dessine köçeden tabyda salyp, gonamçylyga eltip jaýladylar. Ýasynda adam gaty azdy" diýip, söhbeteşimiz gürrüň berdi.
Maryň häkimiýetleri ilatyň maska dakynmak talabyny güýçlendirýärler.
Habarçymyz 1-nji awgustdan başlap, Marynyň ýaşaýjylarynyň, öýlerinde bolanda-da maska geýmäge mejbur bolýandygyny we maskalary ýok bolsa jerime salynjakdygyny we bu barada häkimiýetlerden duýduryş berlendigini aýdýar.
Degişli maglumat 'Mazarlar tekiz bolmaly'. Ölüm köpelen wagtynda Türkmenistanda jaýlamak boýunça täze talap girizilýär
Lebap welaýatyndaky hassahanalarda-da adam köp, hassalaryň arasynda göwreli aýallar hem bar. Bu döwürde etrap lukmanlary ilata wirusa garşy dermanlary paýlap, jaýlara aýlanýarlar, häkimiýetler köp adamly ýerleri çäklendirýärler.
"Gelýän hassalar kän, bazarlary ýapýarlar. Häzirki wagtda dermanhanalar şäheriň etraplaryna derman paýlady we lukmanlara derman paýlamagy buýurdy. Etrap hassahanalaryna "Grippferon", "Rimantadin" berildi, ýöne ýeterlik däl. Derman serişdeleriniň hemmesi Orsýetiň önümi"- diýip habarçymyz aýdýar.
Onuň sözlerine görä, öňküsi ýaly, Türkmenabatdaky Köpugurly hassahanada COVID-19 alamatlary bolan näsaglar köp, olaryň arasynda lukmanlar hem bar. Ýerli medisina işgärleriniň köpüsi işlemekden howatyrlanýarlar, hatda işden çekilýärler.
Lebapda keselleýänler Darganata, Gazojak we Dänew etraplarynda köp.
Degişli maglumat Türkmenistanda Gurban baýramy 'kagyz ýüzünde' bellenilýär
Türkmenabatda kafeler, barlar, söwda merkezleri ýapyk. Gonamçylyklar hem ýapylýar.
“Ertir Gurban baýramy, biz her ýyl gonamçylyga gidýärdik, ýöne şu ýyl ýerli häkimiýetler adamlara gonamçylyga barmagy gadagan etdiler. Gonamçylyklar öň hiç haçan ýapylmandy "- diýip habarçymyz aýtdy.
Häzirki wagtda Lebapda käbir döwlet edaralary karantine ýapylýar we olaryň ýolbaşçylary we işgärleri koronawirus synaglaryndan geçirilýär.
"28-nji iýulda Lebap welaýatynyň saglygy saklaýyş bölüminiň ähli işgärleri, şol sanda baş lukmany synagdan geçdi. Netijeler belli däl, emma şu gün gurama ýapyldy” diýip, habarçymyz 31-nji iýulda gürrüň berdi.
Azatlygyň çeşmelerine görä, Farapdaky karantin zonasynda saklanýan daşary ýurtlular hem koronawirus synaglaryndan yzygiderli geçirilýär. Hususan-da, iki hepde mundan öň Aşgabatdaky gurluşyk meýdançalarynda işlemek üçin Türkmenistana baran “Bouygues” fransuz kompaniýasynyň işgärlerinde koronawirusy anyklamak boýunça soňky testlerde kesel tapylmandyr.
"Türk we fransuz raýatlarynyň synaglary negatiw netije berdi" diýip, ygtybarly çeşme gizlinlik şerti bilen Azatlyga 31-nji iýulda habar berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.