Türkmenistanlylar 31-nji iýulda, 1-nji we 2-nji awgustda, üç günläp Eid al-Adha, ýagny Gurban baýramyny belleýärler. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken karary esasynda beýleki musulman ýurtlaryndakydan bir gün giç başlanýan baýramçylyk günleri iş güni däl diýlip yglan edildi.
Emma koronawirus pandemiýasy we ýurtdaky ykdysady kynçylyklar Gurbanlygyň öňki ýyllardaky şowhunyny, dabarasyny azaldana meňzeýär.
“Bu ýyl Gurban baýramy diňe kagyz ýüzünde bellenilýär. Baýram günleri köpçülikleýin ýerlerine barmak gadagan edildi. Her ýyl gonamçylyklara baryp, dünýäden öten ýakynlarymyza doga-dileg ederdik, muny hem gadagan etdiler” diýip, lebapdaky habarçylarymyzyň biri 31-nji iýulda gürrüň berdi.
Galyberse-de, şu hepdäniň dowamynda ýurduň dürli künjeklerinde Gurban baýramyny ‘öýde bellemelidigi, dogan-garyndaşa, goňşy golama çykmaly däldigi’ barada duýduryşlar peýda boldy.
Şeýle-de Türkmenistanyň mobil operatorynyň ýaýradan ýörite sms-inde ‘Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde köpçülikleýin çäreleri çäklendirip, her bir maşgalanyň bu baýramçylygy öz öýünde geçirmegi maslahat berildi’.
Bu çäklendirmeleriň ‘häzirki wagtda howanyň düzümindäki ynsan saglygyna zyýan beriji tozan bölejikleriniň kadadan artmagy’ sebäpli girizilendigi bilen düşündirildi. Bellesek, ýurtda ýekeje-de koronawirus ýagdaýynyň hasaba alynmandygyny aýdýan türkmen resmileri, COVID-19-yň tutuş dünýäde ýaýrap başlamagyndan alty aý çemesi soň, ýaşaýjylardan maska dakynmak we sosial aralygy saklamak talaplaryny hem hut şu “zyýan beriji tozan bölejikleri” bilen esaslandyrdylar.
Bellesek, Azatlygyň ozal-da habar berişi ýaly din wekilleri Gurban baýramynda köpçülik çäreleriniň ýatyrylmak ähtimallygy barada şu aýyň başynda duýduryp başlapdylar. Ýöne olar muny koronawirus pandemiýasy bilen gönüden-göni ilteşdirmän, ilatyň ykdysady ýagdaýy bilen düşündirmäge synanyşypdylar.
Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçylary ykdysady kynçylyklaryň 3-5 ýyl bäri dowam edýändigini tassyklap, köpçülikleýin baýramçylyk çärelerini ýatyrmak düzgüniň ilkinji gezek şu ýyl, koronawirus pandemiýasynyň fonunda, ara alnyp maslahatlaşylandygyna ünsi çekdiler.
Soňky döwür ykdysady we maliýe krizisiniň ýitileşmegi, iş orunlarynyň kemeldilmegi netijesinde artan işsizlik hem bu ýylky Gurban baýram dabaralaryna öz düzedişlerini girizdi.
Türkmen halkynyň arasynda däp bolan urp-adatlara görä, Gurban baýramynda türkmenistanlylar esasan et önümlerinden bişirilýän nahar taýýarlap, olary dogan-garyndaşlaryna, tanyş-bilişlerine we goňşy-golama hödür-kerem edýär, köpçüligi çagyryp söwüş edýär.
“Soňky ýyllarda gapysynda janly öldürip, gurbanlyk edýän adamlar gaty azaldy. Öňler öý başyna gurbanlyk edilen bolsa, indi köp adamyň muňa gurby çatmaýar” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmesi 31-nji iýulda maglumat berdi.
Mundan başga-da, gurbanlygyň birinji gününde metjitlerde köpçülikleýin ýagdaýda okalýan Baýram namazlary hem ýatyrylyp, şol gün janly öldürmek hem gadagan edildi.
“Müftüligiň bir ygtyýarly wekiliniň aýtmagyna görä, bu ýyl janlylary Gurban baýramynyň ikinji we üçünji günlerinde öldürmek maslahat berlipdir” diýip, aşgabatly çeşmämiz aýtdy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Bu aralykda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gurban baýramy mynasybetli ugradan gutlagynda, bu baýramyň ähmiýeti barada giňişleýin durup geçip, munuň bilen baglylykda girizilen çäklendirmeler dogrusynda kelam agyz söz aýtmady. Muňa derek, ol gutlagynda ‘durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny’ ynandyrmaga synanyşdy.
Şol bir wagtda, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň, amerikan halkynyň we ilçihananyň işgärleriniň adyndan türkmen halkyny Gurban baýramy bilen gutlady.
Ilçi Мettýu S. Klimowyň 30-njy iýulda ilçihananyň websaýtynda çap bolan gutlagynda, bu agyr günlerde gurban bermegiň we hatyralamagyň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny belledi. Ol Birleşen Ştatlarda we Türkmenistanda köpleriň ýakynlaryny we jemgyýetleriniň ejiz agzalaryny goramak üçin adaty däplerinden ýüz öwürmegi saýlap alandyklaryny hem nygtady.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we bütin dünýäde COVID-19 pandemiýasynyň ykdysady täsiri sebäpli Gurban baýramynyň rehimdarlyk we hoşniýetlilik däpleri aýratyn ähmiýete eýe bolýarlar, diýip Ilçi Мettýu S. Klimowyň gutlagynda bellenilýär.
Maglumat üçin aýdylsa, şu ýyl Saud Arabystany Mekke şäherinde her ýyl geçirilýän haj zyýaratyna gatnaşmaga rugsat berilýän adamlaryň sanyny, koronawirus pandemiýasy sebäpli, azaltmaga mejbur boldy. Adatça her ýyl haj zyýaratyna gatnaşmak üçin 2 milliondan gowrak musulman Mekke şäherine syýahat edýärdi. Maglumata görä, bu ýyl haj zyýaratyna 1 müňden 10 müň aralygynda musulman gatnaşar.
Degişli maglumat 'Mazarlar tekiz bolmaly'. Ölüm köpelen wagtynda Türkmenistanda jaýlamak boýunça täze talap girizilýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.